TÜRKMENISTANYŇ B.AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznahanasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär. Kitaphanada kataloglar ulgamy döredilýär, ýaş okyýjylaryň okaýşyna ýolbaşçylyk etmegi gowulandyrmak maksady bilen köp çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, kitaphananyň işi täze many-mazmuna eýe bolýar. Işiň esasy ugurlary türkmen halkynyň ruhy mirasyny, onuň taryhy geçmişini, milli däp-dessurlaryny wagyz etmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watançylyk duýgusyny terbiýelemeklige gönükdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy iri medeni ojaklaryň biri bolup, çagalar we ýetginjekler bilen işlemek boýunça usuly merkez bolup durýar. Kitaphana görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak, neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin taýýarlanylýan ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirlere, çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga çekmek babatdaky esasy işini guramaga täzeçe çemeleşmek işini amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlary we mekdep okuwçylary üçin döredýän şertleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde möwsümleýin guralýan dynç alyş çärelerinde kitaphananyň hünärmenleri öz wezipesine girýän işleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek iş ugurlarynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, bu çäreleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde olaryň okyjy toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen guramagy däbe öwürdi.

Hazyna

B.Amanow ad. Çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň baý hazynasyna eýedir – 250.000 gowrak hazyna birligi bar, olaryň içinde kitaplar, žurnallar, gazetler, ses ýazgyly materiallar, türkmen, rus, şeýle hem daşary ýurt dillerindäki neşirler bar. Her ýyl kitaphana 3 müňe golaý hazyna birligi gelip gowuşýar. Ýaş okyjylaryň ýaş aýratynlyklaryny, gyzyklanmalaryny we isleg-talaplaryny nazara almak bilen kitaphana hazynasyny toplamak bölümini döredýär. Toplamaklygyň esasy çeşmesi hökmünde “Galkynyş” kitap merkezi bolup durýar. Kitaphananyň hazynasyny dolmak üçin beýleki çeşmeler – kitap dükanlary, dürli Ministrlikler we pudak edaralary hem peýdalanylýar. Kitaphananyň hazynasy esasy we golasty hazynalaryna bölünýär. Esasy hazyna özüniň düzüm gurluşy boýunça, neşirleriň görnüşleri boýunça bölünýärler: kitaplar, gazetler, žurnallar, notalar, ses ýazgylary; bilimleriň pudaklary boýunça, diller boýunça, kitap saklanýan bölüminiň garamagynda we ýöriteleşdirilen sungat bölüminde saklanýar. Okyjylara tizara hyzmat etmek maksady bilen okyjylar zallarynda we ýöriteleşdirilen sungat bölüminde golasty hazynalar döredilen. Ol ýerde edebiýatlar okyjylaryň isleg-talaplaryna we döwrüň talabyna laýyklykda täzelenip durulýar. Golasty hazynalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, dürli sowal-jogap kitaplary, sözlükler, ensiklopediýalar, hökümet resminamalarynyň ýygyndylary, pudaklaýyn edebiýatlar goýulýar.

Maglumat-gözleg apparaty (kataloglar we kartotekalar)

Kitaphananyň umumy hazynasyny doly açmak we peýdalanmak üçin maglumat- gözleg apparaty – (kataloglar we kartotekalar) ýardam berýär. Kataloglar we kartoteklar esasy golasty hazynalaryny şöhlelendirýär, okyjylara bar bolan edebiýatlar barada maglumat berýär, kataloglar ulgamy iki görnüşi öz içine alýar: elipbiý we pudaklaýyn. Katalogda kartoçkalar katalogyň adyna laýyklykda kesgitli tertipde ýerleşdirilýär. Elipbiý katalogynda – awtorlaryň we eser atlarynyň ady boýunça (eger awtor görkezilmedik bolsa) elipbiý boýunça ýerleşdirilýar. Pudaklaýyn katalogda kartoçkalar UOK tablisasyna laýyklykda bilimleriň pudaklary boýunça bölünen.

Kitaphanada şu aşakdakylar ýaly okyjylar kataloglary bar: Türkmen dilindäki edebiýatlaryň katalogy. Türkmen dilindäki pudaklaýyn katalog. Baş elipbiý katalogy. 5-11 synp okuwçylary üçin elipbiý katalogy. 5-11 synp üçin pudaklaýyn katalog. 1-4 synp üçin pudaklaýyn katalog. Mekdebe çenli ýaşlylar we 1 synp okuwçylar üçin elipbiý katalogy. 5-11 synp okuwçylary üçin eser atlary katalogy. Mekdebe çenli ýaşlylar we 1-4 synp okuwçylar üçin eser atlary katalogy. Türkmen dilinde edebiýatlaryň eser atlary katalogy. Eger katalog kitaphananyň hazynasynda bar bolan neşirleriň sanawyny açyp görkezýän bolsa, onda kartotekalar gazet-žurnal makalalaryny şöhlelendirýärler we şunuň bilen birlikde kataloglaryň üstüni ýetirýärler. Kitaphanada türkmen we rus dilinde gazet we žurnal makalalarynyň pudakjlaýyn kartotekasy bar.

