27
Aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde “Täsin çagalar ýurdy” – atly
Rus çagalar ýazyjysy Sergeý Mihalkowyň d.g. 115 – ýyllygy mynasybetli
söhbetdeşlik geçirildi.
Sergeý Mihalkow tanymal rus çagalar ýazyjysy. Şahyr ilkinji
goşgularyny eýýäm 15 – ýaşyndan bäri gazet-žurnallarda çap edilipdir.
Çagalara uly hormat goýan şahyr onuň goşgularynda çagalar biziň
gelejegimiz diýip belläp geçipdir. Şahyryň sada ýüregi we durmuşda
dogrudan-dogry goşgulary yazmana ýardam beripdir. Şahyryň
goşgulary parahatçylyk, dostluk, belli pursatlar we başdan geçirmeler
hakda bolupdyr. Sada dilinde ýazylan goşgular hemme çagalar üçin örän
düşünükli bolupdyr. Şahyr çagalar bilen bir dilde gürleşmäni
başarypdyr. Alyp baryjy mundan başgada şahyryň gyzykly goşgularyny
okuwçylara okap berdi. Kitaphananyň hünärmenleri şahyryň
eserlerinden sergi gurnadylar. Hormatly Prezidentimiz Dünýä
edebiýatyna hormat goýýan Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany
sag, başy dik, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
19
Aprel
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň döreden milli
gymmatlyklaryna, halk çeper döredijiligine aýratyn sarpa goýulýar.
Gadymdan gelýän el işlerini çuňňur öwrenmek, olaryň taryhy we medeni
ähmiýetini halk köpçüligine giňden ýaýmak, ýaş nesillerimiziň milli
mirasymyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmak döwrümiziň maksady
bilen “Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly döredijilik bäsleşigi ýaş
gelin-gyzlaryň çeper el işleri, mähriban Watanymyzyň ösüşlerini, bagtyýar
ýaşlygy belentden wasp etmek, ýaş nesillerimizi türkmeniň asylly
ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada döredijilik bäsleşigi
geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasynyň Usuly kitapnama bölüminiň bölüm müdiri Garajaýewa
Gülälek we kitaphananyň kitaphanaçysy Mämmedowa Gülnar çeper el
işleri hem-de halk döredijiliginden hüwdi ýerine ýetirip baýrakly orunlara
mynasyp boldylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden
daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup
ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
15
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen
“Magtymgulynyň älemi” ady bilen okuwçylaryň arasynda şygyr bäsleşigini geçirdi.
Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk şahyrlar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de
Pyragynyň şygyrlaryndan nusga alyp, ýaşajyk kalplaryndan dörän öz ýazan şygyrlary
esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan
sowgatlar gowşuryldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar
esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem döredijilik dünýäsine täze gadam basan ýaşajyk
şahyrlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we
döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge şeýle-de ýaş nesilleriň zehini açyp
görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap
eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
12
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen
“Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň özüne çekiji gözelligi, ösümlik dünýäsi
hem-de melhemlik aýratynlyklaryndan ylham alyp döreden “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltlik eserinde beýan edilýän tebigatymyzyň baý
ösümlik dünýäsi, dermanlyk aýratynlyklary olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaşaýşy,
himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy,
ýygnamagyň möhleti, saklamagyň usullary we düzgünleri, ekologik ähmiýeti,
aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşanlar
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli
bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda
alnyp barylýan işler barada buýsançly nygtadylar.Gurnalan kitap sergisi hem uly
täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden
daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup
ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
06
Aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
hünärmenleri Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde ýaşajyk
okyjylaryň arasynda “Sagdyn nesil-sagdyn ýurt!”- atly Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli gürrüňdeşlik geçirdiler.
7-nji aprel Bütindünýä saglyk günüdir. Bitarap Türkmenistanda hem her
ýyl bu sene uly dabara bilen bellenilýär. Çagalaryň arasynda sagdyn
durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek,
ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak,
zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç
etmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil
ýörelgeler dogrusynda okyjylara maslahat berildi. Şu söhbetdeşligimizde
kitaphananyň hünärmenleri hem saglyga degişli kitaplardan sergi
gurnadylar.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýaş neslleriň sagdyn ösüp-ulalmaklary
ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly
Arkadagly Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
05
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň “Ruhnama” adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň
okuwçylary bilen türkmeniň milli saz guraly dutaryň ýasalyşy, dutar saz guralynda
çalynýan sazlar hem-de türkmen bagşylary barada “Dutaryň inçe syrlary” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan
aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu jadyly senediň il içinde neneňsi hormata eýe
bolandygy, irginsiz zähmeti talap edýän dutaryň ýasalyş aýratynlygy, dutary ýasamak üçin
tut agajynyň saýlanyp alynyşy barada täsirli gürrüňler berdi. Şeýle-de türkmen aýdym-saz
sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada gyzykly söhbet
edildi. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Sergide
türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”,
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji
ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz
etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
02
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen ussat dramaturg Bazar
Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, “Ol sahnada ýaşaýardy” ady bilen
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz talyplara Bazar Amanowyň
ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ussat artist, dramaturg Bazar
Amanowyň janlandyran sahna oýunlaryndan pursatlar, fotosuratlar esasynda gurnalan sergi
bilen ýakyndan tanyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş
nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
18
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli “Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy”
atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabaranyň dowamynda mekdebiň
höwesjeň talyplarynyň gatnaşmagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli gyz-
gelinleriň arasynda Nowruz baýramyna mahsus bolan milli tagamlary taýýarlamak
esasynda bäsleşik geçirildi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly ,
şowhunly çykyşlar boldy. Gyzlaryň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy dabara
gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi
hem uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende
göterýän, milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
24
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
öz okyjylary bilen bilelikde “Gözellige baý tebigatym”-atly söhbetdeşlik
geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly
mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý
tapylgysyz tebigatynyň bardygyny okyjylara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde
Türkmenistanyň goraghanalary barada hem gyzykly gürrüň edildi we ülkämiziň
gözel tebigatyna degişli kitap sergisi gurnaldy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
16
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda
Milli Bahar baýramy Nowruz baýramy mynasybetli “Güllerden nagyş
edip, ilim Nowruz toýlaýar” – atly edebi söhbetdeşlik geçirdiler.
Nowruz baýramy bu ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramydyr. Bu
edebi söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri Nowruz bilen
baglanşykly gyzykly rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen gyzykly
söhbetdeşlik geçirdiler we “Bahar geldi ülkäme” ady bilen Milli bahar
baýramyna bagyşlanan kitap sergisini gurnadylar.
Tebigatyň älemlerine ýaýýan Nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi
bilen goşalandyran Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň
belent başy aman bolsun!
15
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýurdumyzyň welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Kämil ýaşlar
ertirki güne ynam” atly onlaýn maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda
kitaphana hünärmenleri ýaşlarda kitap okamaklyga bolan endigi has-da artdyrmak,
olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda alyp barýan işleri
babatda özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de ýaşlaryň ünsüni çekjek, olarda täsir
galdyrjak sergileri gurnamak, köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri geçirmek babatda
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýeriene ýetirilmeli meýilnamalaýyn
işleriniň ýerine ýetirilişi bilen maslahatlaşdylar. Şeýle-de kitaplaryň gaznalarda
saklanyşy, kataloglaryň ýerleşdirilişi, okyjylary hasaba almakda, olara hyzmat
etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda kitaphana hünärmenleri özara tejribe
alyşdylar.
Onlaýn maslahatyň ahyrynda döwrüň ösen tehnologiýalarynyň kömegi bilen
onlaýn maslahatlary geçirmäge, okyjylaryň okamaklyga bolan isleglerini
kanagatlandyrmaga ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynda şeýle-de
paýtagtymyzda ýerleşýän kitaphanalarda giň mümkinçilikleri döredip berýän
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda
8-nji mart baýramçylygy mynasybetli “Gülzemin” dynç-alyş
söwda merkeziniň 3-nji gatynda “Ene kalby bahar ýaly
mylaýym” ady bilen çäre geçirdi. Bu çärä gelen çagalar
we okyjylar kitap sergilerine, Türkmen döwlet gurjak
teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde gurjak
oýunlaryna, Türkmen Döwlet sirkiniň çykyşlaryna tomaşa
etdiler.
Biz çagalar üçin şeýle giň mümkinçilikler döredip berýän
Arkadagly Serdarymyza alkyşlarmyz çäksizdir!
01
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde
Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowy ýatlap, “Türkmen
şygryýetiniň bahary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana
hünärmenimiz ýaş şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda
onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep
okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap
bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly
goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede
Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanylan kiçijik sahna hem
görkezildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Zehin akabasy” atly göçme kitap
sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan
şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri
döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
21
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde ýaňy-ýakynda gözel
paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-kooperatiw ýörite orta okuw hünär mekdebinde
Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly Pyragy
– berkararlyk şygary” atly göçme sergisini gurady. Bu hepdelik serginiň
dowamynda talyplar kitaplar bilen suratlaryň sergisine aýlanyp, özlerini
gyzyklandyrýan temalar boýunça kitaphana hünärmenleri bilen sowal-jogap
alyşdylar. Mundan başga-da kitaphana hünärmeni talyplara beýik söz ussady
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watançylygyň, gahrymançylygyň,
edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň söz sungaty derejesine
galdyrylmagynyň türkmen edebiýatynyň ösüşinde millilik taýdan ýokary derejede
çeper beýan edilýändigi barada birnäçe şygyrlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň
berdi.
“Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” ady bilen gurnalan hepdelik
göçme serginiň dowamynda ýaşlara Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur
hem-de giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
20
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň
arasynda el işleriniň bir görnüşi bolan gülli joraplary örmegiň usullary barada
“Jorap örmek sungaty – gadymy sungat” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören gülli jorabynyň
owadanlygy, nepisligi barada buýsançly gürrüňler edildi. Külli türkmeniň käbesi
Ogulabat ejäniň bu asylly hünärini ýaş gyzlara öwretmek, ol hünäriň
gadymylygyny, inçeligini, nagyşlarynyň aýratynlygyny wagyz etmek maksady
bilen hünärmenlerimiz mekdebiň gyzjagazlary bilen gyzykly gürrüňdeşlik geçirdi.
Höwesjeň gyzjagazlar hem öz ören gülli joraplaryny uly höwes bilen birek-birege
görkezip, täsirli wagt geçirdiler. Şeýle-de el işleriniň sergisi gurnaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň asylly kärini ýaş nesillere giňişleýin
wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
14
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň çeper elli gyzjagazlarynyň
arasynda türkmen maşgalasynyň asylly däpleriniň biri bolan durmuşa çykjak gyzyň
bukjasynyň taýýarlanyşy barada “El bukjama, el bukjam, derýadan geçen
bukjam...” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen
gyzynyň täze durmuşa gadam basmakçy bolanda öz boýdaşlary, joralary bilen iň
päkize, arassa duýgular bilen sünnälenen lybaslar esasynda taýýarlanan bukjasy,
lybaslara bezeg berýän milli nagyşlar, al-elwan keteni köýnekler, ýaglykdyr,
öýmeler, ýüpek-ýüň gyňaçlar, milli şaý-sepler we olaryň bukja çatylyş düzgünleri,
däpleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de täze garyndaşlyk açylýan guda
tarap bilen elmydama süýjülik bilen gatnaşmak niýeti bilen owadan gaplara
doldurylyp taýýarlanan süýjülikler, gaýynata, gaýynenä, eltilere, gaýynagalara,
ýüwurjydyr, baldyzlara sylag hökmünde dürli sowgatlyklaryň taýýarlanyşy barada
gyzykly gürüňler edildi. Aýratyn-da, sünnälenip, owadan nagyşlar bilen
keşdelenip, aýna, darak salmak üçin taýýarlanan durmuşa çykjak gyzyň el bukjasy
barada bilesigeliji okyjylarymyz bilen gyzykly gürrüňdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-
dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmäge ägirt uly mümkinçilikleri döredip
berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
13
Fewral
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebinde
“Türkmenistan – bagtyýar ýaşlaryň mekany” – atly “Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlap söhbetdeşlik.
Bagtyýar zamanada amala aşyrylýan ajaýyp işler watanymyzyň mundan
beýläkde gülläp ösmegini, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda
ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk,
ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza,
halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala
gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime
höwesini artdyrmak Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa
geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi,
hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz watanymyza
wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu
söhbetdeşlikde okuwçylar öz gezeginde mahriban Watanymyzy wasp
edýän goşgulary sesli okaýyş bilen çykyş etdiler. Mundan başgada alyp
baryjy Hormatly Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” – atly kitabyndan
dürdäne setirlerini okap berdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman
Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.
Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
02
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji
orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt
Babaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap, “Sungata siňen ömür ”
atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat heýkeltaraş Saragt
Babaýewiň sungata bagyşlanan ömri, döredijiliginiň aýratynlygy barada täsirli
gürrüňler edildi. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeklerini bezeýän ajaýyp heýkelleri
döreden Saragt Babaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan neşirleri höwesjeň,
bilesigeliji ýaşlarymyz uly höwes bilen okadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň hem-de ençeme görnükli şahsyýetlerimiziň keşbini heýkellerde
janlandyran ussat heýkeltaraşyň döredijiligi sungaty söýüji ýaşlarymyzda uly
gyzyklanma döretdi. Gurnalan neşir önümleriniň sergisi hem okuwçylarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda sungaty çyn ýürekden söýýän we türkmen
sungatyny dünýä ýaýmakda yhlasyny gaýgyrmaýan ussatlaryň ömri we
döredijiligini Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz etmäge giň
mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
Fewral
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” 74-nji çagalar
bagynda “Meniň söýgüli gahrymanym” – atly ertekili kitaplardan sesli
okaýyş geçirdiler. Ilki bilen hünärmenler çagalara ertekiler barada
gyzykly gürrüň berdiler. Mundan başgada çagalar öz okaýan ertekilerini
gürrüň berip çykyş etdiler. Türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan
sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Goý çagalar üçin, olaryň bagtyýar gelejegi üçin atalyk aladalaryny
edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun.
27
Yanwar
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy “Arkadag
Sedarly-bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän
ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
“Mertlige hem gaýduwsyzlyga tagzym” ady bilen söhbetdeşligini geçirdi. Bu
söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz ýaşlara Türkmenistan Watanymyzy
söýmek, goramak, gülletmek şu topragyň şöhratyny belende götermek üçin
merdana şahsyýetlerimiziň batyrlygy-mertligi barada gürrüň berdi. Mekdep
okuwçylary hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyz bolan Milli Liderimiziň
türkmen halkyna peşgeş beren kitaplaryndan birnäçe tymsallary we kitaplarda
berlen goşgulary ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan
gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhunda
terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi
26
Yanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň
höwesjeň okuwçylary bilen “Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň
guwanjy dana Pyragy” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň
dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş
nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy,
öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada
buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary, sungat
söýüji ýaşlary ata Watamynymyzyň, erkana durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň
waspyny ýetirýän aýdymdyr, sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Aýratyn-da
akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly aýdyp berdiler.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik
ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk
ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler
berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir
galdyrdy. Duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” atly
gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Geçirilen döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň
dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
24
Yanwar
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy
hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamy bilelikde “Ýurdumyzyň kitaphanalarynda sanly ulgamyň orny” atly
maslahaty geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
Arkadagly Serdarymyzyň şol başlangyçlary üstünlikli dowam etdirmegi bilen
ýurdumyzyň kitaphanalaryna sanly ulgamyň ýerleşdirilmegi, kitaphana işiniň has-
da döwrebaplaşdyrylmagy dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň
kitaphanalarynda okyjylara ýokary derejede, döwrebap hyzmat etmek hem-de
okyjylaryň isleglerini, talaplaryny doly kanagatlandyrmak, kitaphana hyzmatyny
has-da kämilleşdirmek babatda ýene-de öňde goýulan meýilnamalar barada
maslahata gatnaşan kitaphanaçylar özara tejribe alyşdylar.
Maslahatyň ahyrynda kitaphana hünärmenleri kitaba, kitaphanalara
mukaddeslik hökmünde garaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Serdarymyza ýüreklerinden çykýan buýsançly alkyş sözlerini beýan etdiler.
17
Yanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen täze 2023-nji ýylyň
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar bilen atlandyrylmagy
mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli
durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly
Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir
türkmen ýaşlary üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn
nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar ýaşlaryň ýurduna
öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ägli ugurlar boýunça
ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara Hormatly Prezidentimiz
tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler ediler. Duşuşyga
gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz bagtyýar çagalygy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän
aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere
ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol
açyp berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
5
Yanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Aşgabat
şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary bilen täze
2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar bilen
atlandyrylmagy mynasybetli döredijilik duşuşygyny geçirdi Duşuşygyň dowamynda
halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa
geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek,
döretmek her bir türkmen ýaşlary üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy
barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar
ýaşlaryň ýurduna öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ähli
ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara Hormatly
Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Duşuşyga gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz bagtyýar çagalygy, ajaýyp döwrümizi wasp
edýän aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi
dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna “Aşgabat”
teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere
ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol
açyp berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
27
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki “Aşgabat söwda dynç – alyş merkezinde” täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Aýazbabaň ussahanasynda” atly edebi sazly ertirlik geçirdi. Dabaramyzda Aşgabat şäherindäki sungat mekdebiniň zehinli çagalary aýdymdyr – sazlary bilen çykyş etdiler. Çärämizde kitaphananyň hünärmenleri gyzykly ertekiler bilen sergini gurnadylar. Şu çärämizde çagalaryň arasynda hem bäsleşik geçirildi. Çagalara kitaphanamyzyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan 1 - nji, 2, - nji, 3 - nji, orun alanlara sowgatlar gowşyryldy. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
25
Dekabr
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap
geňeşligi, Aşgabat şaher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamy, Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Türkmenistan” kinokonsert
merkezinde hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
konomatografiýa baradaky döwlet komtetiniň “Mahabat” müdirligi bilen bilelikde
“Türkmen multifilimleriniň şüweleňi” ady bilen çagalaryň arasynda baýramçylyk
çäresi geçirildi. Çärede çagalara degişli kitaplaryň sergisi gurnady. Çäräniň
dowamyndaky görkezilen multifilimleriň gahrymanlary baradaky sorag-jogap
alyşmalar çagalarda uly gyzyklanma döretdi.
Çäraniň ahyrynda ýetip gelen 2023-nji ýylymyz bilen Gahryman Arkadagymyzy
we Arkadagly Serdarymyzy gutladylar we olaryň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
13
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Paýtagtymyzda ýerleşýän № 76
mekdepde bolup, “Edep – altyndan gymmat” atly öwüt-nesihat häsiýetli çäre geçirdi. Bu çäre esasan
hem ýetginjek ýaşdaky gyzlara bagyşlandy. Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň
eýesi göz-öňünde gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyñ döredijiliginde-de-de öz mynasyp orunlaryny
tapypdyrlar. Yşk mülkiniñ şasy Mollanepesiň döredijilignde „Seniň kimin gözel bolmaz jahanda“ diýip
taryp edýän gyzlarymyz halkmyzyň arzuw-umutlarydyr, ýüzleriniñ tuwagydyr. Olara ar-namyslylyk,
haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň
edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş
gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillerе-de görelde boljakdyrklaryna ynamymyz ulуdyr.
Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligi, yhlasyny ýörelge edinýändigini „Ýagşy ene ýagşy
gyza görelde“ diýen nakyl hem tassyklaýar. Gülden näzik göwnüň hiç wagt ynjamazlygy üçin
gyzjagazlaryň geljekgi durmuşynyň aladasy olaryň çagalygyndan başlanýar. Öý-içeriniń
arassaçylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent borjydyr. Milli matalardan tikilen egin-eşikler bolsa
gyz-gelinleriň kalbyny täsin bir mukaddes duýgy bilen doldуrýar. Gyz maşgala hemmäniň gözünde
bolýar. Onuň her bir hereketi, her bir aýdan sözi hemmeleriň ünsünde bolýar. Şonuń üçin ene-
mamalarymyz gyzlara edep berende olara gürleşenlerinde, hat-da şatlanyp gülenlerinde sesleriniň
iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Türkmen gelin-gyzlarymyzyń edim-gylymyna, edep-
terbiýesine kybapdaş gelýän olaryń boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlygy bilen
tapawurtlanyp, dünýä halklarynyń arasynda öz milliligimize buýsandyrýar.
Gadymy milliligimize uly hormat goýup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan
mertebesini belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman
bolsun!
07
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy
mynasybetli “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk
sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitabynda beýan edilen Şükür
bagşynyň ýüze çykan agyr meseläni diňe sazyň üsti bilen, parahatçylyk ýoly bilen
çözendigi baradaky setirler hakynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň
netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk,
goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegi dogrusynda alnyp barylýan belent
maksatly beýik işler barada gyzykly gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi
söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly
işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen
bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli
“Bitaraplyk – bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň
dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata-
babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler
edildi. Şeýle-de geçen 27 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek
ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy.
Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz, sungaty söýüji ýaşlarymyz hem
hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary
uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda
uly täsir galdyrdy. Dabara “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalar” atly
gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak
ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
01
Dekabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen “Ýüz derdiň dermany” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde
ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleri, olaryň ähmiýeti, ulanylyş aýratynlyklary
barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara
ilki bilen Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan,
kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni
almakdaky peýdalary barada bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň
mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
25
noyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gahryman Arkadagymyzyň “Kitap
ynsanýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň, medeniýetleriň arasyndaky
arabaglanşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir” diýen sözlerinden ugur alyp, “çaga we kitap” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde çaga zehinine täsir edýän esaslar ýagny, çaga we aýdym-saz,
çaga we kitap, çaga we surat, çaga we oýunjak, çaga we sport ýaly temalardan söz açyldy.
Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär we kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap
bilen dostlaşan çaga özüne aýratyn bir dünýäni gurýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine
ýardam edýär. Kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldir. Sebäbi çaganyň
durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna
aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna täsiriniň uludygyny nygtamak
bilen, kitaphanamyzyň işgärleri ähli ýaşdaky okyjylar üçin kitaphanamyzyň gapysynyň açykdygyny
aýdyp, olary kitap okamaklyga çagyrdylar.
18
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, we Türkmenistanyň
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň guramaklarynda “Bagtyýarlyk” dynç alyş-söwda merkezinde kitap ýarmarkasy
geçirildi. Çärä çagalar kitaphanasy çagalar üçin niýetlenen dürli diller esasynda gurnalan göçme
kitap sergisi şeýle-de gurjaklar esasynda gurnalan göçme sergisi bilen gatnaşdy. Sergini
synlamaga gelen körpeje çagalarada çagalar ýazyjylary tarapyndan ýazylan ertekiler uly täsir
galdyrdy. Çärä çagalaryň iň söýgüli ýazyjylary Agageldi Allanazarow, Azat Rahmanow dagylar
hem gatnaşdylar. Ýazyjylar çagalar bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler we sorag-jogap
alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban
Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
17
noyabr
Her ýylyň 20-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni bellenilip geçilýär. Bu sene
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1954-nji ýylda
esaslandyrylypdy.
1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Çaga hukuklarynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa,
Çaga hukuklary hakynda Konwensiýa kabul edildi. Bu sene çaga hukuklaryny goramak
ulgamynda binýatlyk resminamalaryň kabul edilen güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, 18-nji noýabrda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli
paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda «Kitap
ýarmarkasy» geçiriler.
Türkmenistan hem bu senäni baýram edýär
Türkmenistanda hem çagalaryň hukuklaryny goramak, olara hemaýat bermek, olary
oňyn hereketlere höweslendirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet
komitetiniň, Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň we Türkmenistanyň
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň gurnamagynda geçirilýän kitap ýarmarkasy sagat 15:00-da açylar.
Ýarmarkada Mahabat müdirliginiň neşir önümleri, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň
çagalar üçin kitaplary, «Älem», «ReadIt» kitap dükanynyň, Gujurly book store-yň, Kök
desing HK-nyň we «Belent Akaba» HJ-niň önümleri hödürleniler.
«Defakto» egin-eşik brendiniň hemaýatkärliginde guraljak çärede gurjak teatrynyň
gahrymanlary we sirk oýunlaryny görkeziler. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde
«Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň çagalar meýdançasyndaky oýun meýdança hemme
körpelere tölegsiz hyzmat eder. Kitap ýarmarkasynda Sizi hoş gördük!
Çagalar üçin atalyk aladalaryny edýän Mähriban Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz
tarapyndan çagalaryň hukuklaryny goramak, olara hemaýat bermek, olary oňyn
hereketlere höweslendirmek üçin dürli çäreler guralýar. Bütin bagtyýar çagalaryň
adyndan Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza
çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!
16
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary
bilen türkmen milli oýunlary barada “Halk döredijiligi- milli ruhuň kämilligi”
atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden
gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli
görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-
de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki
ähmiýeti barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gyzykly
maglumatlary aýdyp berdiler. Zehinlije çagalar özara pikirli oýunlaryň dürli
görnüşleri ýagny, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek, ýaňyltmaçlary
çalt we dogry aýdyp bermek esasynda özara bäsleşdiler. Gurnalan göçme kitap
sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar
edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde kompozitor Ata Esadowyň
doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Aýdymlaryñ ak säheriñ nurudyr”
ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly
Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä
derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de ussat kompozitoryň ýiti zehininden dörän ölmez-ýitmez saz eserleri
barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan
dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly
ajaýyp kitaplarynda beýan edilen türkmen aýdym-saz sungatynyň gadymylygy,
aýratynlygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem
sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň
sungatymyzda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini has giňişleýin
öwrenmegine döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
12
noyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda gözel paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
ýöriteleşdirilen “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzyň
dürli künjeginde uly dabaralara beslenýän hasyl toýy mynasybetli “Ülkämiň toý
saçagynda”atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň alym mugallymlary mekdep okuwçylaryna
gowaça, bugdaý ýaly däneli ekinleriň aýratynlyklary hem-de ene topraga nähili
ideg etmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da
myhmanlarymyz ekologiýa abadançylygy dogrusynda hem okuwçylar bilen sowal-
jogap alyşdylar. Kitaphana hünärmenlerimiz hem öz gezeginde edebi mirasymyzda
halkymyzyň taryhy geçmişi, Watan topragyna buýsanjy hem söýgüsi barada wasp
edýän şygyrlaryň ençemesiniň many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler.
Gurnalan sergi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen milli
saçagynyň bezegi bolan näz-nygmatlar, milli tagamlar ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly
mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
8
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde kompozitor hem-de dirižýor
Hydyr Allanurowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Saz sungatynyň
ussady” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatynda
öçmejek yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini Watanymyzyň geljegi bolan
ýaş nesillere giňişleýin ýetirmekde alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler
edildi. Şeýle-de zehinli kompozitor, ussat dirižýor Hydyr Allanurowyň ajaýyp saz
eserleri barada hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara gyzykly gürrüňler berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip,
dünýä derejesine ýetirmek babatda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
7
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada
“Ýadygärlikler medeniýetiň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän
giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni
mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän
taryhy we medeni ýadygärlikler barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, täzeden
dikeltmäge şeýle-de ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň
mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
3
noyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag
etrap geňeşligi bilen bilelikde paýtagtymyzyň gözel künjegi “Daşkent”
seýilgähinde B. Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebinde okaýan höwesjeň
ýaşajyk suratkeşleriniň arasynda “Suratkeş bolasym gelýär” atly bäsleşigini
geçirdi. Bu bäsleşikde kitaphana hünärmenlerimiz gözel paýtagtymyzyň taryhyny
we şu günki gündäki binagärlik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Mundan başga-da türkmen-özbek dost-doganlyk halklarynyň özboluşly milliligi
hakynda sowal-jogap alşyldy. Bäsleşikde eziz Watanymyzyň gözel künjeklerini
şekillendirip ýeňiji bolan ýaşajyk suratkeşlerimize Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi tarapyndan sowgatlar
gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda seýle ajaýyp durmuşda ýaşaýan ýaşlaryň ylymly-bilimli
bolmaklary üçin döredilýän giň mümkünçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
2
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde suratkeş Ýarly
Baýramowyñ doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap, “Ajaýyp duýgularyñ
öwüşgini” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly
Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä
derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de ussat suratkeşiň döredijilik dünýäsiniň inçe syrlary barada hem täsirli
gürrüňler edildi. Ýarly Baýramowyň ajaýyp zehininden dörän ençeme suratlar,
olaryň reňk öwüşgini, gözelligi hem-de aňladýan manysy barada hünärmenlerimiz
ýaşajyk okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi
hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň
sungatymyzda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini has giňişleýin
öwrenmegine döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
1
noyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Owadan”
toý hyzmatlary merkezinde “Mirasyň bezegi – türkmen lybasy” ady bilen
bilesigeliji okyjylarymyzyň arasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda türkmen lybaslarynyň ýaraşygy bolan ene-mamalarymyzdan bize
miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy,
nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Türkmen zenanynyň görküne görk goşýan
milli kürteler, ajaýyp şaý-sepler, keteni köýnekler şeýle-de türkmen ýigidiniň milli
egin-eşikleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz ýaşajyk
okyjylarymyza täsirli gürrüňler berdiler. Türkmen milli lybaslary esasynda
gurnalan göçme sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
28
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli “Alabaýym - abraýym” ady
bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen alabaý
itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüňler edildi. Arassa
tohumly türkmen alabaý itleri barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen
alabaýy” atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada hem aýratyn nygtaldy.
Döredijilik duşuşygynyň hormatly myhmany Türkmen döwlet ýörite çeperçilik
mekdebiniň talyby Arzuw Ataýew hem türkmen alabaý itlerini şekillendirip çeken
suraty barada, şol suratda ulanan reňkleri, onda beýan edilýän gözellikler barada
täsirli gürrüňler berdi. Geçirilen döredijilik duşuşygyna “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň
“Çagalyk ýyllarym” gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan kitap sergisi duşuşyga gatnaşanlarda uly
täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy
has giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
26
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde zehinli
kompozitor Adriýan Grigorýewiç Şapoşnikowyň ömri we döredijiligine bagyşlap,
“Türkmen saz sungatynyñ gözbaşynda” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, onuň türkmen
kompozitorlary, bagşy-sazandalary bilen bilelikde döreden ajaýyp saz eserleri barada
täsirli gürrüňler edildi.Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Gahryman
Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk
sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym-saz sungaty, halypa-
şägirtlik ýoly barada beýan edilen gymmatly maglumatlar barada täsirli gürrüňleri
aýdyp berdiler. Opera sungatynda öçmejek yz goýan zehinli kompozitoryň döreden
eserleri barada gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny, saz
dörediji ussatlaryň ajaýyp eserlerini giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri
döredip berýän Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
26
oktyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdep
okuwçylarynyň arasynda “Peýdaly maslahatlar” ady bilen saglyk barada
gürrüňdeşlik geçirdi.
Kitaphananyň hünärmenleri Güýz pasly – ajaýyp pasyl şeýle hem,
kesellemezlik üçin sagdyn we ýokumly iýip-içmek, pasla görä geýinmek
we arassaçylyk talaplaryna aýratyn üns bermekligiň zerurdygy barada
giňişleýin gürrüň etdiler, we Gahryman Arkadagymyzyň “Dermanlyk
ösümlikleri” atly kitabyndan birnäçe derman ösümlikleriniň peýdasy
barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar
durmuşyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna
alkyş sözleri beýan edildi.
24
oktyabr
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň okuwçylary
bilen bilelikde “Janly tebigata syýahat” –atly Aşgabat şäherinde
ýerleşýän janly tebigat hakynda gürrüň geçirdiler.
Kitaphananyň hünärmenleri Janly tebigatyň milli muzeýi barada
okyjylaryň arasynda gürrüň berip, şu janly muzeýde haýwanlaryň 216
sany görnüşiniň bardygyny aýdyp berdiler. Bu ýerde haýwanlaryň rahat
ýaşamagy, iýmitlenmegi üçin ähli zerur şertler bar. Olaryň ýörite gyşky,
tomusky meýdançalary bar. Haýwanlaryň sany ýyl geçdgiçe artýar.
Gökderä uzalyp barýan ýolyň ýakasynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli
muzeýi – her birimiz üçin täsinlikleriň gözellükleriň başlanýan künjegi
diýip täsirli gürrüňler etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri kitap sergisini
gurnadylar.
Çärämiziň soňynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
24
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde öz okyjylary
bilen “Kalplary nurlandyrýan kitaplar” ady bilen döredijilik duşuşygyny
geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri kitap söýüji ýaşlaryň
arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň
terbiýeçilik ähmiýetini giňden wagyz etdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri
tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir
galdyrdy. Duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Geçirilen döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň
dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
19
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde Magtymguly
Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap, “Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde
derman” ady bilen edebi-sazly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we
döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş
nesli halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, dogruçyllyk ýaly häsiýetleri
terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Bu çäräniň hormatly
myhmany ýazyjy-şahyrymyz Süleýman Ilamanow hem Magtymguly Pyragynyň
döredijiligindäki terbiýeçilik we watançylyk temalaryny okuwçylara giňişleýin
gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan
birnäçesini labyzly aýdyp berdiler hem-de özara sowal-jogap alyşdylar.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir
galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
18
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy,
Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar
guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi hem-de Daňatar Öwezow adyndaky
sazçylyk mekdebi bilen bilelikde Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda
Türkmanistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
mynasybetli Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk ylymlarynyň doktory
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli eseriniň XIV tomynyň çapdan çykmagy
mynasybetli tanyşdyrylyş çäresini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz melhemler
mekany eziz diýarymyzda ösýän melhemlik ösümlikleriniň henize çenli
öwrenilmedik 118 sany görnüşiniň lukmançylykda peýdalanyşy, ýygnalyşy,
taýýarlanylyşy barada gymmatly maglumatlary açyp görkezýär. Tanyşdyrylyş çärä
gatnaşan talyp-ýaşlarda Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyk sowgady bolan
ajaýyp eseri uly täsir galdyrdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň sagdyn,
berk bedenli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilip berýän şeýle ajaýyp
mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
17
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirowyň täze çapdan çykan “Подсолнух” atly
kitabynyň I tomyny çagalar kitaphanasyna sowgat bermegi mynasybetli tanyşdyrylyş
gürrüňdeşligini geçirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýazyjynyň täze kitabynda
ýerleşdirilen rus dilinde ýazylan goşgularyň, ertekidir, poemalaryň many-mazmuny,
terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bu kitabyň rus dili
bilen ýakyndan gyzyklanýan höwesjeň okyjylarymyz üçin has-da täsirli boljakdygy
barada hem aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Hemra Şirowyň “Подсолнух” atly kitabynyň
II tomynyň hem ýakynda okyjylar köpçüligine hödürlenjekdigi baradaky begençli
habary hem aýtdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly
adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
13
oktyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda Gahryman
Arkadagymyzyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna hem-de türkmen halkyna peşgeş
beren "TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI" atly kop jiltli kitabynyň XIV-nji jildiniň
kitaphanamyza gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
kitaphana hünärmenimiz bu gymmatly eserde öz beýanyny tapan dermanlyk ösümlikler, olaryň
suratlary, biologik aýratynlyklary, dermanlyk ähmiýeti, himiki düzümi, taýýarlanyşy we ulanylyşy
barada berlen anyk we takyk maglumatlar barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kitaphananyň okyjylary
hem öz gezeginde bu ajaýyp eseriň her-bir jildinde görkezilen dermanlyk ösümlikleriň peýdasy
barada gyzykly gürrüňler berdiler. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzda gurnalan
“Saglygym-baş baýlygym” atly kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Serdarymyzyň adyna ak ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
12
oktyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-
ýakynda “Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artisleri” atly ajaýyp kitap
gelip gowuşdy.
Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artisleri. I-II kitap /red.G.
Gapurow. – Aşgabat: TDNG, 2022. – 355 s.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ruhy, döredijilik we medeni
kuwwatyny işjeň wagz etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize, ähli raýatlarymyza
milli medeniýetimiziň öwüşginleri, häzirki zaman teatr, kino we sirk artisleri
barada maglumat berýän ilkinji ensiklopedik neşir çap edildi. Bu neşir 2 tomdan
ybaratdyr.
Ensiklopedik neşirde türkmen teatr sungatynyň taryhy, häzirki döwürdäki
işi, teatr artisleri, şeýle hem teatr režissýorlary, dramaturglar, kompozitorlar,
dirižýorlar, türkmen kino sungaty, kino artistleri, kinorežissýorlary,
kinooperatorlary, kino suratkeşleri, sungaty öwrenijiler, türkmen sirk sungaty, sirk
artistleri barada birnäçe maglumatlar ýerleşdirilipdir. Bu kitap ýokary we ýörite
orta mekdepleriniň hünärmenlerine, talyplaryna, giň okyjylar köpçüligine
niýetlenendir.
Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin
uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
10
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen milli däp-
dessurlarymyz şeýle-de türkmen halkynyň gadymy senetçiligi barada “ Gadymy
senet – müdimi senet” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli medeniýetimize,
sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli
gürrüňler edildi. Şeýle-de halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde häzirki wagta çenli
öz gymmatyny ýitirmän gelen milli senetçiligi, el hünäri barada gyzykly söhbet
edildi. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan,
işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
öz okyjylarynyň arasynda Hatyra güni mynasybetli “Mukaddes hatyra – gymmatly
ýörelge” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň
hünärmenleri gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy bilen türkmeniň geçmiş taryhynda
öçmejek yz galdyryp giden şahsyýetlerimizi hatyralamagyň, hormatlamagyň
halkymyzyň asyrma-asyr aşyp gelýän däp-dessurlarynyň esasy özenidigi barada ýaş
nesillere giňişleýin düşündirdiler. Okyjylarymyz hem Hatyra gününe bagyşlanan
goşgulary aýdyp berdiler şeýle-de gysgajyk sahnalary janlandyrdylar. Gurnalan kitap
sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mukaddesligimize uly sarpa goýýan Arkadagly
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
oktyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Türkmen Döwlet Gurjak teatrynda “Bal süýji, baldan-da bala” ady bilen edebi ertirlik
geçirdi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda teatryň artistleri
gurjaklar bilen dürli sahna oýunlaryny, baýramçylyk mynasybetli çykyşlary görkezdiler.
Täsirli sahna oýunlaryna körpejeler uly höwes bilen tomaşa etdiler. Şeýle-de
kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekileri
çagajyklara okap berdiler.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk
bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
30
sentyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
hünärmenleri ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Kitap okap, dürler saçyň,
çagalar!” atly gürrüňdeşlik geçirdi. Ýaňy-ýakynda şahyr-mirasgär Hangeldi
Babaýewiň “Kitaphanalar” hem-de “Kitap okaň!” atly goşgusyny biziň B.Amanow
adyndaky çagalar kitaphanamyza sowgat etdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz şahyr-mirasgär Hangeldi Babaýewiň
“Kitaphanalar” hem-de “Kitap okaň!” atly goşgularynyň many-mazmunyny
çagalara giňişleýin düşündirdiler. Goşguda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher
paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk
ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar. Akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň ýaşlarda arassa ahlaklylyk, halallyk,
dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmeginde eýeleýän
orny barada täsirli gürrüňler edildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat, sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi
22
sentyabr
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
Aşgabat şäherindäki 74-nji orta mekdep okuwçylary bilen bilelikde
“Şöhrata beslenen Garaşsyz Diýar” -atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-
ýyllygyna bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirildi.
Güneşli Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramy aýratyn ruhybelentlik bilen
bellenilýär. Ýurdumyzy dünýäde meşhur eden ösüş-özgerişler, ýagny
Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň datly miweleri, ilkinji nobatda, döwrümiziň
bagtyýar nesillerine bagyşlanandyr. Özüniň ýerasty, ýerüsti baýlyklaryna,
şü gününe, geljegine, tutuş ykbalyna eýe bolan Türkmenistanyň sebitde,
yklymda, dünýäde şöhratlanmagy hem Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl
boldy. Belent derejeli döwletiň asuda gujagynda şadyýan çagalygyň lezzet
alyp ýaşamagy, ösüp-ulalyp, kemala gelmegi dünýäniň iň bagtyýar
çagalara düşen serpaýydyr. Türkmen halkyna mahsus bolan mukaddes
duýgular Garaşsyz döwletli bolmak ýolunda milletimize güýç beren iň
kuwwatly badalgadyr. Duşuşygymyzyň dowamynda okuwçylar şanly
garaşsyzlygymyzy wasp edip birnäçe goşgular aýdyp berdiler.
Mundan başgada çärämizde şanly Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlap
“Gözel Türkmenistan, Eziz Watanym” –atly kitap sergisi gurnaldy.
Çärämiziň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri tüýs ýürekden beýan edildi.
21
sentyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde
şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Gül-gunçaly eziz diýar”
atly edebi-sazly agşam geçirdi. Dabaranyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
gadyr-gymmaty, geçen 31 ýylyň dowamynda ýurdumyzda ähli ugurlarda ýetilen belent
sepgitler şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň özgeren, gözelleşen ajaýyp
keşbi barada buýsançly gürrüňler edildi. Zehinli okyjylarymyz hem şanly
Garaşsyzlygymyzy wasp edip, goşgulary, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine
ýetirdiler. Gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
19
sentyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebinde baş baýramçylygymyz bolan
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna bagyşlap “Altyn asyr”
bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen
däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşyp dürli ýyllarda ýeňiji bolan çagalar
bilen bilelikde aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda
kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda medeniýetde we sungatda alnyp
barylýan işler barada gürrüň berdi. Bu döredijilik duşuşygynda “Garaşsyzlygyň
merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşan zehinli çagalarymyz
Garaşsyzlygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän ajaýyp sazlary ýerine ýetirip,
aýdym aýtdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çärä
gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
16
sentyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde baş
baýramçylygymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna
bagyşlap “Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşigini geçirdi. Bu
bäsleşikde kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlygyň ähmiýeti we onuň beren
miweleri barada gürrüň berdi. Soňra mekdep okuwçylarynyň arasynda
Garaşsyzlygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän şygyrlary aýtmakda bäsleşik
geçirildi. Çeper okaýyşly bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara kitaphanamyzyň
adyndan sowgatlar gowşuryldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Şöhrata
beslenen ýyllar” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda çagalar uçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
sentyabr
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Kitap - geçeni,
geljegi öwredýän dana” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap
okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz Gahryman
Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesilleri milli hem-
de watançylyk ruhunda terbiýelemekde şeýle-de olarda arassa ahlaklylyk, halallyk,
dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde eýeleýän
gymmatly orny barada aýratyn nygtadylar. Gurnalan göçme kitap sergisi hem
okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylar ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-
bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
13
sentyabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
öz okyjylary bilen türkmen halkynyň ussat kompozitorlarynyň döredijiligine bagyşlap,
“Hyjuwly aýdym-saz dörediji kompozitorlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat
kompozitorlar, olaryň döreden ajaýyp saz eserleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher
paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk
sazy” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly barada beýan
edilen gymmatly maglumatlar barada täsirli gürrüňleri aýdyp berdiler. Şeýle-de
kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny, saz
dörediji ussatlaryň ajaýyp eserlerini giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri
döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
9
sentyabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje
okyjylary bilen Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 7-nji sungat mekdebinde “Ýol
hereketiniň düzgünleri” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
kitaphana hünärmenimiz çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý
etmek biziň janymyzyň goraglylygyny üpjün edýänligi barada gürrüň berdi. Mundan
başga-da kitaphanaçy ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiniň howupsyzlyk kadalaryny
gündelik ýatladyp durmak ene-atalaryň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň, galyberse-de,
biziň hemmämiziň borjumyzdyr diýip aýdyp berdi. Şeýle-de çagalar hem öz gezeginde
ýol hereketine degişli “ Mähriban çagalar we pyýada ýolagçylar! Ýol hereketiniň
kadalaryny hemişe berk berjaý ediň! Ýol belgileriniň talaplaryna ünsli boluň! Bu siziň we
beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin iňňän wajypdyr!” diýen
ýüzlenmelerini aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi
okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýol hereketiniň howupsyzlygyny üpjün etmekde,
ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin
Hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
1
sentyabr
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji
orta mekdebinň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni
mynasybetli “Bilimli ýaşlar - ýurduň daýanjy” ady bilen gürrüňdeşlik
geçirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň
okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler
barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar
Hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegi hökmünde ýaş nesillere bil
baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap,
Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri
döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Kitaphananyň
hünärmenleri “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly kitap sergisini
gurnady.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
30
awgust
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen türkmeniň ak öýlerine bagyşlap, “Türkmeniň ak öýi –
mukaddes ojak ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda adamyň
gaýtalanmajak el hünärleriniň biri, keçe we mata bezegleri bilen bezelen, keşde
çekilen türkmeniň ak öýleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz
bilesigeliji okyjylarymyza tüýnük, serpik, tüýnük ýüpi, tärimler, uk baglar, düzi
ýüpi, golaň, durluk, öý gapysy, öý gamşy we guşagyndan ybarat bolan ak öýüň
süňňi barada, ak öýleriň gurnalşy şeýle-de ak öýleriň türkmen maşgalalarynyň
durmuşynda eýeleýän arzyly orny barada gyzykly maglumatlar aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
26
awgust
Köpetdag etrap häkimligi, türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap geňeşi, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilelikde
“Gün-günden özgerýär Türkmen döwleti” atly wagyz-nesihat duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda “Halkyň
Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny
ýaşlarymyza ýetirmek, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan sagdyn
bolmagyny gazanmak maksady bilen täsirli gürrüňler edildi.