Okyjylara hyzmat etmek

Okyjylara hyzmat etmeklik ýaş aýratynlyklaryny we pudaklaýyn ulgamlaşdyrmany nazara almak bilen 3 sany okalga zalynda alnyp barylýar. Okyjylaryň esasy düzümi 1-11 synplaryň okuwçylary, tehnikumlaryň talyplary, çagalar okaýyşynyň ýolbaşçylary (çagalar bagynyň terbiýeçileri, mekdep mugallymlary) bolup durýar. Okyjylara hyzmat etmek üçin şu aşakdaky okalga zallary peýdalanýar: Mekdebe çenli we 1-4 synp synplar üçin okalga zaly. 5-11 synp synplar üçin okalga zaly. Sungat bölüminiň okalga zaly. Okalga zallarynda açyk golasty hazynalar gurnalan. Okalga zallarynyň golasty hazynasy has köp soralýan edebiýatlar, orta mekdep okuwçylary üçin okuw kitaplary bilen üpjün edilen.

1976-njy ýylda kitaphanada nota neşirleriniň bölümi açylýar, soňy bilen ol sungat bölümi diýlip atlandyrylýar. Sungata degişli dürli kitaplardan, sowal-jogap neşirlerden başga-da, sungat bölüminde nota neşirleri, ses ýazgylary, diskler we izomateriallar bar. Bölümde giň gerimde sowal-jogap kitapnama apparaty jemlenen. Ol öz içine şu aşakdakylary alýar: okyjylar üçin nota neşirleriniň elipbiý we pudaklaýyn katalogy, ses ýazgylarynyň we izomateriallaryň elipbiý we pudaklaýyn katalogy. Kitaphana ähli okalga zallarynda kitap-bezeg sergilerini, söhbetdeşlikleri guraýar, edebiýatlaryň syny, edebi-sazly agşamlar, wiktorinalar, okyjylar konfrensiýasy, maslahatlar geçirilýär ýazyjylar, ylym işgärleri, medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar geçirilýär. Hyzmat ediş bölümlerinde abonementler işleýär. Abonementleriň üsti bilen kitaplar 10 günlük öýe berilýär. Kitaphana Türkmenistanyň çagalar kitaphanalary üçin kitaphana-kitapnama işiniň ähli ugurlary boýunça usuly ýolbaşçylyk wezipesini ýerine ýetirýär. Bu çagalaryň okaýyşyna ýolbaşçylyk etmek, okyjylara hyzmat etmekligi guramak we ş.m. ybaratdyr. Işiň sanalyp geçilen ähli ugurlary kitaphananyň usuly-kitapnama bölümi ýerine ýetirýär. Kitaphana işiniň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmeklige, ýurduň kitaphanalarynda okyjylara hyzmat etmekligiň hilini ýokarlandyrmaklyga usuly-kitapnama materiallaryny taýýarlamak we neşir etmek ýardamyny berýär. Türkmenistanyň çagalar kitaphanalaryna usuly we amaly kömegi bermek maksady bilen B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň welaýatlaryna saparlary amala aşyrýarlar. Köpugurly kitaphananyň işi onuň işgärleriniň agzalaryna bagly bolup durýar. Kitaphananyň hünärmenleri ýaş okyjylarda kitaba we bilime bolan söýgüsini döredýärler. Kitaphana öz döwrüniň taryhy ýoluny geçip, çagalaryň kitaplar köşgüne öwrüldi.

Usuly kitapnama bölümi çagalara hyzmat etmekdäki goldawy.

⦁ Usuly kitapnama bölümi:kitaphana hünärmenlerine, çagalara hyzmat ediş bölümine, çagalar okaýşyň hünärmenlerine, bilim ulgamyndaky kitaphana hünärmenlerine ýörite çäreleri guraýar.

⦁ Bularyň hemmesi, aglabasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň kömegi bilen ýerine ýetirilýär:

⦁ Kitaphananyň direktory çagalara hyzmat ediş bölümi bilen gündelik maslahaty geçirip durýar.

⦁ Kitaphana hünärmenleri, çagalara hyzmat ediş bölümi, raýatlar bilen hem gündelik maslahat geçirip durýarlar.

⦁ Kitaphananyň ylmy-usuly gollanmalaryny çagalara hyzmat ediş bölümi üçin işläp taýýarlaýar we tejribede ornaşdyrýar.

⦁ Kitaphananyň usuly-kitapnama bölümi “Metodiçeski portfel” elektron maglumatlar bilen doldurýar.

⦁ Çagalara hyzmat ediş bölüminiň hazynasyna yzygiderli, tertip düzgün boýunça gatnaşýar.

⦁ Kitaphananyň çagalara hyzmat ediş bölüminiň soragy boýunça usuly güwänamalary taýýarlanylýar we ara alyp maslahatlaşylýar.

⦁ Türkmenistanyň çägindäki ähli kitaphanalar bilen aragatnaşyk saklanylýar we medeni çäreler gurnalýar.

⦁ Kitaphanaşynaslyk hem sosiolistik barlag, etrap kitaphanalarynyň çagalara hyzmat ediş bölümini kabul edýär we ýardam berýär.

⦁ Kitaphana hünärini kämilleşdirmekde, ýokary galdyrmakda kwalifikasiýa ýardam edýär we hünärmenler öz synag, tejribe döwründe, çagalar bilen guramaçylyk işini ýola goýýar.