Çaräniň ahyrynda ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
25
awgust
Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi tarapyndan berlen bu ýygyndylar
kitaby türkmen medeniýetimiziň milli teatr sungatymyzyň döwrebap ösüşine
önjeýli goşant goşan, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan pýesalary öz içine
alýar. Pýesalarda eziz Watanymyzyň asyrlara şöhrat çaýýan şanly taryhy
wakalary, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet ýeňişleri,
halkmyzyň şöhratly ogullarynyň we zenanlarynyň edermenlikleri, milli
buýsanjymyza öwrülen dünýä nusgalyk medeni baýlyklarymyz, däp-
dessurlarymyz, çeper keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär.
Garaşsyzlyk joşguny: Pýesalar ýygyndysy. II kitap. / jog. B. Çaryýew, B.
Annabaýewa. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022 – sah. 637.
2
awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky kitaphanasy Gökderedäki “Beýik
Serdaryň Ruhybelent nesilleri” dynç alyş merkezinde “Muny bilmek gyzykly”
atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmenleri
dünýä täsinlikleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Mysal üçin: Näme üçin bulutlar
dürli şekilde bolýarlar?, Tolkunlar nädip döreýär?, Gyşda penjirede nädip nagyş
döreýär?, Ewerest-dünýäniň iň beýik gerşi we haýwanat dünýäsindäki geň-
taňlyklar barada çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çagalar uly höwes
bilen diňläp öz bilýänje täsinlikleri barada gürrüň berdiler. Şu çärämizde
söhbetdeşligimizden daşary çagalaryň söýgüli “Güneş” žurnalynyň “Täsin dünýä”
atly sahypalaryndan sergi gurnaldy.
Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
2
awgust
2
awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde kitaphanamyzyň ýaşajyk
okyjylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan
kitaplarynda beýan edilýän atalar sözi we nakyllar, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti
barada “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri – beýik ösüşleriň
gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda atalar
sözleriniň many-mazmuny, ýaş nesillerde halallyk, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk,
adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelemekdäki ähmiýeti barada
aýratyn nygtaldy. Gurnalan kitap sergisi hem bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan
edildi.
15
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç
alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş
merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kitap – biziň dostumyz” atly söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji, höwesjeň okyjylarymyza
kitap okamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Kitap okamagy tüýs ýürekden söýýän
ýaşajyk okyjylarymyz hem okuw dersleri boýunça düzülen birnäçe şertler esasynda özara
bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi
hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitabyň gadyr-gymmatyny Watanymyzyň geljegi bolan
ösüp gelýän ýaş nesillerimize giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç
alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş
merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kim bilmeşek” atly bäsleşik geçirdi.
Bäsleşigiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji, höwesjeň okyjylarymyza kitap
okamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda ýaşlar üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
08
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz
okyjylary bilen milli Gurban baýramy mynasybetli “Gurbanlyk – hoşniýetliligiň
baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda mukaddes Gurban
baýramyna mahsus ajaýyp däp-dessurlarymyz, adatlarymyz barada täsirli gürrüňler
edildi. Bu baýramda Gurbanlyk sadakalarynyň berlip, bereketli saçaklaryň giňden
ýazylýandygy, il-ýurt abadançylygy üçin ýagşy dileg-dogalaryň edilýändigi şeýle-de
gyz-gelinleriň täze lybaslara beslenip, hiňňillik uçup, birek-birege ýagşy isleg-
arzuwlaryň beýan edilýändigi barada gyzykly söhbetdeşlik boldy. Gurnalan kitap
sergisi hem ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan toýlamaga giň
mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
iýul
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri”
çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde haýwanat dünýäsi barada “Biziň kiçijik
dostlarymyz” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşligiň başynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri dynç alýan dürli ýaşdaky çagalara Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyndan gürrüň berdi. Mundan başga-
da çagalar bilen Türkmenistan döwletimizde bar bolan haýwanlaryň görnüşleri
barada gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler. Dynç alyp ýören çagalar hem öz gezeginde
kiçijik haýwanlarymyza degişli goşgulary hem-de hekeýadyr, ertekileri uly höwes
bilen aýdyp, özara sorag-jogap alyşdylar.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş
merkezinde “Tebigat biziň öýümizdir” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu
söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri dynç alýan çagalara
tebigatymyzy aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwrenmelidikleri
barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de kitaphanaçy türkmen halk döredijiliginde
hem tebigata we haýwanat dünýäsine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, birnäçe
eserleriň üstünde durup geçdi. Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç
alyş merkezinde dynç alýan dürli ýaşsdaky çagalar hem öz gezeginde tebigata
degişli goşgalardyr, hekaýalary aýdyp berdiler. Türkmen topragynyň tebigatynyň
gözel ýerleri barada çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan
gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri”
hem-de “Altyn ýyldyyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde
Magtymguly Pyragynyň döredijilgine bagyşlap “Magtymgulynyň goşgulary
terbiýe mekdebi” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana
hünärmenimiz dana şahyryň döredijiligi öz halklygy we hakykylygy, sadalygy we
şol bir wagtda gadymylygy we döwrebaplygy, çeperçiligi we täzeçiligi bilen her
bir okyjyny Watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly mekdep bolup durýandygyny
birnäçe goşgy setirleriniň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Bu ýerlerde dynç alyp
ýören dürli ýaşdaky çagalar hem öz gezeginde akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny
ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Mundan başga-da söhbetdeşligiň dowamynda
Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar hem gürrüň berildi. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç
alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş
merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kitap – biziň dostumyz” atly söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji, höwesjeň okyjylarymyza
kitap okamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Kitap okamagy tüýs ýürekden söýýän
ýaşajyk okyjylarymyz hem okuw dersleri boýunça düzülen birnäçe şertler esasynda özara
bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi
hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitabyň gadyr-gymmatyny Watanymyzyň geljegi bolan
ösüp gelýän ýaş nesillerimize giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly söhbetli bäsleşik geçirildi. Soňra kitaphananyň hünärmenleri çagalara türkmen halk ertekileri barada ýagny, ýaş nesillerimize berýän ähmiýeti dogrusynda täsin maglumatlary aýdyp berdiler. Körpeler hem öz gezeginde bilýän ertekileri barada uly höwes bilen gürrüň berdiler. Gyzykly söhbetdeşlikden soňra ertekilere degişli surat çekmekde bäsleşdiler we sowal-jogap alyşdylar. Sowallaryň ählisine çagalar pikirlenip, dogry jogap bermäni başardylar. Hünärmenler dynç alyş merkezinde ertekilere bagyşlanyp kitap sergisini gurnadylar. Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
14
iýun
Ajaýyp Franssuz ertekiçisi Şarl Pýerro (1628-1703) ol çuňňur bilimli, ýiti zehinli adam bolmak bilen Franssuz akademiýasynyň hakyky çlenligine saýlanypdy. Şahyr hem-de taňkytçy Şarl Pýerro “Meniň enekäm Gusinanyň ertekileri ýada ilki zamanlaryň öwrediji taryhy we ertekileri” atly ýygyndysy bilen dünýä derejesinde şöhrat gazandy. Gürrüňi edilýän şol kitaba, häzirki döwürde bütindünýä çagalarynyň söýüp okaýan “Gyzyl Şyrdajyk”, “Külbikejik” we “Ädikli pişik” ýaly ertekileri girizilen. Çagaka eşdilen bu ertekileri olaryň ulanandan soň hem ýürekleriniň päk bolmagyna, içgi ruhy dünýäsiniň baý bolmagyna ýardam edýär. Şarl Pýerro birbada, çagalara peýdaly bolar ýaly, şeýle hem ol öz ertekileriniň hemme okyjylar üçin gyzykly bolmagyny niýet ederdi. Alyp baryjy şahyryň ömri-döredijiligi barada gyzykly gürrüň berip we çagalar bilen şahyryň eserlerinden çeper okaýyşy bilen dowam etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri “Şarl Pýerronyň jadyly ertekileri” atly kitap sergisini gurnadylar.
13
iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki
“Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde
tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda
türkmen halkynyň ussat bagşy-sazandalarynyň döredijiligine bagyşlap, “Mukam
bolup ýüreklere siňerin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalar, olaryň ýerine ýetiren
ajaýyp aýdym-sazlary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji
okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet
geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda
aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly barada beýan edilen gymmatly maglumatlary
okap berdiler. Şeýle-de kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi
okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri beýan edildi.
10
iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” çagalar sagaldyş we
dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň
arasynda türkmen milli oýunlary barada “Milli oýunlaryň terbiýedäki orny” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli oýunlaryň çaga
terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çagalar özara küşt, düzzüm
ýaly pikirli oýunlar hem-de hereketli oýunlaryň birnäçesi esasynda özara
bäsleşdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan
edildi.
06
iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde “El hünäri –köňül owazy” ady bilen Gökderedäki
“Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzjagazlaryň
arasynda el işleri esasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda ene-
mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine
ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman
Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri
barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Gyzjagazlar
hem el işleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen milli el işleri
esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil
saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly
işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri aýdyldy.
03
iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped
– sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda
ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda
durmagyny şeýle-de sport bilen meşgullanmagyny gazanmak hem-de
köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegine
goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler barada täsirli gürrüňler
edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes
bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş töweregiň, howanyň arassalygyna
peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil
saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly
işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri aýdyldy.
31
Maý
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar
Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy
bilen bilelikde Türkmen Döwlet Gurjak teatrynda Çagalary goramagyň halkara gününe
bagyşlap, “Çaga-göwniň çagy, öýiň çyragy” ady bilen edebi ertirlik geçirildi. Dabara dürli
ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda teatryň artistleri gurjaklar bilen dürli sahna oýunlaryny,
baýramçylyk mynasybetli çykyşlary görkezdiler. Täsirli sahna oýunlaryna körpejeler uly
höwes bilen tomaşa etdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide
ýerleşdirilen birnäçe ertekileri çagajyklara okap berdiler. Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji
guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar çagalara gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk
bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
30
Maý
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki “Gül zemin” dynç alyş merkezinde
“Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri”- atly, Çagalary goramagyň halkara
güni mynasybetli edebi sazly ertirlik geçirildi.Her ýyl biziň ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni
giňden we dabaraly bellenip geçirilýär. Ýurdumyzda bagtyýar çagalar
döwrebap gurlan, zerur enjamlar bilen doly üpjün edilen ak
mekdeplerde, çagalar baglarynda bilim – terbiýe alýarlar. Bagtyýar
çagalygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ýaş nesil, onuň
saglygy, goraglylygy ugrunda alnyp barylýan işler sanardan kän.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleriniň rahat dynç almagy,
okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilikler bar.
Häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz
ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel
kenarynda rahat, asuda dynç alýarlar, wagtlaryny gyzykly, manyly
geçirilýär. Şu baýramçylygyň şanyna Aşgabat şäherindäki “ Gül zemin ”
dynç alyş merkezinde kitaphanaň hünärmenleri bilen “Aşgabat ”
teleýaýlymy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden gatnaşan
okyjylary aýdym – sazly ertirligi geçirildi. Bu dabarly çärede çagalar öz
goşgydyr aýdym sazlary bilen çykyş etdiler. Bagtly çagalygyň ajaýyp
mekany bolan Türkmenistan döwletimiziň, sözüň doly manysynda,
bagtyýar ýurtdyr.
Şu mümkünçilikleri döredip berýän Hormatly prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň jany sag, ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
27
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli
baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik
duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri
hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap,
goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly –
türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk
okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
24
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
23
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat!” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz mekdep okuwçylaryna gözel paýtagtymyzyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu çärede “Adalat” gazetiniň işgäri, şahyr zenanymyz Gurbanjemal Annakowa hem myhmançylykda bolup, Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ajaýyp durky barada gürrüň berdi. Şeýle-de öz ýazan Aşgabat hakyndaky şygyrlaryny okap berdi. Mundan başga-da M. Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talybynyň aýdyp bermeginde Aşgabat, Watan barada ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde güneşli paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp berdiler hem-de özlerini gyzyklandyrýan Aşgabatda gurlan gadymy we häzirki döwür binalary barada sowal-jogap alyşdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Ak mmermerli paýtagtym” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
19
Maý
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 131-nji mekdepde “Çagalaryň söýgüli
şahyry”- atly edebi ertirlik geçirildi. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň
eýesi, şeýle-de Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ol çagalar
edebiýaty Geňeşiniň Halkara baýragyna – Hormatly Gans Hristian
Anderssen diplomyna we Mongoliýa ýaşlar soýuzynyň “Ýaş nesliň
öňdebaryjy terbiýeçisi nyşanyna hem mynasyp bolan Türkmenistanyň halk
yazyjysy Kaýum Taňrygulyýew häzirkizaman çagalar edebiýatynyň ösüşi
üçin uly goşant goşandygyny sanap oturmagyň geregi ýok. Ol hemişe
çagalaryň arasynda, çagalaryň dünýäsinde. Çagalaryň dünýäsi bolsa –
päkize hyýallaryň, tämiz arzuwlaryň dünýäsi. Şahyryň eserlerinde ata-
watana, ene-ata, hünäre-käre-söýgi, owlakdyr-guzynyň, haýwanjyklaryň,
dört paslynyň alamatlary, umuman ene-topragyň adam bilen
badaşandygyny, oňa aýawly garamak ýaly pikirler çaganyň duýgy –
düşünjesine laýyklap ussatlyk bilen beýan edilýär. Bu edebi ertirlik
şahyrymyz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewyň doglan
gününe bagyşlap geçirildi. Edebi ertirligimiz şahyrymyza bagyşlap sergi
gurnaldy.
Biziň ýurdumyzda nusgawy ýazyjy, şahyrlarymyza uly hormat goýýan
Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany-sag bolsun, görjegi
gowy bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
16
Maý
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
132-nji hem-de 29-njy orta mekdeplerinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
Baýdagynyň güni mynasybetli “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyl we ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda
alnyp barylýan beýik işler şeýle-de asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyz barada
täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly
höwes bilen aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
16
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde
Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe
bagyşlap “Döwlet nyşanlary-ajap eýýamyň şamçyragy” atly edebi-sazly çäresini
geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan
nyşandygyny hem-de bularyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak,
nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde
Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, şeýle hem welaýat merkezlerinde,
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli Baýdak meýdançalaryň
döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi. . Mekdep okuwçylary hem öz
gezeginde Baş Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyzy wasp edýän şygyrlary
labyzly aýdyp berdiler we Konstitusiýa binamyzyň we Döwlet baýdagynyň
suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bolsa çäräniň has-da täsirli
geçmegine ýardam berdi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Goşa
mukaddesligiň baýramy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir
galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat
şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde “Ýaşlyk”
teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” atly gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti
galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eseriniň ýaş nesilleri milli hem-de
watançylyk ruhunde terbiýelemekdäki ähmiýeti barada “Arkadagyň kitaplary –
nesillere görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti,
halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes
ynançlary, geçmiş taryhy barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän
Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
06
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Gahryman
Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi-
filosofik eserini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Manyly ömrüň
beýany” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň “Ýaşaýyş
medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-
ýörelge”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” hem-de
“Gadymyýete nazar” atly bölümlerinde beýan edilýän halkymyzyň ruhy-ahlak
ýörelgeleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme
kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän
Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
05
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Mary, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly
“Syrly dünýä” ady bilen onlaýn maslahatyny geçirdi. Geçirilen onlaýn maslahatyň
dowamynda B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň şeýle-de welaýat
çagalar kitaphanalarynyň hünärmenleri okyjylary kitaphana çekmek, olaryň kitaba,
okamaklyga bolan ösen isleglerini, talaplaryny kanagatlandyrmak babatda alyp barýan
işleri babatda özara tejribe alyşdylar. Kitaphanalaryň baý hazynasynda orun tapan
gadymy, seýrek duş gelýän kitaplary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olarda bar bolan
çeşmeleri bilesigeliji okyjylara doly we dogry ýetirmek babatda öňde goýýan
meýilnamalary barada özara maslahat etdiler.
Geçirilen onlaýn maslahatyň ahyrynda kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyza , kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa
geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramçylygy
mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň
dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet
edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-
de gitara saz guraly bilen ýerine ýetirilen söweş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy.
Mekdebiň höwesjeň okuwçylary hem ata Watanymyzy, Watanyň gerçek ogullarynyň
edermenligini wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Watan üçin edermenlik nusgasyny görkezen
gerçeklerimizi hormatlap sarpalaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
04
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň kiçi synp
okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan
“Ömrümiň manysy” atly eserini körpeje okyjylaryň arasynda wagyz etmek maksady
bilen “Arkadagyň kitaplary- nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda eserde beýan edilýän Arkadagymyzyň
maşgalasynda alan asylly terbiýesi hakyndaky ýatlamalary barada täsirli gürrüňler
edildi. Şol ýatlamalaryň körpeje, bilesigeliji okyjylarymyza ruhy-ahlak terbiýesini
bermekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi
çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
03
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan
“Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserinde beýan edilen halkymyzyň
müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak
gymmatlyklary barada ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň
kitaplary – nesilleriň göreldesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş
medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri,
mukaddes ynançlary barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän
Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Srdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el
işlerimiziň iň naýbaşylarynyň biri bolan keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesilleriň
arasynda wagyz etmek maksady bilen “ El işleriniň seresi – mährem ene keşdesi” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýüpek sapakly iňňäniň we çeper elleriň
ýördümi bilen döreýän ajaýyp inçe sungat, oňa siňen gyz-gelinleriň arzuw-yhlasy, on
barmagynyň gudraty, ukyp-başarjaňlygy, ýiti zehini, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti barada
täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat
ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi.
Hünärmenlerimiz höwesjeň gyzjagazlara keşde çekmegiň inçe tilsimlerini öwretdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge
döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan
edildi.
28
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda “Ulkämiň derman otlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar
bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler
edildi. Şeýle-de Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler,
olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de
hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk
düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlaşdyryş
serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde
agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi, sport bilen
meşgullanmagy maslahat berdiler. Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren,
derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni
almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler.
ыSöhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
26
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebi
bilen bilelikde “Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk
ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş geçirildi. Bu
çeper okaýyşda çärämize 4-nji synp okuwçylary hem gatnaşdylar. Şahyr
N. Baýramowyň haýsy kitaplaryny alanymyzda-da çagalaryň şadyýan
aýdym-sazlary ýaňlanýar. Mähriban Watan, ähli gözellikleriň çeşmesi
bolan ynsan zähmeti, dost-doganlyk hakynda söz açylýar. Şeýle-de hem
kitaphanamyzyň hünärmeni çagalara şahyrymyzyň ömri-döredijiligi
barada gysgaça gürrüň berdi. Soňra çagalara söz berildi we şahyryň
goşgylaryny, çeper okaýyşlar bilen çykyş etdiler. Çärämiziň soňunda
ýazyjy şahyrymyzyň “Mekdebim” diýen goşgusyna döredilen aýdymy
ýerine ýetirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir
galdyrdy.
Ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýýan Hormatly Prezidentimize
Serdar Berdimuhammedowa alkyşly sözleri beýan edildi.
22
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik
mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar – ganatym
bar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi
seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler
edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes
bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”,
“Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da”
atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri beýan edildi.
21
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli “Ýelden ýyndam – gülden owadan” ady bilen aýdym-sazly dabara
geçirdi. Dabaranyň dowamynda toý-baýramyň bezegi, ýyndamlygyň, gözelligiň nusga
keşbi ahalteke bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk mynasybetli
ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Mekdebiň göreldeli okuwçylary hem bedewleri wasp
edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi
dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
22
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz
okyjylary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Şöhratly türkmen
bedewleri” ady bilen bilen Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda
türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän
giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam
bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap
sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke
bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly
bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri beýan edildi.
16
Aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat
şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky
harby okuw mekdebi bilen bilelikde harby okuwçylarynyň arasynda psihologiýa
hepdeligine bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana
hünärmenimiz adamyň psihiki taýdan kämilleşmegi üçin sport bilen
meşgullanmak bilen bir hatarda kitap dünýäsine aralaşyp köp okamalydygy barada
birnäçe tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy
Mähriban Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany
beýgeldýär”, hem-de “Paýhas çeşme” atly kitaplaryndan harby okuwçylara
mertlik, gaýduwsyzlyk, parahatçylyk, ata Watany-ene topragy söýmek ýaly
ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky harby okuw mekdebiniň
okuwçylary hem öz gezeginde adamyň psihikasynyň sagdyn pikirlenmegi ugrunda
geçýän dersleri okaýan kitaplary hakynda aýdyp berdiler. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza mertlegiň hem beýik
göreldäniň beýany bolan ajaýyp eserleri üçin alkyş sözleri beýan edildi.
Watanymyza baş bolup duran Arkdagly Serdarymyza gowy arzuwlar aýdyldy.
16
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen zergärçilik
sungatyna bagyşlap, “Şuglasy öçmejek miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli
medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa
barada täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
zergärçilik senedi barada hem bilesigeliji ýaşlarymyza kitaphanamyzyň
hünärmenleri gyzykly gürrüňler berdiler. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz
elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi
bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen milli şaý-sepleri şeýle-de
zergärçilik sungaty baradaky kitaplar esasynda gurnalan sergi hem okuwçylarda
uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
alkyş sözleri beýan edildi.
14
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk
okyjylary bilen bilelikde “Ertekiler dünýäsine gezelenç” ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli
görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly
wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly
täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede “Ertekiler dünýäsine
gezelenç” atly kitap sergisi gurnaldy.
Dabaranyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
13
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady
bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň
ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly
endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler
barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz okuwçylara ellerini ýygy-ýygydan
sabyn bilen ýuwmagy, köpçülik ýerlerde örtük dakmagy, howpsuz araçägi
saklamagy berk berjaý etmegi ündediler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň
başlangyjy bilen geçirilýän welosipedli ýörişler, welosipediň adam saglygyna,
ekologiýanyň arassalygyna, howanyň tämizligine peýdalary barada hem
bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
alkyş sözleri beýan edildi.
12
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda aprel aýynyň 12-
ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly ýöriteleşdirilen 74-nji orta
mekdep bilen bilelikde “Kitap bilimler çeşmesidir” atly täze gelen kitaplar
hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary
gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar
Berdimuhammedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri şeýle hem
bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada çäramiziň
dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we
“Galkynyş merkezinden” täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen
ertekiler we uly ýaşly okyjylara bolsa çeper eserler we owadan bezegli kitap
albomy ýaly kitaplar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen
okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen
sergi gurnaldy.
Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini,
ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi.
Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimize uzak ýaş, jan-saglyk il bähbitli
tutumly işleri rowaçlara beslenmegine arzuw edildi.
07
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda
aprel aýynyň 6-na Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdep bilen
bilelikde “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly çäre geçirildi. Bu çärämize
kiçi synpyň okuwçylary gatnaşdylar.
Bilişimiz ýaly her ýyl aprel aýyň 2-ne saglyk gününe bagyşlanyp
alyp baryjy şeýle sözler bilen başlady: Döwlet baştutanymyz sportyň
adam saglygyna, jemgyýetiň saglygyna edýän peýdasy barada,
ýurdumyzda sporty ösdürmek arkaly ýaşlarmyzyň berk bedenli, sagdyn
ruhly, giň dünýä-garaýyşly, kämil aň-düşünjeli ynsanlar bolup
ýetişmekleri üçin giň gerimli işleriň alynyp barylmalydygy barada öz
çykyşlarynda belläp geçýär.
Kitaphananyň hünärmenleri çagalaryň arasynda saglyk barada we
saglyga, sporta uly ünüs berilýändigi hakda aýdyp geçdiler.
Ýurdumuzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň her biri sport
baýramçylyklaryna öwrülýär. Ol baýramçylyklar bolsa kalplara buýsanç,
guwanç duýgularyny paýlaýar.
Bu çärede kitaphananyň hünärmenleri mowzuk boýunça sergi
gurnadylar.
Jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda dynuwsyz
zähmet çekýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
adyna alkyş sözleri beýan edildi.
07
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta
mekdebinde “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli
adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli
gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”
atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti,
ulanylyşy, aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag-
jogap alyşdylar. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi çagalarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri beýan edildi.
04
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
ekologik abadançylyk babatdaky alyp barýan syýasatynyň netijesinde
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan
“Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik
ulag ulgamlaryna girizmek ” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli
“Welosport – saglyga hemra” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli
bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny şeýle-de sport bilen
meşgullanmagyny, köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň
gülläp ösmegine goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň
gatnaşmagyny gazanmak babatda edýän aladalary we döredip berýän giň
mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan
höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş
töweregiň, howanyň arassalygyna peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar.
Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasy, binanyň daşky
keşbi, aýratynlyklary barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara täsirli
gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil
saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly
işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş
sözleri beýan edildi.
29
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Güneşli ülkäniň gözel tebigaty”-atly
söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel
tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne
çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bardygyny çagalara gürrüň berdi. Bu
söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän türkmen ýazyjylarynyň goşgulary
bilen çagalar çykyş etdiler. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän gurnalan
sergi çagalarda uly täsir gallyrdy.
Söhbetdeşligimiziň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere uly mümkinçilikleri
döredip berýän Hormatly Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
29
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk
okyjylary bilen “Gazak halk ertekilerine syýahat”-atly çeper okaýyş geçirdi.
Çeper okaýşyň dowamynda çagalar rus diline terjime edilen gazak halk ertekilerini
uly gyzyklanma bilen okadylar. Ertekileriň gahrymanlary, wakalary esasynda
özara sorag-jogap alyşdylar. Gazak halk ertekileri bilesigeliji okyjylarymyzda uly
täsir gallyrdy. Gazak hem-de türkmen halk ertekiler esasynda gurnalan sergi
çagalarda uly täsir gallyrdy.
Çeper okaýyşa gatnaşan çagalar dürli halklaryň edebiýaty, millilikleri bilen
ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyza ýaşajyk kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
18
Mart
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde «Ýürekleri joşduryp bahar geldi ülkäme» atly tegelek stoluň başynda Nowruz baýramçylygynyň taryhy we şu güni barada söhbetler edildi. Söhbetdeşlik medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýany, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işler barada boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, ýerine ýetirilen nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligi «Altyn Asyr» teleýaýlymy ýazgy etdi.
17
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat
şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde halkara Nowruz baýramyna
bagyşlap “Toýly diýara bahar gelipdir” atly edebi-sazly agşamyny geçirdi.
Kitaphana hünärmenimiz Nowruz baýramçylygy bilen baglanşykly birnäçe däp-
dessurlary, şolaryň arasynda 7-lik san bilen baglanşykly däpler barada giňişleýin
gürrüň berdi. Mundan başga-da “Semeni iýseň 7 derdiň dep bolar” ýaly birnäçe il
içinde aýdylýan aýtgylaryň üstünde durup geçdi. Mekdep okuwçylary hem öz
gezeginde bu baýramçylygyň gelip çykyşyny taryhda berilýän maglumatlardan
peýdalanyp ajaýyp sahna oýnuny oýnadylar. Şeýle-de Nowruz baýramyna degişli
dürli ýyllarda şahyrlarymyz tarapyndan döredilen şygyrlary aýtmak bilen bir
hatarda halk döredijiliginden läleleri, monjugatdylary ýerine ýetirip çäräniň soňuny
milli tansymyz bolan küştdepdi bilen jemlediler. Kitaphanamyz tarapyndan
gurnalan “Bahar geldi ülkäme” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly
täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerine çuňňur hormat goýýan we
olary öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
16
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Mahmal diýen, güller açyp, Bahar geldi
Watanyma”atly edebi sazly ertirligini geçirdi. Çäräniň dowamynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, bu baýrama
mahsus bolan milli däp-dessurlar barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk
dabarasyna gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz Milli Bahar baýramyny wasp edýän
goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly
täsir gallyrdy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeldip
beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Teatr sungaty belent
sepgitlerde” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy,
aýratynlyklary, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de teatr sungatynda yz goýan sahna ussatlary, olaryň döreden ajaýyp keşpleri barada
gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ýaş nesillerimize
giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
14
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-
ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen
“Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap gelip gowuşdy. Bu kitap
halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna
bagyşlanýar. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň
usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde
iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama,
basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman
Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk
terbiýeçilik ähmiýeti barada täze kitapda aýratyn nygtalýar. Milli türkmen
lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär.
Kitapda medeni mirasymyzy ýaş nesillere giňişleýin öwretmäge uly
mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan
edilýär.
09
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde “Edepli
gyzlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Hormatly Prezidentimiziň berkarar
döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ähli tutymly işleri bilen bir hatarda zenanlaryň
sarpasyny belende göterýändigini we Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:
“Goý, häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşaýşyň gözbaşy, durmuşymyzyň manysy
bolan enelerimiziň, gelin gyzlarymyzyň belent mertebesi ýene-de şöhrata-şana
beslensin, nurana ýüzleri bahar gülleri ýaly gülüp-ýylgyryp dursun! “ diýen çuň
manyly bu sözleri gelin-gyzlarymyza, mährem enelere goýulýan beýik sarpadan
nyşandyr diýip aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde çeper okaýyşlary bilen
gyzykly çykyşlary etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan
Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
07
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň
4-nji orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň zynaty
ene” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly
enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri
barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el
hünäri barada şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň
mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda
aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan
Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda kitaphananyň hünärmenleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň
diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli täze çapdan çykan “Abadançylygyň röwşen
gadamlary” atly kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda geçen 2021-nji
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şeýle hem
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň başynda halkara çärelerde eden çykyşlary,
daşary ýurtlaryň iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýulary
jemlenendigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň
eserleriniň üstüni ýetirýän “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň tutuş
halkymyz, kitaphanaçylar aýratyn-da, ýaş žurnalistler we diplomatlar üçin gollanma
bolup hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp,
halkymyza pegeş berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
01
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat
şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji orta
mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowy ýatlap“Söýgüden doly
ýürek” atly şygryýet agşamyny gurady. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz ýaş
şahyr G. Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen
aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz
gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir
hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen
aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede G. Ezizowyň döredijiligi
barada taýýarlanylan elektron görnüşindäki albom prezintasiýasy hem görkezildi.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Owadan ýüregiň owazy” atly göçme kitap
sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan
şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri
döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
24
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyň şygyrlary we ol şygyrlara döredilen aýdymlar barada “Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbilemek we olaryň halal, arassa ahlakly, dogruçyl adamlar bolup ýetişmegindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Höwesjeň okyjylarymyz hem akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekdeuly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Fewral
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly 74-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Çagalaryň söýgüli şahyry”atly ýazyjy şahyr Gurban Çöliýewiň d.g 85-ýyllygy mynasybetli edebi ertirligi geçirildi. Halkymyzyň edebiýat, sungat äleminde yz goýup giden şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olary döwrüň talabyna laýyk ösdürüp, ýetişdirmek bagtyýar döwründe iň wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Tanymal şahyr Gurban Çöliýew hem edebiýat äleminiň ussatlaryndan biri diýip, ömri döredijiligi barada gyzykly gürrüň berildi. Soňra mekdep okuwçylaryna söz berildi, olar Gurban Çöliýewiň goşgularyndan çeper okaýyşy bilen çykyş etdiler. Soňra hormatly myhmanymyza şahyryň gyzyna Jennet Çöliýewa söz berildi. Ol öz şahyr kakasy barada gyzykly pursatlaryndan gürrüň berdi. Çekilen netijeli zähmetiň sarpasy, hormaty uludyr diýip şu sözler bilen çärämiz jemlendi. Kitaphananyň hünärmenleri ýazyjy şahyrymyz Gurban Çöliýewiň kitaplaryndan sergi gurnadylar. Bu göçme sergimiz çagalarda uly höwesli täsir galdyrdy.
15
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Toýdan ýetirsin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eseriň “Myhmansöýerlik” atly bölüminde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän toý däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, myhmansöýerlik bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de bäbek, diş, galpak, sünnet, gelin toýlary, olaryň özüne mahsus bolan däp-dessurlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň milli medeniýetine, medeni mirasyna çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
10
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy
Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebinde “Edep –başy salam” atly
edep-terbiýe hakynda söhbetdeşlik gurady. Bu söhbetdeşlikde kitaphana
hünärmenimiz edep-terbiýe salamdan başlanyp, adamlaryň arasyndaky dostlukly
gatnaşygy we mähribanlygy subut edýär diýip tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi.
Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde enelerimizden miras galan beýik terbiýe mekdebi
biziň ýol ýörelgämizdir. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň
“Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan edep-terbiýe hem-de gyzlarymyz üçin ene-mamalarymyzdan
bize miras galan el-işleri barada birnäçe nakyllary aýdyp berdiler. Çünki el işleriň
ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýändigi barada täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň edepli bolmagynyň kadalaryna
aýratyn üns berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
07
Fewral
“Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar
çeperçilik mekdebinde türkmen nakgaşçylyk sungaty barada “Müň bir öwüşginli
sungat” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman
Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä
derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Nakgaşlyk sungatynyň inçe syrlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Sungaty
söýüji okyjylarymyz hem ÝUNESKO-nyň adamzadyň bütindünýä maddy däl
medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli saz guralymyz dutara bagyşlap çeken
suratlaryny, ýasan heýkellerini serginiň üsti bilen görkezdiler. Gurnalan göçme
kitap sergisi hem bilesigeliji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan
edildi.
02
Fewral
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň Fewral aýynyň 1-i güni Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda şu kitaphananyň
hünärmenleriniň, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar
kitaphanasynyň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň MKU-nyň G.Ezizow
adyndaky we A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň
gatnaşmaklarynda ”Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde Watançylyk temasy,
edep-terbiýe” ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda, okyjylarda watansöýüjiligi terbiýelemekde,
pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimizi okyjylarymyza
wagyz etmekde gymmatly gollanma bolup durýan mähriban Arkadagymyzyň
çuňňur many-mazmuna ýugrulan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”,”Ile
döwlet geler bolsa...”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Mertler Watany
beýgeldýär” kitaplaryndan, şeýle-de “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygryndan
alnan mysallaryň esasynda özara söhbet etdiler hem-de hormatly Arkadagymyzyň
nusgalyk kitaplary boýunça kitaphanalarynda okyjylar bilen alyp barýan işleri
dogrusynda hem durup geçdiler. Kitaphana hünärmenleri her bir işde, okuwda,
durmuşda ýol-ýörelge, terbiýe mekdebi bolup durýan mähriban Arkadagymyzyň
şular ýaly gyzyldan gymmatly eserleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuwlap
söhbetdeşliklerini jemlediler.
02
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde türkmen milli saz guraly dutar senedini ýasamak,
dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl
gymmatlyklarynyň sanawyna girmegi mynasybetli “Saýra, dutar, saýra! ” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-
saz sungatymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmekde alyp barýan işleri barada täsirli
gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”,
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny
barada bilesigeliji okyjylarymyza aýdyp berdiler. Şeýle-de dutar saz guralynyň ýasalyş
aýratynlygy, onda çalynýan şirin sazlar barada çagalar bilen gyzykly söhbet etdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
31
Ýanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 134-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi tarapyndan çagalara sagdyn durmuş
ýörelgelerini dogry we dürs öwretmek maksady bilen kitaphanamyza sowgat eden
“Sagdyn nesil” atly kitapçasynyň tanyşdyryş söhbetdeşligini geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitapçada suratlaryň hem-de gysgaça ýazgylaryň üsti
bilen görkezilýän dogry iýmitlenmek, iýmitlerde bar bolan witaminler, suwy
tygşytly peýdalanmak, şahsy tämizligiň düzgünlerini berjaý etmek, oýunjaklary
arassa saklamak we beýleki sagdyn durmuş ýörelgeleri barada hünärmenlerimiz
bilesigeliji okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berdiler. Kitapçada arassaçylyk
düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen baglanyşykly berlen birnäçe soraglara
çagalar uly gyzyklanma bilen jogap berdiler. Şeýle-de arassaçylyk düzgünleri
esasynda kitapçanyň gahrymanlary Mergen we Merjeniň gatnaşmagynda
taýýarlanan şekilli görnüşler hem çagalaryň ünsüni özüne çekdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nesil saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
24
Ýanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde okyjylary bilen bilelikde
“Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary” ady bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar “Güneş” žurnalyndan öz deň-duşlarynyň
ýazan goşgularyny gyzykly we labyzly okamakda özara bäsleşdiler. Bäsleşikde
birinji, ikinji, üçünji synp okuwçylary gatnaşyp, öz zehin aýratynlyklaryny
görkezdiler. Soňra ýeňiji bolan çagalara höweslerini has-da artdyrmakda birinji,
ikinji, üçünji ýerler kesgitlendi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmeni
Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi watançylyk ruhda terbiýelemekde
Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Jan Watanym
Türkmenistan!” atly goşgusyny labyzly okap berdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş
nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
21
Ýanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde täze 2022-nji ýylyň “Halkyň
Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli
“Arkadagly Diýara hoş geldiň sen, Täze ýyl” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli, asuda, parahat durmuşda
ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman
Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak,
işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak
baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti
galamyndan dörän “Ýaşasyn parahat durmuş!” hem-de “Jan Watanym
Türkmenistan!” atly goşgularyny mekdebiň höwesjeň okuwçylary labyzly aýdyp
berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan
edildi.
18
Ýanwar
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Watany goramak mukaddes borç” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Hormatly
Prezidentimiziň ýaş nesillerimiziň bagtyýar, sagdyn bedenli, ylymdan, tehnikadan baş
çykarýan, hakyky watançylar bolup ýetişmegi üçin uly alada edýändigi barada aýratyn
nygtadylar. Şeýle-de Watanyň her daban ýeriniň mukadesdigi, keramatlydygy, şu
Watana, şu topraga gulluk etmegiň, ony gözüň göreji ýaly goramagyň mukadesdigi barada
buýsançly çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär”,
“Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly eserlerinde ündelýän watançylyk ýörelgeleri,
onuň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Çäräniň dowamynda mekdebiň
okuwçylary edermen Watan goragçylarymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän goşgulary
labyzly aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Watany goramak mukaddes borç” atly
kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
12
Ýanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri öz okyjylary bilen “Ýaşasyn Arkadagly Watan!” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýiti
galamyndan dörän “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusynda ösüşlerden-ösüşlere,
täze beletliklere tarap gadam urýan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi goşgy
setirlerinde beýan edilýär. Şu goşgy setirlerini okan körpeje jiglerimiziň ýüreginde ata
Watanymyza, asuda, parahat ýurdymyza bolan çäksiz söýgi uly buýsanç, duýgulary döredi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden
peýdalanyp, okap, öwrenip, ýurdumyzy dürli ugurlar boýunça belent derejelere ýetirmek
barada buýsançly gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri ýurdumyzyň asudalygy,
parahatlygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýörelgeleriniň üstünlikli
ýeňişlere beslenýändigi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem
okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk
baradaky asylly ýol-ýörelgelerini Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize
giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri
beýan edildi.
23
Dekabr
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar
kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik mekdebinde
Täze ýyl baýramyna bagyşlap, “Ak arzuwlara beslenen Täze ýyl” atly
aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabara gatnaşan okuwçylar Täze ýyly, Aýaz
babany, ajaýyp Täze ýyl arçasyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly
şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de mekdep okuwçylary Täze ýyl
arçasynyň daşynda gülküli sahna oýunlaryny oýnap , dabaranyň
şowhunyny has-da artdyrdylar. Hünärmenlerimiz okuwçylara Täze
ýylyň gelip çykyşy barada gürrüň berdiler we özara sorag-jogap
alyşdylar. Şeýle-de “Ak arzuwlara beslenen Täze ýyl” ady bilen gurnalan
göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Aýdym-sazly dabara gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga,
öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly
Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
20
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz hemişelik okyjylary bilen Hormatly Prezidentimiziň Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli halkymyza sowgat eden ýiti galamyndan, ýürek
ylhamyndan, pähim-paýhasyndan dörän “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly
goşgusynyň many-mazmunyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady
bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň
ylham ummanyndan syzylyp çykan bu ajaýyp goşgusynda ündelýän parahatçylyk,
abadançylyk, dost-doganlyk hem-de agzybirlik şygaryny bütin ýer ýüzüne ýaýmak
baradaky gymmatly setirleri aýratyn nygtaldy. Şeýle-de täze şygryň owazynyň
başgaçalygy, mazmun taýdan ýitiligi, özboluşlylygy, düýplüligi, dünýäni, ynsan
kowumyny parahatçylyga, rahatlyga çagyrýanlygy barada buýsançly gürrüňler
edildi. Kitaphanamyzyň höwesjeň okyjylary, kitap söýüji ýaşlary hem Hormatly
Prezidentimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyny höwes bilen, uly
buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň bir
jebis maşgala bolmagy, bütin dünýäde parahat, abadan günleriň höküm sürmegi,
ýaraglaryň sem bolup, derdi-belalaryň, kynçylyklaryň ýol almaýan, birek-biregi
sylap, ýamanlykdan ýüz öwrülýän parahat durmuş baradaky goşguda beýan edýän
arzuwlary bilesigeliji ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolup,
ylhamynyň mundan beýläk-de joşguna beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
16
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde körpeje
okyjylary bilen bilelikde “Körpeleriň söýgüli žurnaly” ady bilen gyzykly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni
çagalaryň söýgüli žurnalyndan gyzykly ertekiler, matallar, tapmaçalar,
ýaňyltmaçlar aytmak, sorag-jogap alyşmak boýunça bäsleşik gurnadylar. Çagalar
hem öz gezeginde söýgüli “Güneş” žurnalyndan “Täsin dünýä”, “Haýwanat
dünýäsindäki täsinlikleri”, “Muny bilmek gyzykly” atly sahypalardan özlerini
gyzyklandyrýan dürli maglumatlary uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle-de
zehinli çagalar elde ýasalan gurjaklary hereketlendirip, erteki gahrymanlarynyň
keşplerini sahna oýunlarynyň üsti bilen janlandyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan
türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly
täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň
bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
09
Dekabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Bitaraplyk-parahatlyk
aýdymy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kitaphana
hünärmenimiz mekdep okuwçylaryna gadymy halkymyzyň uzak geçmişinden bäri
parahatsöýüji, dost-doganlygy, asuda durmuşy goldap gelen zähmetsöýer halkdygyna we
ata-babalarymyzdan miras galan halk döredijiliginiň eserlerinden mysallary getirip
hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de M.
Kuliýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda
Mähriban Arkadagymyzy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny wasp
edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde häzirki döwür
şahyrlarymyzdan ata-watanymyzyň parahatçylygyny wasp edip ýazan şygyrlaryny
labyzly ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyz tarapyndan “Bitaraplyk-buýsanjym” atly
gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Edebi-sazly çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürýän, mähriban halkymyzy
bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
07
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimine eýerip, halkymyzyň biragyzdan islegi netijesinde täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin...” diýip arzuwlan zamanasyny durmuş hakykatyna öwren Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlar beýan edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri kitap söýüji, ýaşajyk okyjylarymyz bilen bilelikde täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrmak baradaky teklibi tüýs ýürekden goldap, uly buýsanç bilen öz seslerini goşdular.Duşuşyga gatnaşanlaryň ýüreginiň her bir urgusy “Halkym” diýip urýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimiz, kitap söýüji ýaşlarymyz, körpeje okyjylarymyz hem Mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine goşgudyr, aýdymlaryň üsti bilen çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
03
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň
ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Gyz-gelinleriň ýaraşygy keteni”
atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphamyzyň hünärmeni mekdep
okuwçylaryna türmen ketenileri özüniň reňki, öwüşgini, hiliniň berkligi, boýaglarynyň
tebigylygy barada aýdyp berdi. Mundan başga-da ene-mamalarymyzdan bize miras
bolan gültahýalarymyzyň taryhy we ondaky sünnälenip keşdelenýän nagyşlar hakynda
aýdyp berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde sere zynat berýän gültahýalarymyz,
syna ýaraşyk berýän al-elwan ketenilerimizi wasp edip birnäçe goşgulary labyzly aýdyp
berdiler. Şeýle-de mekdepden boş wagtlary edýän el-işleri barada hem sowal-jogap
alşyldy.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem söhbetdeşlige gatnaşan
okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesle türkmeniň milli
gymmatlyklarynyň taryhy şöhratyny öwretmek üçin döredip berýän mümkünçiliklerine
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.
29
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy
mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Bitaraplyk -
agzybirligiň, parahatçylygyň nyşany” ady bilen baýramçylyk dabarasyny
geçirdi. Dabaranyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň hemişelik
Bitaraplygymyz, onuň ähmiýeti, Bitaraplygymyza ýetilýänçä, ata-babalarymyzyň
geçen taryhy ýoly baradaky dürdäne setirlerini hünärmenlerimiz ýaş nesillere
aýdyp berdiler. Şeýle-de 26 ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ýeten
belent sepgitleri barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji
okyjylarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat
Zeminimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan
göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýade parahatçylygy goldaýan, hoşniýetli
hyzmatdaşlyga ygrarly döwlet hökmünde tanadan Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
25
Noýabr
Annamyradow, D. Dünýäniň yşky : Hekaýalar, nowellalar, esseler,
miniatýuralar / red. S. Şaýymow. – A.: TDNG, 2021. – 518 s.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň elimizdäki täze
“Dünýäniň yşky” atly liriki eseri çeper öwrümlere, duýgulara, garaşylmadyk yşky
çözgütlere, nowella häsiýetli wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Kitapda adam
ykbaly inçe lirizmiň üsti bilen täze öwüşginlerde açylýar. Eserde çaga psihologiýasy
hem öň ulanylmadyk görnüşlerde inçeden yzarlnýar. Bu liriki hekaýalar çemeni proza
bilen poeziýanyň arasyndan salnan täze bir ýol diýip hasaplamak bolar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň elimizdäki täze
“Dünýäniň yşky” atly liriki eseri kalplary yşkdan doly ýaşlara we giň okyjylar
köpçüligine niýetlenendir.
23
Noýabr
(Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Myrat Talybynyň doglan
gününiň 255 ýyllygyna şeýle-de Zynharynyň doglan gününiň 230 ýyllygyna bagyşlap, “Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli
wekilleri Myrat Talybynyň doglan gününiň 255 ýyllygyna şeýle-de Zynharynyň doglan
gününiň 230 ýyllygyna bagyşlap, “Çeper sözüň ussatlary” atly edebi agşam.
Söhbetdeşligiň dowamynda edebiýatymyzda yz goýan söz ussatlarynyň ömri we döredijiligi
barada täsirli gürrüňler edildi. Mekdebiň göreldeli okuwçylary ussat şahyrlaryň döreden
goşgularynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we
döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän
Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
23
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda körpe okyjylary bilen tapmaçalar esasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň
dowamynda iki topar hem deň netije gazandy. Hünärmenlerimiz ýeňijini bije çekmek
arkaly saýlady. Bu bolsa çagalarda örän ýakymly täsir galdyrdy. Uzynly-gysgaly iki
çöpüň başyny deňläp atylan bu bije halkymyzyň gadymdan gelýän bije atyşmak
dessurynyň ýokary derejede mynasyp dowam etdirilýändiginiň şöhlelenmesine öwrüldi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara dürdäne “Paýhas çeşmesi” kitabynda orun
alan “Bijeli oglan aglamaz” diýen atalar sözüniň türkmen halkynyň arasynda asyrlar
boýy dowam edip gelen bije atyşmak dessury bilen baglylykda döränligi hem-de
türkmeniň bu dessura garaýşynyň, onuň bilen baglylykda ýüze çykýan merdana
hasiýetini beýan edýändigi barada gyzykly gürrüň berdi. Gurnalan kitap sergisi hem
çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
19
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “ Haly
dokamak käri – terbiýäniň nusgalyk täri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen zenanlarynyň näzik elleri bilen keser tutup, çitim çitip
döreden ajaýyp sungat eseri bolan nepis halylarymyzy dokamagyň syrlary, bu inçe sungady
döretmekde ulanylýan gurallar, sapaklarynyň aýratynlygy, reňk öwüşgini barada täsirli
gürrüňler edildi. Mekdebiň halypa kitaphanaçysy, halyçy zenan Şalar Öräýewa höwesjeň,
bilesigeliji okyjylarymyzy keser, synny, darak, temen, eriş, argaç, dürli boýagly ýüpler,
alaja ýüp, badalga ýüpi, baslyk ýüp, küji ýüpi, topraklyk ak ýüp we başga-da haly
ýüwürtmegiň we dokamagyň gadymy usullaryna gerekli bolan dürli ýüpler we enjamlar
bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Halyçy zenan haly dokamagyň inçe syrlaryny ýaşajyk
okyjylarymyza ussatlyk bilen öwretdi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem Hormatly
Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilen
nepis halylarymyz baradaky täsin maglumatlary ýaşajyk okyjylarymyza aýdyp berdiler.
Halyçylyk sungatyna gerekli bolan dürli gurallar hem-de dürli haly önümleri esasynda
gurnalan göçme sergi hem çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat
şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji orta
mekdebi bilen bilelikde “Rysgal berekediň toýy” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu
geçirilen söhbetdeşliginde kitaphanamyzyň hünärmeni Hasyl toýy janypkeş
babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza
päk yhlasyna belent sarpanyň nyşanydygy barada gürrüň berdi. Mundan başga-da
kitaphanaçy nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň saçagyň nazy-
nygmatlary toprakdan önüşi ýaly zeminiň rysgal-berekedi barada ýazan
şygyrlaryndan birnäçesini aýdyp berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde
gadymy Jeýtun medeniýetiniň ekarançylygy we ýer-suw bilen baglanşykly birnäçe
nakyllary, rowaýatlary aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem söhbetdeşlige gatnaşan
okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan edildi.
12
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el
işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Nagyş görki alaja” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli el işlerimiz barada täsirli gürrüňler
edildi. Olaryň arasynda ak we gara şeýle-de dürli reňkli ýüplerden işilýän alajalara aýratyn
orun berildi. Gözden-dilden goranmak maksady bilen bilege, boýna dakylýan, egin-eşiklere
çatylýan, öýüň töründen asylýan, çaga sallançagyna bag edilýän alajalaryň dürli görnüşleri
barada hünärmelerimiziň aýdyp beren gyzykly maglumatlary çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çagalar alaja barada ýazylan hekaýalary uly höwes bilen diňlediler. Söhbetdeşligiň
dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere
nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi. Gurnalan
göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Höwesjeň okyjylarymyz hem özleriniň eli bilen
işen alajalaryny sergide ýerleşdirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge
döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan
edildi.
09
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk
okyjylary bilen bilelikde “Ertekiler dünýäsine gezelenç” ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli
görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly
wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly
täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede “Ertekiler dünýäsine
gezelenç” atly kitap sergisi gurnaldy.
Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
01
Noýabr
Babaýew, H. Türkmen şalarynyň - hanlarynyň we serdarlarynyň şöhratly taryhy.
T. 3. /Döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna 1991 - 2021; / red. K. Borjakowa. – A.,
2021. – 228 s.
Mirasgär hem şahyr Hangeldi Babaýewiň elimizdäki täze “Türkmen şalarynyň -
hanlarynyň we serdarlarynyň şöhratly taryhy” atly kitabynda türkmen halkynyň
taryhynda uly yz galdyran şahslarymyzyň durmuş yoly we edermenlikleri barada
gürrüň berilýär. Şeýle hem şahyryň olara bagyşlap ýazan döreden eserleri girizilendir.
Bu kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenen.
05
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
öz okyjylary bilen ussat ýazyjy, şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömri we döredijiligine
bagyşlap, “Çagalaryň söýgüli ýazyjysy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda Kaýum Taňrygulyýewiň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz şahyryň çagalar üçin ýazan goşgularynyň ençemesini çagalara okap
berdiler. Çagalar hem ussat ýazyjynyň haýwanlar, gözel tebigat, dostluk barada ýazylan
täsirli goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Tapmaça esasynda düzülen goşgularyň dogry
jogabyny bilmek üçin özara bäsleşdiler. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan
göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
29
Oktýabr
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly
kitabynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada
çagalaryň arasynda «Milliligiň gymmaty» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň
gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly
parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy.
Bu ajaýyp eseriň halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly
saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda
gymmatly hazynadygy barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda bar bolan rowaýatlaryň,
tymsallaryň birnäçesini bilesigeliji okyjylarymyza okap berdiler. Gurnalan
göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize
alkyş sözleri beýan edildi.
27
Oktýabr
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli
adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli
gürrüňler edildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen
dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik
geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik
ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de
zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy,
köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna
iýmitlenmegi, sport bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. Ene-mamalarymyzyň
millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik
ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara
täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin
Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
26
Oktýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
öz okyjylary bilen türkmen milli saz guraly dutar barada “Owazy jahana ýaýran
dutarym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň
milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmekde alyp barýan işleri
barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet
geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynyň many-
mazmuny barada bilesigeliji okyjylarymyza aýdyp berdiler. Şeýle-de dutar saz guralynyň
ýasalyş aýratynlygy, onda çalynýan şirin sazlar barada çagalar bilen gyzykly söhbet etdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Oktýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen
ýaňy-ýakynda Milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna hem-de
türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň
XIII jildiniň tanyşdyrylyş söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana
hünärmenimiz bu gymmatly eserde öz beýanyny tapan dermanlyk ösümlikler, olaryň
suratlary, biologik aýratynlyklary, dermanlyk ähmiýeti, himiki düzümi, taýýarlanyşy we
ulanylyşy barada berlen anyk we takyk maglumatlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de
ýurdumyzyň gözel ýerlerinde düşürilen foto suratlaryň, dermanlyk ösümlikleriň rus-latyn-
türkmen dilindäki sözlüginiň hem-de ösümlikleri ýygnamagyň senenamasynyň kitabyň baý
mazmunynda beýan edilýändigini aýratyn nygtady. Kitaphananyň okyjylary hem öz
gezeginde bu ajaýyp eseriň her bir jildinde görkezilen dermanlyk ösümlikleriň peýdasy
barada gyzykly gürrüňler berdiler hem-de türkmen tebigatyny wasp edýän ajaýyp goşgulary
labyzly aýdyp berdiler.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzda gurnalan “Saglygym-baş
baýlygym” atly kitap sergisi çärä gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
08
Oktýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda öz okyjylary bilen ýurdumyzda
bellenilip geçilýän Hatyra güni mynasybetli “Merdana pederleriň hatyrasy” ady bilen
ýatlama söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz
merhumlary hatyralamak, olary ýagşylykda ýatlamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň
biridir diýmek bilen bir hatarda ýurduň azatlygy, iliň erkinligi üçin mertlik bilen
söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip wepat bolanlar, 1948-nji ýylyň
Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar hakyndaky ýatlamalar halkymyzyň
hakydasynda ebedi bolýandygyny we olar taryha öz atlaryny edermenlikleri,
gaýduwsyzlyklary, ýanbermezlikleri bilen geljekki nesiller üçin watansöýüjüleriň
nusgasyna öwrülendikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Çäräniň dowamynda
kitaphanamyzda Hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda
uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan, ajaýyp keşbi bilen göreni haýrana goýýan gözel
paýtagtymyz Aşgabady gülledip ösdürýän Mähriban Arkadagymyza çäräniň
dowamynda alkyş sözleri beýan edildi.
07
Oktýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşan çagalaryň arasynda “Garaşsyzlyk baky-bagtym” atly aýdym-sazly çäresini geçirdi. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işleriň edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçymyz birnäçe taryhy wakalary mysal getirip Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty hakda aýdyp berdi. Çäre gatnaşan çagalaram öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplardan ruhlanyp, türkmeniň milli tagamlaryna, bedew atyna, halysyna, Garaşsyzlyga bagyşlap birnäçe aýdymlary aýdyp, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli kitaphanamyz tarapyndan “Garaşsyzlyk- döwletlilik” atly gurnalan kitap sergisi hem çärä gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda ýaş zehinleri ýüze çykarmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
09
sentýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje
okyjylary bilen “Ýol hereketiniň düzgünleri” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we
dogry berjaý etmek biziň janymyzyň goraglylygyny üpjün edýänligi barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da kitaphanaçy ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiniň howupsyzlyk
kadalaryny gündelik ýatladyp durmak ene-atalaryň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň,
galyberse-de, biziň hemmämiziň borjumyzdyr diýip aýdyp berdi. Şeýle-de çagalar hem
öz gezeginde ýol hereketine degişli “ Mähriban çagalar we pyýada ýolagçylar! Ýol
hereketiniň kadalaryny hemişe berk berjaý ediň! Ýol belgileriniň talaplaryna ünsli boluň!
Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin iňňän wajypdyr!” diýen
ýüzlenmelerini aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi
okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýol hereketiniň howupsyzlygyny üpjün etmekde,
ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin
mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
28
sentýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşan çagalaryň arasynda “Garaşsyzlyk baky-bagtym” atly aýdym-sazly çäresini geçirdi. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işleriň edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçymyz birnäçe taryhy wakalary mysal getirip Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty hakda aýdyp berdi. Çäre gatnaşan çagalaram öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplardan ruhlanyp, türkmeniň milli tagamlaryna, bedew atyna, halysyna, Garaşsyzlyga bagyşlap birnäçe aýdymlary aýdyp, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli kitaphanamyz tarapyndan “Garaşsyzlyk- döwletlilik” atly gurnalan kitap sergisi hem çärä gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda ýaş zehinleri ýüze çykarmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
22
sentýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje okyjylary
bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Dilleriň senasy, buýsanjym
Watan” atly edebi duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyza
ýetilýänçä ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly hakda we geçen 30 ýylyň dowamynda
ýurdumyzda ähli ugurlarda ýetilen belent sepgitleri hem-de Garaşsyzlygymyzyň gadyr-
gymmaty barada täsirli gürrüňler edildi. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly,”Döwletimiziň
hakyky Garaşsyzlyk ýoluna düşmegi örän uly wakadyr. Bu taryhy wakanyň ähmiýeti
ýyllaryň geçmegi bilen barha ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe
bolmagy bilen dana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan iň arzuwly umytlary hasyl boldy.”
Duşuşygyň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyz şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edip,
goşgulary, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Çäräniň dowamynda kitaphanamyzda şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli
gurnalan, “Durky-dünýäsi bilen, Ezizi maňa Diýarym!” atly kitap sergisi çärä gatnaşanl
arda uly täsir galdyrdy.
13
sentýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphana
gelýän okyjylarynyň arasynda şahyr Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 85-
ýyllygyna bagyşlap “Ýaz ýürekli şahyr” atly edebiýat sahypasyna degişli
çäresini geçirdi. Bu geçirilen çärede kitaphamyzyň hünärmeni H. Kulyýewiň ömri-
döredijiligi hem-de onuň baharyň şahyrydygy we goşgularynda sadadan gelen
üýtgeşik setirleri tapyp, täzeçe sagdyn pikirleri üýtgeşik kapiýalarda jemläp
bilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy H.
Kulyýewiň diňe poeziýa-da däl, edebiýaty öwreniş ylmynda hem uly işleri bitiren
zehinli alymdygy we ýaşan ömründe abraýly mugallym bolandygy barada hem
aýdyp berdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirligine degişli 2-nji we 7-nji sungat
mekdebinden gelen okyjylarymyz bolsa H. Kulyýew şygyrlaryny labyzly aýdyp,
ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem okyjylarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesle alymlarymyzyň,
şahyrlarymyzyň gymmatly edebi mirasyny öwretmek üçin döredip berýän
mümkünçiliklerine Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan
etdildi.
09
sentýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje
okyjylary bilen “Ýol hereketiniň düzgünleri” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň
dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we
dogry berjaý etmek biziň janymyzyň goraglylygyny üpjün edýänligi barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da kitaphanaçy ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiniň howupsyzlyk
kadalaryny gündelik ýatladyp durmak ene-atalaryň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň,
galyberse-de, biziň hemmämiziň borjumyzdyr diýip aýdyp berdi. Şeýle-de çagalar hem
öz gezeginde ýol hereketine degişli “ Mähriban çagalar we pyýada ýolagçylar! Ýol
hereketiniň kadalaryny hemişe berk berjaý ediň! Ýol belgileriniň talaplaryna ünsli boluň!
Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin iňňän wajypdyr!” diýen
ýüzlenmelerini aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi
okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýol hereketiniň howupsyzlygyny üpjün etmekde,
ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin
mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
22
Awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-
de “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Garaşsyzlygyň şanly 30
ýyllygyna bagyşlap, “Biz bagtyýar döwrüň çagalary”, “Watan waspy
goşgularda” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda
kitaphanamyzyň hünärmenleri Hormatly Prezidentimziň ýolbaşçylygynda ýaş
nesliň okamagy-öwrenmegi üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleri barada
gürrüň berdi. Şeýle-de ata Watanymyz Türkmenistan döwletini wasp edip ýazan
birnäçe şahyrlar barada aýdyp berdiler. Çagalar hem öz gezeginde ata
Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary ýatdan
labyzyly aýdyp, özara bäsleşdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap
sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban
hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.
20
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş
we dynç alyş merkezinde türkmen halk döredijiligi boýunça “Şorta sözler” atly
söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni
dynç alýan çagalara, şorta sözleriň nesilden-nesle dowam edip gelýän, resmi
bolmadyk mekdebini görmek we şol mekdebiň halypa we şägirtler neslini
yzarlamak mümkindigini, bu däbiň başyny başlaýjy Ependidigini hem-de söz
ussatlary bolan A. Nowaýynyň-Myralynyň, Keýmir körüň, Aldar kösedir
Japbaklaryň we beýlekileriň adyndan aýdylýan şorta sözler barada gürrüň berdi.
Bu ýerde dynç alýan çagalar hem öz gezeginde nusgawy şahyrymyz M. Keminäniň
döredijiliginden özleriniň bilýän şorta sözlerinden aýdyp berdiler. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda
terbiýelemäge, olara medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini
giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
20
Awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş
merkezinde Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap, “Kirişler heňe,
tüýdükler owaza başlady” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda
kitaphanamyzyň hünärmeni şöhratly geçmişimizi, baý medeni
gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we ösdürmäge Hormatly Prezidentimiziň
tagallasy bilen badalga berildi diýip, türkmen halkynyň aýdym-sazy söýýän
şahandaz halkdygy hem-de aýdym-sazyň her bir adamy durmuş belentliklerine
ruhlandyryp, güýç-kuwwat berýändigi barada aýdyp berdi. “Bu türkmeniň goşa-
goşa täji bar, biri Magtymguly, biri goşa tar” diýip şahyr aýtmyşlaýyn türkmen saz
gurallarynyň iň ýörgünlileriniň biriniň dutardygydygyny we onuň ýasalşy barada
kitaphana hünärmenimiz gürrüň berdi. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra
bolsa dutar saz guralynyň ýanyna beýleki saz gurallaryny goşup hem birnäçe saz
eserleri döredildi. Şeýle-de ýurdumuzyň dürli künjeginden bu ýere dynç almana
gelen çagalar hem dutar çalyp, birnäçe halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Bu bolsa
söhbetdeşligiň has-da gyzykly geçmegine ýardam etdi. Kitaphanamyz tarapyndan
gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda türkmen medeniýetini, aýdym-sazyny hem dünýä
ýüzüne çykarýan, ony ösüş-özgerişleriň ýolundan öňe sary alyp barýan Mähriban
hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.
18
Awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri”
çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tebigatdaky iň owadan guşlarynyň
aýtlaryny aýtmak boýunça “Muny bilmek gyzykly” atly sowal-jogap bäsleşigini
geçirdi. Bu bäsleşigiň başynda kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gyzyl
kitabyna giren guşlar barada aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde
Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren guşlar, ýagny, kaşykburun, gara
leglek,bürgüt, gyzylgaz, hindi towugy ýaly birnäçe guşlar bilen bir hatarda
dünýäde owadan hasaplanylýan guşlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da çagalar
guşlara, umuman dürli haýwanlara bagyşlanan goşgulary çeper aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan etdildi.
17
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde rus halk ertekilerine bagyşlanan “Rus halk ertekilerine syýahat”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara rus halk döredijiligi barada we rus ýazyjy şahyrlaryň ýagny Aleksandr Sirgeewiç Puşkin, Petr Pawlowiç Erşow, Pawel Petrowiç Bazow, Lew Nikolaewiç Tolstoý we bir näçe ýazyjylaryň ýazan ertekileriniň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti,erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüň berdiler. Soňra bolsa çagalar hem öz gezeginde rus halk ertekilerini okap öz aralarynda bäsleşdiler we sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan rus halk ertekilerinden düzilen göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
16
Awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitapdyr adamyň ruhy hemrasy” atly söhbetdeşligini geçirdi. Kitaphna hünärmenimiz Mähriban Arkadagymyzyň sözlerine “Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegine ýardam edýän güýç bolup görünýär” diýen sözleri bilen başlap, çagalara elmydama kitap bilen dostlaşmalydygyny kitap adamzadyň dünýägaraýşyny giňeldýändigini, kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldigini aýdyp geçdi. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bolmalydygyny kitap çagalaryň sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär diýip belläp geçdi. Kitaphanamyz tarapyndan çeper eserlere bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi hem çagalarada uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
08
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş
we dynç alyş merkezinde türkmen halkynyň geçmişde guran galalaryna bagyşlap
“Türkmen galalary hakynda rowaýatlar” atly söhbetdeşligini geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni dynç alýan çagalara
türkmen topragynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy
taryhy üçin ähmiýetli ösmegine öz goşandyny goşan halkdygy hem-de taryhyň
dürli-döwürlerinde ata-babalarymyzyň guran binalary esasanam galalary hakynda
gürrüň berdi. Öz gezeginde bilesigeliji çagalar hem kitaphana hünärmenimiz bilen
türkmen galalary hakynda sowal-jogap alyşdylar. Käbir çagalar bolsa, ýaşaýan
welaýatlaryndaky galalar hakda rowaýatlary aýdyp berdiler. Kitaphanamyz
tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda
terbiýelemäge, olara medeni mirasymyzyň dürli görnüşlerini giňişleýin wagyz
etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş
sözleri beýan edildi
06
Awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nebitçi” hem-de “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde “Ýol hereketiniň harplygy” atly çeper okaýyşly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri dynç alýan dürli ýaşdaky çagalarymyza ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek biziň janymyzyň, saglygymyzyň goraglydygyny üpjün edýändigi we ýol hereketiniň düzdünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gökderedäki “Nebitçi” we “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezindäki çagalar ýol hereketiniň düzgünlerine degişli birnäçe goşgulary ýatdan çeper aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.
03
Awgust
04
awgust
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmen milli oýunlary” atly söhbetdeşlikli bäsleşigini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji çagalarymyza milli oýunlaryň çaga terbiýesiniň milli mekdebiniň baý tejribelerini, usul-tärlerini özünde jemläp gelýän genji baýlygymyzdygy barada gürrüň berdiler we halk oýunlarynyň birnäçesini sanap berdiler. Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar “Aýterek-Günterek” hem-de “Gizlenpeçek” ýaly oýunlary oýnap özara bäsleşdiler we wagtlaryny gyzykly we ýatda galyjy geçirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.
08
iýun
1. Mämmedi, Ý. Beýik Seljukly : Roman. Kitap. I. / red. Ş. Myratgulyýewa. –
Aşgabat .: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. – 376 s.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, taryhçy alym Ýazmyrat Mämmediýew (1930-2013) Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulup, ol edebi-çeper döredijilik işine geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda başlaýar. Onuň türkmen dilinde dürli ýyllarda neşir edilen “Ene toprak”, “Şapak”, “Çynar boý alýar”, “Beýik Seljukly” atly taryhy romanlaryň we “Ene ýüreginiň gürrüldisi” diýen birnäçe powestleriň hem-de hekaýalaryň awtorydyr.
Taryhçy alym Ýazmyrat Mämmediýewiň eliňizdäki “Beýik Seljukly” atly romany hem bu döwletiň sebitdäki orny we onuň soltanlarynyň alyp baran syýasatyndan söhbet açýar. Bu döwletiň taryhyny we onuň juda köp taraplara ýaýran şahalaryny – begliklerini kämil belli alym we ussat ýazyjy Ýazmyrat Mämmediýewiň “Beýik Seljukly” atly çeper taryhy romany dört jiltden ybarat bolup, ondaky taryhy wakalar dürli keşpleriň üsti bilen juda gyzykly suratlandyrýar. Bu eseri okan islendik okyjy, türkmen halkynyň şeýle baý taryhynyň bardygyna göz ýetirer we çeper taryhy eserleriň höwrüniň köp bolmagyny isleýärsiň. Kitap dürli ýaşdaky okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
2. Ertekiler dünýäsinde. Türkmen halk ertekileri / red. O. Garajaýewa. – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. – 80 s.
Çagalar üçin sadadan düşnükli dilde ýazylan bu ertekili kitap, türkmen-rus dillerinde neşir edildi. Onda “Akpamyk”, “Ejekejan”, “Ýartygulak”, “Ýüz tylla”, “Küýze we tilki” ýaly birnäçe ertekiler girizilen. Ertekide Watansöýüjilik, il-günüň derdine ýaramak, mertlik, halallyk ýaly häsýetler, şeýle-de ondaky gahrymanyň içki dünýäsi açylyp görkezilýär. “Ýüz tylla” ertekisinde bolsa, ynsan ahlagynyň iň gymmatly baýlygydygyny ündelýär. Ol ertekide milli häsiýetleriň özboluşly suratlandyrylmasy okyjyny biparh goýmaýar. Kitap geljekki ýaşajyk okyjylarymyzyň göwnünden turar diýip tama edýäris.
3. Dostlugyň miwesi. Türkmen halk ertekileri / red. O. Ataýewa. – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. – 50 s.
Ata-babalarymyzyň bize goýup giden ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň naýbaşylarynyň biri hem ertekilerdir. Elimizdäki bu çaklanja ertekili kitap-da “Dana ýigit”, “Akylly”, “Toty bilen tilki”, “Üç dost”, “Gyzyl alma”, “Akyl ýaşda däl” diýen ertekiler bar. Çagalara niýetlenip ýazylan ertekili kitap ýaşajyk okyjylarymyzyň aňynda zähmete bolan söýgini oýarmakda, belli bir hünär saýlamakda, şol hünäre wepaly bolmakda peýda berer. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerinden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygynyň edep-terbiýe mekdebidir.
23
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Garagumyň aýdymçysy” atly şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan edebi ertirligi geçirdiler. Edebi ertirligiň dowamynda şahyryň ömri we döredijiligi barada hünärmenlerimiz dynç alýan çagalara gyzykly gürrüňleri we birnäçe goşgulary labyzly okap aýdyp berdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri şahyryň döredijiligi barada gyzyklanýan çagalar bilen sorag-jogaplary alyşdylar. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan sergide şahyr Kasym Nurbatowyň goşgular ýygyndylaryny ýerleşdirdiler.
Edebi ertirligiň ahyrynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligini giňişleýin öwrenmäge we ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentemize alkyş sözleri beýan edildi.
19
iýul
“Türkmenistan-Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly şatlykly dabara beslenip türkmen halky mukaddes Gurban baýramyny agzybirlikde, jebislikde belleýär. Baýramçylyk esasan halkymyzyň göz- guwanjy, ýaşlarda, çagalarda uly täsir galdyryp, şol günler olaryň mukaddes ojaklary toý mekanyna öwrülýär. Birek-biregiň Gurbanlygyna baryp, açyk ýüz, arassa ýürekden “Kabul bolsun!” diýýärler. Biz kitaphana işgärleri bolup Gurban baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti, onuň milli däp-dessurlarymyzy ösdürmäge oňyn täsiri dogrusynda giňişleýin düşündiriş işlerini alyp barýarys. Gurban baýramy agzybirligi, jebisligi özünde jemlemek bilen, ol halkyň bitewi güýjüni aňladýar. Gurban baýramy mynasybetli Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezinde bizem işjeň gatnaşyp täsirili söhbetdeşlikleri geçirdik.
17
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş
möwsüminde “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Öz ýurdyňy
bilýärmiň” atly sorag-jogap basleşigini geçirdiler. Basleşiginiň dowamynda çagalar
Ýurdymyzda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleri barada çykyşlar edip öz aralarynda
bäsleşdiler. Geçirilen bäsleşikde çagalar mary welaýatynda ýerleşýän Meriwiň taryhy
barada, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän, Abywerd şäheri barada we
Goňurdepe ýadygärligi, Balkan welaýatynda obasynda ýerleşýän Dehistan ýadygärlikleri
barada gyzykly gürrüňleri bilen öz aralarynda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap
sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sorag-jogap bäsleşigiň ahyrynda Gahryman
Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk ertekilerine bagyşlanan “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly surat çekmek bäsleşigini geçirdi. Çagalar türkmen halk ertekilerindäki söýgüli gahrymanlaryny we gözel tebigatymyzy ajaýyp pursatlaryny suratlandyryp, öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda çagalar çeken suratlarynyň gahrymanlary barada gürrüňleri edip we türkmen halk ertekilerini aýdyp bermekde bäsleşdiler. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
iýul
Tùrkmenistanyň B.Amanow adyndaky dòwlet cagalr kitaphanasy tomusky dynç alyş mòwsùminde "Altyn ýyldyz" çagalar sagaldyş we dynç merkezinde túrkmen halk ertekilerine bagyşlanan ,,Jadyly ertekiler dùnýäsi,, atly sesli okaýyş çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kitaphanamyzyň húnärmenleri dynç alýan çagalara,túrkmeniň terbiýe mekdebi bolan ertekilerimiziň iňňän gadymydygyny we many-mazmuna baýdygyny gúrrùň berdiler.Şeýle-de Türkmen halkertekilerimiziň áhlisi-de edermenlik,batyrgaýlyk,ata-enáni sylamak, tebigata aýawly garamak,òý haýwanlaryna esewan bolmak ýaly ýagşy gylyk-hásiýetlere ýugrulandygyny aýdyp geçýäris.Soňra bolsa kitaphananyň hùnármenleri çagalara Túrkmen halk ertekilerinden birnáçesini okap berensoň,çagalar òz bilýän bilýän ertekilerini aýdyp berdiler hem- de sorag jogap alyşdylar.Túrkmen halk ertekilerinden dúzilen gòçme kitap sergisi çagalarda uly tásir galdyrdy. Ýaş nesili milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemáge,olara medeni mirasymyzy,halk dòredijiliginiň dùrli gòrnúşlerini giňiśleýin wagyz etmäge giň múmkinçilikleri dòredip berýän Gahrym Arkadagymyza alkyş sòzleri beýan edildi.
24
iýun
Túrkmenistanyň B.Amanow adyndaky dòwlet çagalar kitaphanasy Gòkderedäki ,,Altyn Ýyldyz,,çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ,,Medeniýet dost-doganlygyň kòprüsi,, atly sõhbetdeşligini geçerdi Sòhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünårmenleri Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşylygynda medenýetimizi we sungatymyzy òsdùrmek hem-de dùnýä ýaýmak baradaky alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler .Gòkderedåki ,,Altyn ýyldyz,,çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap sòýùji okyjylarymyz hem mendeniýetimize degişli goşgulardyr, aýdymlary şowhunly we labyzly aýdyp berdiler.Gurnalan gòçme kitap sergisi hem çagalarda uly tåsir galdyrdy. Sòhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
14
iýun
Túrkmenostanyň B. Amanow adyndaky dòwlet çagalar kitahanasynyň ýaňy-ýakynda Gòkderedâki ,,Çeşme,,çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ,,Tebigat biziň òýúmizdir,, atly sòhbetdeşligini geçirdi.Sòhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň húnârmenleri bilesigeliji okaýjylarymyz bilen Túrkmenistan dòwletimiziň tebigaty haýwanat dúnýásiniň ajaýyplyklary barada gyzykly gúrrúňler ediler.Gòkderedâki ,,Çeşme,, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan kitap sòýúji çagalar hem túrkmen tebigatyny wasp edýän goşgulary uly hòwes bilen aýdyp berdiler .Gurnalan gòçme kitap sergisi hem çagalarda uly tásir galdyrdy . Sòhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sòzleri beýan edildi.
10
iýun
Türkmenistanyñ B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde "Ýaşlyk" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda türkmen halk saz gurallary barada "Kirişler heñe, tüýdükler owaza başlady" atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň milli aýdym saz - sungatymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmekde alyp barýan işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bu ýerde dynç alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmen medeniýeti", "Medeniýet halkyň kalbydyr", "Ile döwlet geler bolsa...", "Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyl sazy" kitaplarynda türkmen aýdym-saz sungaty, milli saz gurallarymyz barada beýan edilýän gymmatly maglumatlar barada gyzykly gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözler beýan edildi.
09
iýun
Túrkmenistanyń B.Amanow adyndaky dówlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş mówsùminde ,,Çeşme,, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tùrkmen milli oýunlary esasynda ,,Matallar,tapmaçalar,ýańyltmaçlar,,atly sóhbetdeşlik geçirdi.Sóhbetdeşligiñ dowamynda hereketli we pikirli oýunlar esasynda çagalaryñ arasynda bâsleşik geçirildi.Bâsleşigiń dowamynda tapmaçalardyr, matallaryñ dogry jogabyny bilmek şeýle-de ýañyltmaçlary dogry we dùrs aýtmak boýunça çagalar çekeleşikli bâsleşdiler .Kitapjanamyz tarapyndan gurnalan góçme kitap sergisi hem çagalarda uly tâsir galdyrdy.
Bâsleşigiñ ahyrynda Watanymyzyñ geljegi bolan ósùp gelýän ýaş nesilleriñ okamagy, ówrenmegi , dynç alyş môwsùmlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi úçin giñ múmkinçilikleri dóredip berýân Gahryman Arkadagymyza alkyş sôzleri beýan edildi.
02
iýun
Tùrkmenistanyň B.Amanoe adyndaky dòwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda "Aśgabat" seýilgáhinde Çagalary goramagyň halkara gúni mynasybetli "WATANYŇ GELJEGI-BAGTYÝAR NESIL" ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.Dabara dùrli ýaśdaky çagajyklar gatnaśdy.Dabaranyň dowamynda kitaphananyň hùnármenleri çagalar bilen bilelikde dùrli pikirli hem-de hereketli oýunlary oýnadylar, seýilgáhe gezelenç etdiler,çagajyklar dùrli suratlary çekdiler, ajaýyp zamanamyzy wasp etyán gośgulary aýtdylar.Gòçme kitap sergimizde ýerleśdirilen birnáçe ertekileri uly gyzyklanma bilen okadylar.Śeýle-de kitaphanamyzyň Kárdeśler Arkalaśygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar çagalara gowśuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaś nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy ùçin giň múmkinçilikleri dòredip berýán Gahryman Arkadagymyza alkyś sòzleri beýan edildi.
26
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli öz okyjylary bilen “Mähir siňen sungat ” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen türkmen gyz-gelinleriniň on barmagynyň hünäri bolan nepis halylary, olaryň reňk aýratynlygy, gölleriniň taryhy barada täsirli gürrüňler etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen bejeren kürtesiniň we ören jorabynyň nepisligi, inçeligi, şol döwre mahsus görnüşde bejerilendigi we bu el hünäriniň türkmen gyz-gelinlerine görelde mekdebi bolup durýandygy barada körpeje gyzjagazlara öwüt-ündew berdiler. Kitap söýüji okyjylarymyz hem türkmeniň nesip halylaryny, milli mirasyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” , “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitaplary hem-de türkmeniň halysyny, ajaýyp el hünärini wasp edýän dürli neşirler ýerleşdirildi.
Duşuşygyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
24
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabadym – göwün şadym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda ýadawsyz işleriniň netijesinde gözel şäherimiz Aşgabadyň ak mermere beslenip, ençeme binalarynyň, desgalarynyň, suw çüwdürimleriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi baradaky täsin maglumatlar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Höwesjeň okyjylarymyz hem merjen şäherimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
21
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby şeýle-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän dürli kitaplar ýerleşdirildi.
Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
19
maý
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçy zenanlary Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň mähriban Käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen bejeren kürtesiniň hem-de ören gülli jorabynyň türkmeniň ajaýyp el-işlerine mahsus görnüşde inçelik, nepislik bilen taýýarlanandygy şeýle-de bu ajaýyp el hünäriniň çeper elli türkmen zenanlarymyza görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi barada geçirilen hoşallyk maslahata gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Ogulabat ejäniň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygy, onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, çeper ellilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň jemlenendigi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Çykyş edenleriň ählisi türkmeniň söwer ogly Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejä nesil terbiýelemekde, zenan mertebesini, öý-ojagyň mukaddesligini gorap saklamakda ähli gyz-gelinlerimize nusgalyk göreldesi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda mähriban enelerimizi hormatlaýan, sarpalaýan şeýle-de olaryň döreden el hünärini dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi
14
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji hem-de 29-njy orta mekdeplerinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyl we ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyz barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
11
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy maý aýynyň 11-ne Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny ýaş nesilleriň arasynda tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda beýan edilýän gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda ýadawsyz işleriniň netijesinde gözel şäherimiz Aşgabadyň ak mermere beslenip, Aziýanyň merjen şäherine öwrülendigi barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
07
maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli “Edermenligiň beýik mekdebi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda söweş ýyllarynda Watan gerçekleriniň, merdana ogullarynyň görkezen beýik gahrymançylygy şeýle-de tylda galanlaryň zähmet edermenligi barada täsirli gürrüňler edildi. Mekdebiň okuwçylary hem ata Watanymyzy, merdana gerçeklerimizi wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin janyny aýaman edermenlik bilen söweşen gerçeklerimizi hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňşiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Watan mukaddesligi, ata Watan, ene toprak üçin mertlerçe söweşen gerçekleriň şeýle-de tylda zähmet gahrymançylygyny görkezen edermenleriň bitiren beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Watan gerçeklerine goýýan belent hormat-sarpasy barada ýaşajyk okyjylarymyza aýdyp berdiler. Kitapsöýüji okyjylarymyz hem Beýik Ýeňşi, Watan mukaddesligini wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin janyny aýaman söweşen gerçeklerimizi hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň Özbek dilinde çapdan çykmagy mynasybetli ““Türkmeni dünýä tanadan kitap”” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp eseriň iki goňşy halkyň hoşniýetli, dost-doganlyk hem-de medeni gatnaşyklaryny has-da berkitmekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu gymmatly kitabyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklap gelýän milli mirasyny, däp-dessurlaryny, asylly ýörelgelerini ýene-de bir gezek dünýä ýüzünde tanatmak babatda görelde mekdebi bolup durýandygy barada hem aýratyn nygtaldy. Täsirli söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan şeýle-de türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
03
maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy mynasybetli “Dost-doganlyk ýörelgesi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp eseriň iki goňşy halkyň hoşniýetli, dost-doganlyk hem-de medeni gatnaşyklaryny has-da berkitmekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu gymmatly kitabyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklap gelýän milli mirasyny, däp-dessurlaryny, asylly ýörelgelerini ýene-de bir gezek dünýä ýüzünde tanatmak babatda görelde mekdebi bolup durýandygy barada hem aýratyn nygtaldy. Täsirli söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan şeýle-de türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
27
aprel
27
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde ““Kalba sena Watan mukaddesligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri höwesjeň okyjylarymyz bilen Watan mukaddesligi barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzy, ene topragymyzy çyn ýürekden söýmek, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okap, öwrenip, ýurdumyzy dürli ugurlar boýunça belent derejelere ýetirmek babatda kitap söýüji okyjylarymyza öwüt-ündew etdiler. Täsirli söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň gözel paýtagty, Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli şäherimiziň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda alyp barýan ýadawsyz işleri barada okyjylarymyza täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
23
aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherimizdäki 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi hem-de 28-nji orta mekdebi bilen bilelikde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Atym bar-hormatym bar”, “Şöhratly türkmen bedewi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenlerimiz türkmen halkynyň buýsanjy bolan Türkmen bedewine hem-de türkmeniň esasanda ýaş nesliň wepaly dosty bolan Türkmen alabaýyna degişli birnäçe täsirli rowaýatlary, ýazyjylarymyz tarapyndan döredilen ajaýyp eserleri gyzykly gürrüň berdiler. Mundan baş-gada Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän eserleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Söhbetdeşligiň dowamynda mekdep okuwçylary hem bedewe we Türkmen alabaýyna degişli goşgulary ýatdan labyzly aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Ganatly bedewler” atly göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
21
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Küştdepdi tansy – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halk döredijiliginiň hereketli we sözli görnüşi bolan “Küştdepdi” tansynyň gelip çykyşy, ýerine ýetirilişi, hereketleriniň aýratynlygy, gazallarynyň aňladýan manylary barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan neşir önümleriniň göçme sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ýokary derejelere ýetirmek, dünýä ýaýmak şeýle-de Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek babatda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
20
aprel
Türkmenistanyñ B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli öz okyjylary bilen “Behişdi bedewler” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşligimize Bäşim Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Döwlet Işangulyýew hem öz bedew baradaky çeken ajaýyp suratlary bilen gatnaşdy we çeken suratlary barada şeýle hem türkmen bedewiniň ajaýyp keşbi barada gyzykly gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen Ahalteke bedewlerimiziň owadanlygy, ýelden ýüwrükligi, duýgurlygy, wepadarlygy, dünýä dolan şan-şöhraty barada şeýle-de ýurdumyzda bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar Ahalteke bedewlerimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary hem-de türkmen bedewini wasp edýän dürli neşirler ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
22
aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bellenilen meýilnama esasynda kitaphana gelýän okyjylarynyň arasynda 17-nji asyrda ýaşap geçen Garajaoglanyň 415 ýyllygyna bagyşlap “Ynsan gözelliginiň aýdymçysy” atly söhbetdeşligi gurady. Bu söhbetdeşlikde kitaphanaçymyz Garajaoglanyň dünýä, ynsan, tebigat, ýaşaýyş-durmuş, haýyr, gözellik hem-de şahyryň Watany küýsäp ýazan şygyrlaryny okyjylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphana hünärmenimiz Garajaoglanyň şygyrlaryna döredilen aýdymdyr-sazlar barada hem aýdyp berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
15
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 76-njy orta mekdebinde “Körpeleriň ýakyn dosty” ady bilen şahyr Azat Rahmanowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi ertirlik geçirdi. Edebi ertirligiň dowamynda şahyryň ömri we döredijiligi barada hünärmenlerimiz okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler.Kitap söýüji okyjylarymyz hem Azat Rahmanowyň ýazan goşgularynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiligi barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda hünärmenlerimiz bilen sorag-jogap alyşdylar. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide şahyryň goşgular ýygyndylary ýerleşdirildi. Edebi ertirligiň ahyrynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligini giňişleýin öwrenmäge we ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
14
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen alabaý itleri barada “Iň wepaly dostumyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen Hormatly Prezidentimiziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän asylly ýörelgelerimizi dowam etdirip, ýurdumyzda milli baýlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaýynyň eldekileşdirilip , ösdürilip ýetişdirilmegine döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda türkmeniň wepadar dost hökmünde garaýan alabaý itleriniň arassa ganlylygy, duýgurlygy, çydamlylygy, olaryň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazylan ajaýyp setirlerini kitap söýüji körpejelere okap berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda okyjylarymyz hem çagalar ýazyjylarynyň it barada döreden goşgularynyň birnäçesini uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
12
aprel
1. Şalyýew, B. Hasyl: Goşgular / red. A. Atabaýew. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. - 189 s.
“Hasyl” diýlip atlandyrylýan eliňizdäki kitap, şahyryň döredijilik älemindäki dowamly zähmetleriniň hasylydyr. Kitapda: “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany”, “Çemen”, “Nowça”, “Rubagylar”, “Üçlemeler” ýaly bölümlerden ybarat bolup durýar. Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren yhlasly, göreldeli zähmeti üçin Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Şahyr Bazar Şalyýewiň bu kitabynda ata Watanymyza çäksiz söýgi, Gahryman Arkadagymyza hormat we wepalylyk, mertlik we halallyk, ruhy agzybirlik, döwrümize buýsanç, bagtyýar ertirimize ynam baradaky joşgunly şygyrlar ýerleşdirilipdir. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenen.
2. Baýryýew, A. Beýik duýgular: Goşgular / red. B. Orazdurdyýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020. - 168 s.
“Beýik duýgular” atly kitapda Aşyr Baýryýewiň birnäçe goşgulary girizilen. Aşyr Baýryýewiň şygyrlarynda ýurdumyzyň ösüşlerini, milli medeniýetimizi wasp edýän, milli mirasymyza, terbiýeçilik we watansöýüjilik, maşgala we söýgi temalara bagyşlanan eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Onuň “Bagta ýeten türkmenim”, “Beýik türkmeniň Altyn zamany” kitaplary hem dürli ýyllarda çap edildi. Eliňizdäki “Beýik duýgular” atly kitaby bolsa onuň üçinji kitabydyr. Sada düşnükli dilde ýazylan goşgular kitaby okyjylaryň göwnünden turar diýip tama edýäris.
09
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günsaýyn özgerýän keşbini wasp edip, «Ak paýtagtym - ak bagtym» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda höwesjeň okyjylarymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gün-günden gözelleşýän merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň belent binalaryny, suw çüwdürimlerini, ajaýyp ýollaryny wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binalary, desgalary barada täsirli maglumatlary aýdyp berdiler. Şäherimiziň gözel ýerleriniň fotosuratlary bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem-de Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binalary, desgalary baradaky täsirli maglumatlar we söhbetdeşlikler okyjylarmyzda uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, olaryň döwrebap mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda bilim, terbiýe almagyna uly mümkinçilik döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
07
aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Saglygym - baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
08
aprel
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Mertebesi dünýä dolýan Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda ýadawsyz işleriniň netijesinde gözel şäherimiz Aşgabadyň ak mermere beslenip, ençeme binalarynyň, desgalarynyň, suw çüwdürimleriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi baradaky täsin maglumatlar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Höwesjeň okyjylarymyz hem merjen şäherimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
03
aprel
Şu günler “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ahlihalk arassaçylyk işleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle asylly işiň halkymyz tarapyndan yzygiderli we üstünlikli amal edilýän günlerinde Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem öz okyjylary bilen kitaphananyň ýanaşyk ýerlerine nahal ekmek şeýle hem, olaryň düýbine ideg etmek, suwarmak işlerini ýerine ýetirdiler. Bu zatlaryň ählisi ýaş nesilleriň çaga ýüreginde ene topragymyza bolan söýginiň şeýle-de ajaýyp tebigatymyzy, arassa howamyzy gorap saklamaga bolan höwesiň döremeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýle asylly işleriň sakasynda duran Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.
01
aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň dürli künjeginde bellenip geçilýän Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli öz okyjylary bilen “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi, sport bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
31
mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Balkan welaýat çagalar kitaphanasy şeýle-de Mary welaýat çagalar kitaphanasy bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistanyň hormatly il Ýaşulusy, şahyr Çerkez Esenow bilen onlaýn döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda şahyr öz döreden şygyrlaryndan birnäçesini aýdyp berdi. Ol şygyrlarda ajaýyp döwrümiziň waspy, nesil terbiýesi, nusgawy edebiýatymyza bolan söýgi giňişleýin beýan edilýär. Kitaphana hünärmenleri hem özlerini şeýle-de okyjylary gyzyklandyrýan soraglar esasynda şahyr bilen gürrüňdeş boldular. Teleköpriniň üsti bilen geçirilen onlaýn döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini has giňişleýin öwrenmäge hem-de Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
30
mart
1.Babaýew, H. Joşgunly kalbyň owazy /red. A.Jumadow. – Aşgabat., 2020. – 200s.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ata Watanymyz üçin uly işler bitiren ýazyjy-şahyrlaryň sarpasy has belentde tutulýar. Olaryň şan-şöhrata beslenen durmuş we zähmet ýollary şu günki gün hem geljekki nesil üçin görelde we terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şeýle ýazyjylaryň biri zehinli şahyr Hangeldi Babaýew. Onuň “Joşgunly kalbyň owazy” atly kitabynda şahyryň dürli döwürlerde döreden eserleri girizilendir. Onuň Watana wepalylyk, adamkärçilik, hallallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetli kitapdaky goşgularyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp döwrümiziň, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, yol-ýörelgelerimiziň waspyny çeper beýan edýän goşgulary okyjylarda gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.
2.Babaýew, H. Aýşa we Kerwen: goşgy /red. A.Jumadow. – Aşgabat., 2021. – 48 s.
Bu çaklanja kitapça-da Salam, mugallym!, Aşgabat, Gelse Nowruz äleme, Eziz ejemjan, Älem syry, Günüň nury, Ata-ene, Güýz, Ak kepderi, Owlajyk ýaly birnäçe goşgulary girizilen. Çagalar üçin sada düşnükli dilde ýazylan goşgular geljekgi ýaşajyk okyjylaryň göwnünden turar diýip tama edýäris.
29
mart
Döwrebap kitaphanalar we häzirki zaman okyjylary : Usuly - bibliografiýa gollanma / düz. B.Ç. Nurmyradowa; red. T.J.Jürdekow [we başg.] ; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Ylmy-usuly bölüm. – Aşgabat., 2020. – 102 s. Bu usuly gollanma berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, bilimleriň çeşmesi hasaplanýan kitaplaryň toplanan ýeri bolan kitaphanalar hakynda, şeýle hem çagalar kitaphanalary üçin ýagny çagalary we ýetginjekleri kitap okamaklyga çekmekligiň häzirki zaman täze usullary barada giňişleýin beýan edilipdir. Mysal üçin, “Aň-bilim oýunlary”, “Asylyp goýulýan kitap”, “Döredijilik sapagy” okyjylar üçin kitap sergileriniň görnüşleri ýagny, “Şertli (wirtual) kitap sergisi, “Interaktiw sergi”, “Oýun sergileri” “Gepleşik sergileri” barada giňişleýin ýazylypdyr. Gollanma esasan 8 bölümden ybarat bolup durýar. Olar : “Kitap adamyň ganaty”, “Döwrebap kitaphanalar”, “Okyjyny kitaphana çekmekligiň häzirki zaman täze usullary”, “Okyjy-ulanyjylar bilen işlemegiň döredijilikli (kreatiw) we interaktiw usullarynyň (görnüşleriniň) käbirleri barada”, “Kitaphana saýty kitaplardan peýdalanmaklygyň we okaýşyň hilini ýokarlandyrmaklygyň guraly hökmünde”, “Kitaphanalaryň sanlaşdyrylmagy - bilimler jemgyýetiniň ösüşiniň kepili”, “Hünär taýýarlygy - döwrüň talaby”, “Peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy”. Usuly-bibliografiýa gollanma ähli kitap söýüjiler we kitaphanaçylar üçin niýetlenen. Gollanma kitaphana gelýän giň okyjylar köpçüligine hem hyzmat eder.
29
mart
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar.Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem bu ugurda birnäçe işleri alyp barýar. Kitaphananyň agzybir hünärmenleri ýaşajyk okyjylar bilen bilelikde söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri, wagyz-nesihat işlerini, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Geçirilýän her bir duşuşyklarda ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi ýygy-ýygydan nygtalýar. Kitaphananyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylara ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi yzygiderli mashalat berýärler. Uly ýaşly okyjylara hem öýüň içini yzygiderli tämizlemegi, howalandyrmagy, umuman hemme taraplaýyn arassaçylygy berjaý etmegi ýygy-ýygydan ündeýärler. Şeýle-de ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňleri berýärler. Üzärligiň tüssesini öýleriň otaglaryna yzygiderli aýlamak arkaly dürli kesellerden goranmagyň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirýärler. Kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylar, kitap söýüjiler hem bu gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Olar kitaphanada arassaçylygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, özlerini gyzyklandyrýan kitaplary, beýleki neşirleri uly höwes bilen okaýarlar. Aýratyn-da Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy eserinde ýerleşdirilen keremli topragymyzda ösüp ýetişýän ösümlikler baradaky maglumatlar, olaryň duş gelýän ýerleri, keselleri bejerijilik häsiýeti, aýratynlyklary kitaphana gelýän okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Kitaphanada gurnalýan sergileriň dürli görnüşleri hem çagalarda, ýetginjeklerde hem-de uly ýaşly okyjylarymyzda uly täsir galdyrýar. Kitaphanaçylara işlemäge, okyjylara ýokary derejede hyzmat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, ynsan saglygyny, nesil saglygyny ähli zatdan öňde tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
26
mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Ertekiler dünýäsine gezelenç” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede “Ertekiler dünýäsine gezelenç” atly kitap sergisi gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
26
mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy şeýle-de welaýat kitaphanalary Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplary teleköpri arkaly ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, onlaýn duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýazyjynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Geçirilen onlaýn duşuşyga Nurmyrat Saryhanowyň maşgala agzalary hem gatnaşyp, olar bilen kitaphana hünärmenleri ýazyjynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda pikir alyşdylar. Teleköpriniň üsti bilen geçirilen onlaýn duşuşygynyň ahyrynda ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmäge hem-de Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
26
mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiziň meşhur Akhan diýen atynyň ilkinji at taýynyň dünýä inmegi mynasybetli öz okyjylary bilen “Bedew batly öňe barýar Watanym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen Hormatly Prezidentimiziň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewine “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýulandygy şeýle-de täze doglan at taýynyň boýnuna Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasynyň daňylandygy barada täsirli gürrüňler etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar mermer paýtagtymyzy, Ahalteke bedewlerimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
18
mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda milli bahar baýramy mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde “Bolýar şeýle hezilik, nowruz gelse ilime!” atly baýramçylyk çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda hünärmenlerimiz çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, gelip çykyşy, bu baýrama mahsus bolan däp-dessurlar barada aýdyp berdiler. Höwesjeň çagalar hem milli bahar baýramyny wasp edýän goşgudur, aýdymlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan bellemäge giň münkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
15
mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Heýkeller – döwrüň keşbi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda heýkeltaraşlyk sungatynyň aýratynlyklary barada şeýle-de ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň döreden eserleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
12
mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde belli türkmen bagşysy, ussat sazanda Girman bagşy Orazsähet Ýagşysähet oglunyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, “Owazyň ýürege melhemdir, bagşy!” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat bagşynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa..”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplarynda beýan edilýän türkmen aýdym-saz sungaty, bu sungatyň aýratynlygy barada çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda medeniýetde, sungatda yz goýan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
mart
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Döwlet baýragynyň eýesi Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Garaşsyz ýurduň bagtyýar zenanlary” atly edebi-sazly agşamyny geçirdi. Kitaphana hünärmenlerimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelere hormat goýmakda, gelin- gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sungat mekdebiň okuwçylary hem öz gezeginde enelerimizi wasp edip aýdym aýdyp, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Bahar-ýaz ýaly zenanlarymyza bagyşlap birnäçe şygyrlary labyzly okap berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Baky gözellik” atly göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
04
mart
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Döwlet baýragynyň eýesi söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowy ýatlap, Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 21-nji, 132-nji, 134-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleri bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlap «Sazlaşykly owaz», «Şahyr hem tebigat», «Türkmen sährasynyň waspçysy» atly şygryýet agşamyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşy nesillerimiziň ruhy kämilligini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserleri döreden şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň, sungat ussatlarymyzyň atlary şöhratlandyrylýar. Juda gysga ömründe halkyna asla könelmeýän serpaý ýapan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet hem-de Ýaşlar baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna düzülen aýdymdyr, goýlan sahna oýnyny mekdep okuwçylary ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan«Ýagşyny ýatlap» atly göçme kitap sergisi hem mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
19
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tatar şahyry Musa Jeliliň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap “Hakykatyň we söýginiň şahyry” atly şygryýet agşamyny geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni söhbetdeşligiň dowamynda tatar şahyry Musa Jeliliň ömri we döredijiligi hem-de edebi mirasynyň örän uly hem çuň many mazmunlydygy barada mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Olar hem öz gezeginde M. Jeliliň ýazan şygyrlaryndan labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de şahyryň şygyrlaryndaky beýan edilýän watansöýüjilik, tämiz ahlaklylyk, merdanalyk ýaly häsiýetler dogrusynda sowal-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
19
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphananyň okyjylarynyň arasynda “Zehinli çagalar” atly bäsleşik ýazgy etdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça bäş sany şert esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňiji bolanlara kitaphananyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýörite höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň zehinini has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
12
Fewral
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy fewral aýynyň 7-ne № 74 “Bagtyýar nesiller” mekdebinde “Bitarap Diýarym meniň” atly edebi döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyga şahyr Goçy Annasähedow gatnaşdy. Ýazyjy ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde Türkmenistan ýurdumyzy we parahatçylygy wasp edip birnäçe ajaýyp şygyrlary okap, ýurdumyzyň goňşy döwletleri bilen saklaýan gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle-de biziň kitaphanamyz bu çäräni öz degişli sergisi bilen gurnady. Bu sergi okuwçylarda uly täsir galdyryp, öz gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmaga kitaphanaçylar tarapyndan ýardam etdi.
08
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günsaýyn özgerýän keşbini wasp edip, “Ak paýtagtym - ak bagtym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda höwesjeň okyjylarymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gün-günden gözelleşýän merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň belent binalaryny, suw çüwdürimlerini, ajaýyp ýollaryny wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binalary, desgalary barada täsirli maglumatlary aýdyp berdiler. Şäherimiziň gözel ýerleriniň fotosuratlary bilen tanyşdyrdylar.Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, olaryň döwrebap mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda bilim, terbiýe almagyna uly ýol açyp berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
05
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji “Bagtyýar nesiller” orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Hindi şahyry, dramaturg, romançy Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlap “Parahatçylygyň waspçysy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni söhbetdeşligiň dowamynda hindi şahyry R. Tagoryň edebi mirasynyň örän uly hem çuň many mazmunlydygy barada mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Olar hem öz gezeginde hindi şahyry R. Tagoryň ýazan eserlerinden gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji “Bagtyýar nesiller” orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Edep – altyndan gymmat” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan edep baradaky altyndan gymmat sözleri, nakyllary, olaryň many-mazmuny barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gürrüň berdiler. Şeýle-de “Paýhas çeşmesi” kitaby, kitapda bar bolan nakyllardyr, atalar sözleri esasynda özara sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
12
Ýanwar
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlap, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary we beýleki neşirleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
06
Ýanwar
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde öz okyjylarymyz bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza kitaphanamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak maksady bilen internet saýdymyza gaýybana syýahat etmegi maslahat berdiler. Saýdda ýerleşdirilen sahypalar, maglumatlar, täzelikler, fotosuratlar şeýle-de elektron kitaplar bilen çagalary ýakyndan tanyşdyrdylar. Kitap söýüji okyjylarymyz hem täze 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyza gelip okan ertekileriniň birnäçesini birek-birege gürrüň berdiler. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga şeýle-de dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
05
Ýanwar
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän şahamçasynda höwesjeň okyjylary bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Gökje medeniýet öýüniň “Ganatly nesil” deprekçiler topary hem özleriniň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary bilen gatnaşdylar. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Diýarymyzyň täze 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna gadam basmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda okyjylar okamaga, öwrenmäge şeýle hem dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
26
Dekabr
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde Türkmen döwlet Gurjak teatrynda Täze ýyl baýramyna bagyşlap, “Gyş ertekisi” atly dabara geçirdi. Dabara gatnaşan çagalar Täze ýyly, Aýaz babany, ajaýyp Täze ýyl arçasyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de çagalar Täze ýyl arçasynyň daşynda el tutuşyp aýlanyp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Hünärmenlerimiz çagalara birnäçe ertekileri okap berdiler, erteki gahrymanlary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de “Gyş ertekisi” ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
10
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasyny geçirdi . Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada bilesigeliji okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara kitabyň käbir bölümlerini okap berdiler. Dabaranyň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy hem-de galamynyň ýiti bolup, ajaýyp kitaplarynyň yzynyň gür bolmagy arzuw edildi.
7
Dekabr
Türkmenistanyñ Söwda-senagaty edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllyk baýramyna bagyşlanyp halkara sergi öz işini dowam edýär. Ýaňy ýakynda medeniýet ulgamynyň sergisi geçirildi. Sergä Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem öz okyjylary bilen bilelikde gatnaşdy. Kitaphanamyzyň okyjylary onlaýn görnüşinde görkezilen sergiler bilen tanyşdylar. Sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar kitaplardan öwrenen ertekilerini aýdyp berdiler, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Sergä gatnaşan körpejelere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sergä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
25
Noýabr
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk dabarasy ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýär. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Bitarapdyr – Arkadagly Watanym!” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda bitirilen ägirt uly işler barada okuwçylara gürrüň berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar hem Bitarap Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy gülletmek ugrunda bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
17
Oktýabr
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi biziň elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolmak bilen 120 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berlip, Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň saglygyny has-da berkitmegi şeýle-de ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda Milli Liderimiziň bu täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadaymyzyň gymmatly ylmy-ensiklopedik eseriniň güneşli ýurdumyzyň sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragynda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
17
Oktýabr
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi biziň elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolmak bilen 120 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berlip, Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň saglygyny has-da berkitmegi şeýle-de ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda Milli Liderimiziň bu täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadaymyzyň gymmatly ylmy-ensiklopedik eseriniň güneşli ýurdumyzyň sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragynda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
23
sentýabr
2. Şagulyýewa, G. Gezdim şygryň dünýäsinde. Goşgular, poemalar, kyssalar /G. Şagulyýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 598 s. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň ençeme kitaplarynyň barlygyndan okyjylar habarlydyrlar. Söýgä, Watana, il-güne, mähir-muhabbete ýugrulan şygyrlar ýürekleri awlap bilendir. Dünýäniň owadanlygyna aşyk bolup doglan kalbyň aýdymly owazyna ýürekler teşnedir. Gahryman Arkadagly döwri özüne ömür saýýan şahyryň joşgunyny eşretli eýýam has belende göterdi. Bu kitaba şahyryň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döreden Watan, söýgi, durmuş baradaky täze goşgulary, poemalary bilen bir hatarda, ömür ýolunyň uzak menzillerini beýan edýän kyssa eserleri hem girizildi. Diňe bir şelpeli şygyrlary däl, eýsem süýji sözleri bilen özüne imrindirýän kyssa eserleri okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
23
sentýabr
Berdimuhamedow, G. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi / G. Berdimuhamedow. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020. – 327 s. Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär. Gahryman Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylan-dygyny görkezýär. Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän wezipeleri durmuşa geçirýär. Şunda gadymy çeşmeleriň ýene öz hanasyna dolanýandygynyň hakykaty ör-boýuna galýar. Kitapda bu hakykat aýdyň beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.
24
sentýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde myhmançylykda bolup, ol ýerde bilim alýan çagalaryň arasynda “Bitaraplyk şygyrlarda şanyň bar” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüňler edildi. Okyjylarymyz şanly Garaşsyzlygymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan birnäçe rowaýatlary gürrüň berdiler. Kitaphananyň hünärmenleri şol rowaýatlaryň aňladýan manysy, terbiýeçilik ähmiýeti barada çagalara giňişleýin aýdyp berdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
18
sentýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygy üçin her bir raýatyň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmelidigi aýratyn nygtaldy. Çagalara ýolda ýüze çykyp biljek hadysalar barada, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigi barada dürli suratlaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesilleriň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
11
sentýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda baş baýramçylygymyz bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Ýaňlanyp dur Garaşsyzlyk aýdymy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza şanly Garaşsyzlygymyza ýetilýänçä ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly, onuň gadyr-gymmaty, 29 ýylyň dowamynda ýurdumyzda bitirilen beýik işler barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýaşajyk okyjylarymyz mukaddes baýramçylygymyza bagyşlap, birnäçe goşgudyr aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygyň ýüreklere ylham, kalplara joşgun paýlaýan günlerinde “Garaşsyzlyk-bagty” ady bilen gurnalan sergi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
08
sentýabr
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasyny geçirdi . Dabaranyň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy orun eýeleýändigi barada hem-de kitabyň bölümleri, many-mazmuny, içinde ýerleşdirilen tymsallar, rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi. Dabaranyň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy hem-de galamynyň ýiti bolup, ajaýyp kitaplarynyň yzynyň gür bolmagy arzuw edildi.
31
awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde her ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Kuwwatly Watanda – bilimli nesil” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä derejesine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyz täze okuw ýylyna, ak mekdeplerine hem-de mähriban mugallymlaryna bagyşlap öwrenen goşgudyr aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Geçirilen duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
28
awgust
1. Mämmedow, A. Ylham ýaýlasy. Goşgular ýygyndysy. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 310s.
Şahyr Ahmet Mämmedowyň bu goşgular ýygyndysyna onuň, esasan, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazan goşgulary girizildi. Ondaky Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Watan, türkmen tebigaty ýaly temalarda, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilen baglanyşykly ýazylan eserler mazmuny, ideýasy, wagz häsiýeti, çeperçiligi jähtlerde öz boluşlylyga eýe.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we yzygiderli tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan täzelikler – ýurduň kanunçylygyny dünýä ülňülerine laýyklaşdyrmak, “Altyn asyr” Türkmen köli, “Awaza” milli syýahatçylyk zology, ykdysady ösüş, mähriban Aşgabadymyzyň keşbiniň biçak owadanlaşmagy, welaýatlarda, etrap merkezlerde, obalarda alnyp barylýan köpugurly işler, ylym-bilim ulgamynyň ilerlemegi hem-de kämilleşdirilmegi we başgalar örän täsirli, şahyrana, belent ruhy röwüşlerde teswirlenilýär. Ýygyndyda dostluk, zähmet, söýgi, tebigat temalarynda ýazylan çeper ýygyndylara-da orun berilýär.
2. Ussaýew, B. Nurly mekanym. Goşgular.–Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 142s.
Alym şahyr Begmyrat Ussaýewiň “Aýlanaýyn adyňdan”, “Çalaran saçlar”, “Sowuk suwly çeşmeler”, “Gyzyl ýaň” ýaly goşgular ýygyndylary, “Söweşjeň poeziýa”, “Edebi durmuşymyz” ýaly makalalar ýygyndylary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Şahyryň aýdyma öwrülip, il içinde uly söýgä mynasyp bolan “Sen gerek”, “Soraglap” ýaly goşgulary uly gyzyklanma döredipdi. Şahyryň “Nurly mekanym” atly ýygyndysyna Watan Garaşsyzlygy, oňa bolan çäksiz söýgi hakdaky goşgulary girizildi.
27
awgust
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan ýylymyzda B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplar biziň okyjylar köpçüligimiziň göwünlerinden turýar. Bu kitaplaryň içinde okyjylar tarapynda söýüp okalýan kitaplaryň aglabasy Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplarydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu ajaýyp elektron kitaphananyň açylmagy bizi we biziň okyjylar köpçüligimizi diýseň begendirdi. Bu elektron kitaphana Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini artdyrmaga uly usuly gollanma bolar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň hatarynda Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyz, asyrlar aşyp gelýän dessurlarymyz, halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlamagy biz kitaphanaçylary hem-de okyjylar kopçüligini diýseň begendirdi . Bu kitabyň çapdan çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan kitaphana işgärleri öz ýürek buýsançlaryny beýan etmek maksady bilen öz kitaphanamyzda, şeýle hem mekdep kitaphanalarynda söhbetdeşlik esasynda çykyşlar we sergiler guralar. Kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny Hormatly Arkadagymyzyň ýazýan her bir ajaýyp eserlerinden mysallar getirip beýan edýärler. Kitaphanaçylara işlemäge, okyjylara ýokary derejede hyzmat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, ynsan saglygyny, nesil saglygyny ähli zatdan öňde tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
21
awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Dürli ertekili kitaplar, gurjaklar esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
07
awgust
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri hem bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar. Hünärmenler kitaphanany ýaşajyk okyjylary gyzyklandyrjak kitaplar, gazetdir žurnallar bilen üpjün etmek, şeýle-de degişli çäklerde ýerleşýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary, mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan körpeler bilen baglanyşykly döwrüň öňe çykaran meseleleri bolan okamak, zamanabap innowasion tehnologiýalardan baş çykarmak, degişli saýtlardan elektron kitaplary tapyp okamagyň ýollary, usullary barada internet ulgamy arkaly belli bir aradaşlykdan düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şonuň ýaly-da onlaýn görnüşde olar bilen söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri, wagyz-nesihat işlerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirýärler. Wagyz-nesihat işinde ýaşajyk okyjylara öýde hem-de köpçülik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, bellenilen aradaşlygy saklamak ýaly möhüm endikler ündelýär. Ýaşajyk okyjylara ellerini yzygiderli ýuwmak hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen tämizlenmek, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, dogry we wagtly-wagtynda iýmitlenmek barada lukmanlaryň maslahatlary hem diňledilýär. Uly ýaşly okyjylara öý-içerini yzygiderli tämizlemek, şemallatmak, arassaçylygy berjaý etmek bilen bagly düşündiriş işleri geçirilýär. Bilesigeliji okyjylara ene-mamalarymyzdan dowam bolup gelýän üzärlik ösümligini tütetmegiň keselleriň öňüni almakda peýdaly täsirleri barada hem gürrüňler berilýär. Ýaşajyk okyjylar, kitapsöýüjiler bu gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Olar arassaçylygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, özlerini gyzyklandyrýan kitaplary, beýleki neşirleri uly höwes bilen okaýarlar. Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde beýan edilýän ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada maglumatlar, olaryň duş gelýän ýerleri, keselleri bejerijilik häsiýeti, aýratynlyklary kitaphananyň okyjylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bize işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän, ynsan saglygyny ähli zatdan öňde goýýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
28
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen «Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen dutar saz guraly barada täsirli gürrüňler etdiler. Çagalar dutary wasp edýän goşgudyr aýdymlary aýtdylar. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatyny wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen aýdym-saz sungatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
16
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda ýaşajyk okyjylaryň arasynda “Paýhas çeşmesi - edep mekdebi ” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň many-mazmuny, kitapdaky nakyllardyr atalar sözleriniň ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ajaýyň kitapda arassaçylyk barada ýazylan setirler çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
10
iýul
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň arasynda “Çagalar kitaphanalarynda Bitaraplygyň waspy” ady bilen maslahat geçirildi. Bu maslahata mary ertap, şäher kitaphanaçylary şeýle hem mary şäheriniň orta mekdepleriniň kitaphanaçylary gatnaşdylar Maslahatyň ahyrynda kitaphana ulgamyna dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyryp, kitaphanaçylara şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
08
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminde ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow» adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni» atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda bu merkezde dynç alýan gyzjagazlar el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara türkmeniň nepis halylary, olaryň gadymylygy, dokalyş aýratynlygy, gölleriniň aňladýan many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
02
iýul
Gahryman Arkadagymyz kitabyň adamyň döreden täsin gudratdygyny, ynsanyň özünden soňky nesillerine goýjak bahasyna ýetip bolmajak mirasdygyny nygtaýar. Kitap mukaddesligi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýän köprüdir. Çagalaryň ata-babalarymyzyň kämillik mekdebinde kemala gelmekleri üçin olarda kitaba bolan söýgini ösdürmek zerurdyr. Kitap okaýan maşgalada terbiýelenen çagalaryň hem kitaba söýgüsi uly bolýar. Şonuň üçin ýaşlara görelde bolmak, olarda kitaba sarpa goýmak, okamak endiklerini ösdürmek, ilkinji nobatda, ulularyň, ene-atalaryň, terbiýeçilerdir mugallymlar bilen bir hatarda kitaphanaçylaryň öňünde uly borç bolup durýar. “Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, çagalykda okalan kitap ömürboýy ýadyňda galýar hem-de çaganyň mundan beýläk hem kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, çagalar kitaphanalarynyň şeýle hem mekdep kitaphanalarynyň biri-birleri bilen ysnyşykly iş alyp barmagy, kitaphana bilen mekdebiň arasynda ýakyn aragatnaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi kitaphanaçy çagany diňe okyjy hökmünde tanaýar, emma onuň çaganyň gyzyklanýan ugurlaryny kesgitlemekde orny ýokary bolýar. Kitaphanaçy kitaplaryň çagalarda täze-täze bilimlere bolan isleg-talaplary oýarýandy-gyna oňat düşünýär. Bu ýagdaýy ene-atalar hem, mugallymlar bilen nazara almalydyrlar. Kitaphanaçylyk işini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza biz, kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.
01
iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebiň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda çagalar bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy siziň ömrüňiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny dogry berjaý etmek barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýolyşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, gowy dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
28
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 28-ne Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly nesiller» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň ýaş nesilleriň watansöýüji, halal, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň gowy dynç almagy şeýle-de kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
11
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 11-ne Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 12-nji iýun - Ylymlar gününe bagyşlap, «Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp barýan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada şeýle-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan «Ylym – röwşen geljege alyp barýan ýol» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary şeýle-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Çagalar ol kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
05
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda iýun aýynyň 5-ne Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap, “Tebygat biziň dostumyzdyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar tebigaty wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde tebigata gezelenç etdiler, bag ekmegiň, tebigaty, daş töweregi aýawly saklamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan “Tebygat biziň dostumyzdyr” atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar gözel tebigatymyzy, daş töweregimizi gorap saklamak baradaky kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
01
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 1-ne «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly çäre geçirdi. Çärä kitaphananyň körpeje okyjylary hem gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda çagalar surat çekmek, goşgudyr ertekileri aýdyp bermek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphananyň gurnan «Bagtyýar nesiller» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen ertekili kitaplary uly höwes bilen okadylar. Körpeje okyjylarymyza Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar hem gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
27
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda maý aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly – türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Kitaphananyň hünärmenleri çagalary muzeýde ýerleşdirilen owadan nepis halylar, olaryň dokalyş aýratynlygy, türkmen halylaryny wasp edýän ajaýyp suratlar hem-de bu barada ýazylan kitaplar bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
27
Maý
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde kitaphanalaryň kitap hazynasy yzygiderli baýlaşdyrylýar, kitap neşir etmek işine hem aýratyn üns berilýär. “Galkynyş” kitap merkezinden biziň kitaphanamyza yzygiderli kitaplaryň dürli görnüşleri gelip gowuşýar. Ýaňy-ýakynda hem çagalar kitaphanamyza mekdep meýilnamasyna degişli kitaplaryň birnäçesi gelip gowuşdy. Kitaphana ulgamyny ösdürmäge uly üns berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
21
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň №84-nji orta mekdebinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda maý aýynyň 21-ne bellenilen meýilnama laýyklykda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Paýtagtym-ak bagtym” ady bilen edebi-sazly çäresini geçirdi. Alyp baryjy çäräniň başynda gözel paýtagtymyzyň taryhy barada gürrüň berdi. Şeýle-de bu edebi-sazly çärede mekdep okuwçylary Aziýanyň merjeni bolan Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän şygyrlardyr-aýdymlary ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň “Baş şäherim Paýtagtym” ady bilen gurnan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
06
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda maý aýynyň 6-na Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Merdana gerçeklere sarpa” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, Watan goragynda wepat bolan gerçekler şeýle-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken edermen türkmen Gerçekleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphanamyzyň gurnan “Merdana gerçeklere sarpa” atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň beýik gerçeklerini, ýar ojagyny saklan ak saçly enelerimizi hormatlap, aýratyn üns bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
27
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda aprel aýynyň 27-ne Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde meşhur mukamçy bagşy Amangeldi Gönübek Orazaly oglunyň doglan gününiň 190 ýyllygyna bagyşlap, “Aýdym-saza baglanan ömür” hem-de teatr sungaty barada “Teatr durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Şeýle-de göçme kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşligiň dowamynda aýdym-saz sungaty, teatr sungaty we bu sungatyň ussatlary barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy gaýtadan dikeldip, ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
22
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda aprel aýynyň 22-ne “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Bedew baýramyna bagyşlap, “Il-günüň guwanjy türkmen bedewi” atly dabara geçirdi. Dabara kitaphanamyzyň ýaşajyk okyjylary, aýdym-saza höwesjeň çagalar hem gatnaşdy. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Ahalteke bedewlerimiziň duýgurlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, owadanlygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Çagalar hem türkmen bedewini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan “Il-günüň guwanjy türkmen bedewi” atly göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
16
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama laýyklykda “Sagdyn nesil – bagtyýar geljek” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işi barada täsirli söhbet edildi. Bu gymmatly kitapda orun alan türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň aýratynlygy, olaryň ynsan saglygy üçin peýdalanylyşy, derman senagatynda giňişleýin ulanylyşy barada aýratyn bellenip geçildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan “Saglyk – başymyzyň täji” atly göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny, aýratyn-da nesil saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda 1-nji aprelinde Älem medeni-dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport – saglygyň gözbaşy” ady bilen dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, sport söýüjileri sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de türkmen sportuny wasp edýän ajaýyp goşgular, aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphananyň “Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy” ady bilen gurnan neşir önümleriniň göçme sergisi sport çäresine gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
23
mart
Kitap –bahasyna ýetip bolmajak hazyna, akyl-paýhas, bilimleriň çeşmesidir. Okamak endigi ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine dünýä düşünmegine ýardam edýäniň uly serişdeleriň biridir. Kitap okamagyň netijesinde söz baýlygyň artyp, çalt sagdyn pikirlenmek ukybyňa eýe bolýarsyň. Haýsy bolsa-da okan eserleriň täsirinde, gahrymanlara, gabat gelinýär, şeýle-de kitaplaryň üsti bilen taryhyň gum basyp giden syrly sahypalaryna seýrana çykýarsyň. Okaýan eserlerimizdäki : “Kitapsyz ulanan çaga, suwsuz ösen bag ýalydyr”, “Kitap adamlaryň ýoluny ýagtyldýar” diýen ýaly ajaýyp sözler kitaba bolan sögüňi ýene bir gez beýgeldýär. Kitaba uly sarpa goýup, halkyna gymmatly ruhy çeşmäni peşgeş edýän hormatly Prezidentimiz “Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy” diýip belleýär. Kitap hakynda söhbet açylanda, türkmen topragynyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň gadymy medeni ojaklarynyň biri hökmünde bolandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzdan Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen jahankeşdeler türkmen topragyna gelip, kitaplaryny harytlara çalşypdyrlar. N. Saryhanowyň “Kitap” powestinda Welmyrat aga maşgalasyny ekläp oturan ýeke-täk guba düýesini kitaba çalyşýar. Ol muňa hiç ahmyr etmeýär. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy baýlyga, akyl-paýhasa uly hormat goýýan halk bolandygyny subut edýär. Akyldarlaryň biri: ”Kitaplar, eýýamlaryň tolkunlarynda ýüzüp ýören we özüniň gymmatbaha ýüküni nesillerden-nesillere aýap eltýän akyl gämileridir” diýip belleýär. Basgançagyň ýokary göterişi ýaly, kitap hem adamy uly menzillere, üstünliklere sary alyp gidýär. Kitaba, söze gadyr goýýan türkmen halky-kitaphon. Guba düýesini bir kitaba çalşyp bilen türkmen halky, bagtyýar döwrümizde neşir önümleriniň hiliniň ýokarylygy, baý mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda neşir işini kämilleşdirmek babatdaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy kitap baýramçylygyna körpe okyjylar üçin birnäçe ajaýyp kitaplary sowgat etdi. Ol kitaplaryň içinde daşary ýurt ýazyjysy Şarl Perronyň “Ädikli pişik” ertekisiniň üç dilde –türkmen, iňlis, rus dillerinde owadan suratlar bilen bezelip, çap edilendigini aýtmak gerek. Şeýle hem “Görogly” eposynyň alty sany şahasy – “Öwez”, “Öwez öýlenen”, “Öwez öýkelän”, “Gyratyň ogurlanyşy”, “Öweziň halas edilişi”, “Göroglynyň halas edilişi” ýaly kitaplar rus we iňlis dillerine terjime edilip, suratkeşler tarapyndan bezelen görnüşde aýratyn kitap bolup neşir edildi. Bu kitaplar ýaş okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Çagalar üçin birnäçe ajaýyp ertekiler, hekaýalar, çagalar bagyna gatnaýan körpelere niýetlenen gyzykly kitaplary gözellige besleýär. Özleri üçin çap edilen kitaplary okan bagtyýar körpeleriň begenjine, şatlygyna şaýat bolmak, örän ýakymly. Ynsan aňyýetiniň ösüşiniň gözbaşynda, ilkinji nobatda, kitap we kitaphanalar duýýar. Kitap ynsana hormat goýmagy, watana, halka beýik buýsançly terbiýeleýän güýçdür. Onda çeper, çagalar üçin edebiýatlar, şygryýet, publisistika, ylmy syýasy kitaplar, okuw kitaplary çap edýäris. Biziň kärhanamyz dünýä döwletleriniň ençeme neşir ulgamy bilen aragatnaşyk saklap, olardan buýurmalary hem alýar. Danalaryň şeýle ajaýyp sözi bardyr: “Kitaplaryň hem öz ykballary bardyr”, “Kitaplar diňe ylham bermek üçindir”, ”Men kitaplarymy däl, kitaplarym meni orta çykardy”, kitaplarda adamlary dostluga, agzybirlige çagyrýan uly güýç bar. Kitap adam üçin ylym-bilimleriň, ruhy baýlygyň we görkana duýgularyň açarydyr. Kitap okamak-dünýä akyl ýetirmek, durmuşa akylly başly göz ýetirmek. Kitap okyjyny gyzykly wakalara, täze bir dünýä, ajaýyp ýerlere syýahata alyp gidýär. Kitap okamagyň lezzetini hiç bir lezzet bilen çalşyp bolmaz. Ony okadygyňça, wakalar göz öňünde janlanyp, kalbyňda söz suratkeşligi oýanýar. Göz öňünde gözel tebigat janlanýar. Mähriban Prezidentimiz türkmen diliniň söz baýlyklaryny jaýba-jaý ulanyp, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýär. Wakalar janly keşbe girip, göz öňünde janlanýar. Kitap okaýan adamyň dünýägaraýşyny giň, pikirlenişi güýçli bolýar. Kitap adamyň aňyna, okyjynyň terbiýesine oňat täsir edip, ol adamy akylly, edep-terbiýeli, il içinde hormat-sylagly edýär. Kitap okaýan adam gepi-sözi manyly, özüne çekiji, diýseň dilewar bolýar. Şeýle adamlara durmuşda-da, toý-märekede hem hormat goýulýar. Ýaşlykdan kitap okap, dünýägaraýyşy giňän adam ylymyň-bilimiň üsti bilen göwün söýen hünärine eýe bolup bilýär. Hünärli adam il-ýurda gerekli adam bolup, halal zähmeti bilen ýaşaýar.
19
mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda mart aýynyň 19-na Halkara Nowruz baýramy mynasybetli „Ýaz dünýäni täzeleýär” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Şeýle-de “Nesil” gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowanyň Nowruz baýramynyň milli däp-dessurlary, taryhy, gelip çykyşy, milli tagamlary barada aýdyp beren täsirli gürrüňleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň, kitap söýüjileriniň, çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda, myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň dowamynda gurnalan göçme sergi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, Nowruz baýramyna bagyşlanan beýleki neşirler, türkmen milli şaý-sepleri, el işleri, dürli gurjaklar okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. Çäräniň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan belläp geçmäge, däp-dessurlarymyzy ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.