Täzelikler/Bildirişler

  • “Rowaçlyga beslenen Bitarap Watanym”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gözel paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän Bagtyýar nesiller ýöriteleşdirilen №74-nji orta mekdebi bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli “Rowaçlyga beslenen Bitarap Watanym”atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Bu edebi sazly çärämizde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň halypa mugallymy ýazyjy-şahyrymyz Juma Artykow Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer we parahat söýüjilikli syýasaty barada mekdep okuwçylaryna gürrüň berdi, mundan başga-da Bitaraplygymyza bagyşlap özdöreden ajaýyp şyyrlaryny okap berdi. Şeýle-de edebi-sazly çärämizde bu mekdebiň okuwçylarynyň Bitaraplygymyza bagyşlap, onlarça goňşy döwletlerimiziň hem-de türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny açyp görkezýän sahna oýunlaryna hem-de çeper okaýyşlaryna tomaşa edildi. Okuwçylaryň N. Saryhanowyň “Şükür bagşy powestinden Şüküriň öz agasyny ýesirlikden dutaryň şirin owazy bilen halas ediş sanasy ata-babalarymyzyň agzybir parahat durmuşyň tarapdary bolandyklaryny açyp görkezýär. Kitaphanamyzyň Bitaraplygymyza bagyşlap “Bitaraplyk buýsanjym” atly gurnan sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

  • “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Noýabr aýynyň 5-6 –na geçirilen “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasynda gazanan DIPLOMY we kitap sergiden pursatlar

  • “Halkyň ýüregini söýlän şahyr”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gözel paýtagtymyzyň №74-nji orta mekdebi bilen bilelikde K. Gurbannepesowyň doglan gününiň 90-ýyllygyna bagyşlap “Halkyň ýüregini söýlän şahyr” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Şeýle-de edebi-sazly çärämizde bu mekdebiniň okuwçylarynyň halypa şahyrymyz K. Gurbannepesowyň şygyrlaryna bagyşlap, goýan sahna oýunlaryna hem-de çeper okaýyşlaryna tomaşa edildi. Kitaphanamyzyň K. Gurbannepesowyň döredijiligine bagyşlap “Ussadyň durmuş ýoly” atly gurnan sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

  • “Kalby bahar ýaz ýalydy”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gözel paýtagtymyzyň №132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi bilen bilelikde T. Gurbanowyň doglan gününiň 85-ýyllygyna bagyşlap “Kalby bahar ýaz ýalydy” atly edebi-sazly söhbetdeşligini geçirdi. Edebi-sazly söhbetdeşligimize Türkmenistanyň halypa şahyry, ussat ýazyjymyz Hemra Şirow hem-de M. Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Söýençgeldi Tekäýew bilen Mukam Kakaýew gatnaşyp, aýdymçy şahyrymyz T. Gurbanowyň sözlerine “Ala gözli Humaýym” we “Dört örüm saçly”diýen aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Mekdebiň uly synp okuwçylary hem halypa ýazyjymyzyň şygyrlaryny çeper okap, sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. T. Gurbanowyň döredijiligine bagyşlap gurnalan “Halypa hormaty” atly sergisi hem edebi-sazly söhbetdeşligimize gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

  • “Pyragynyň keşbi bilen adygan”: (Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň d.g 80 ýyllygyna bagyşlap)

    Bu çäräni Aşgabat şäheriniň 8-nji orta mekdebinde B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň sungat bölüminiň halypa kitaphanaçysy Ogulnyýaz Gulmuhammedowa mekdep okuwçylarnyň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik gurady. Bu söhbdeşligiň esasynda okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň döredijiligune bolan uly gyzyklanma döredi.

  • “Ýol hereketiniň howpsyuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphana gelýän okyjylar bilen ýol hereketiniň kadalaryny ýaş nesillere öwretmek, onuň düzgünlerini düşündirmek, ýolyşygyň kömegi bilen ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny aýdyp geçdi. Ýoldan geçenimizde diňe ýanýodadan, onuň hem sag tarapyndan ýöremelidigini, şeýle hem köçeden geçenimizde ýol yşyga seretmelidigini öz okyjylaryna giňişleýin düşündirdi. Köçeden geçýän beýleki adamlara päsgel bermeli däldigini, diňe geçmäge niýetlenen ýerlerden geçmelidigini hem-de ulagdan düşeniňizden soň hemişe onuň yz tarapyndan geçmelidigini nygtap geçdi. Mundan başga-da biziň kitaphanamyz Aşgabat şäherimiziň çäginde ýerleşýän mekdeplerde “Şadyýan çatryk”, “Şäher harplygy”, “Özüňi barla” atly çärelerini geçirdi.

  • Arkadagymyzyň “Türkmen Alabaýy” atly kitaby halka gowuşdy

    Berdimuhamedow, Gurbanguly. Türkmen alabaýy / G. Berdimuhamedow – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmen alabaýy” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny buşlanynda, ýüreklerimiz buýsançdan doldy. Bu “Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär. Geljekki okyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly täze kitabyndan gyzykly wakalaryň, rowaýatlaryň we arhiw maglumatlarynyň mysalynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan alabaý barada örän köp gyzykly maglumatlary tapyp bilerler. Milli Liderimiziň bu eseriniň alabaý tohumyny we umuman, türkmen halkynyň milli mirasyny bütin dünýäde wagyz etmekde ägirt uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir.

  • Biziň kitaphanamyza gelip gowşan kitap

    Hojanyýaz, Akmyrat. Watan hakynda aýdym : goşgular we poemalar / A. Hojanyýaz ; Şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazyň eliňizdäki goşgular hem poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň bir bölegini düzýär. Bu işiň ýene agramly bölegi onuň bu kitabyna girizilmän galan goşgularyndan, publisistik makalalaryndan we beýleki kyssa eserlerinden ybaratdyr. Köp wagtlyk zähmeti bilen meşhurlyk hem ykraryýet gazanyp gelen şahyryň täze kitabynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyljakdygyna ynanýarys.

  • «Galkynyş» kitap merkezinden biziň kitaphanamyza gelip gowşan kitaplar

    1. Çüriýew, Allaýar. Galkynan göwün : goşgular / A. Çüriýew ; sur. M. Lallykowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 374 s. : sur. Şahyr Allaýar Çüriýewiň bu goşgular ýygyndysyna onuň dürli ýyllarda ýazan şygyrlary girizildi. Tanymal şahyryň ezber galamynyň astyndan çykan bu şygyrlarda Berkarar Watanymyzyň belent üstünlikleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligi, ynsan kalbynyň ýokary ahlak mertebesi, halallyk, lebizlillik, şeýle hem päk söýgi çeper dilde beýan edilýär.
    2. Gullaýew, Nazar. Ömrüň dowamy / N. Gullaýew ; sözb. A. Atabaýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 172 s. Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, uly alym, gowy şahyr, Nazar Gullaýewyň ömrüniň we döredijiligiň barada kitap. Ol ömrüniň ahyryna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplara sapak berdi. Ol gadymy we orta asyrlar türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça edebiýatçy alym, professor , kinodramaturg, daşary ýurt şahyrlarynyň goşgularyň terjimeçi.
    3. Rejebow, Nobatguly. Kalbymyň senasy : saýlanan goşgular / N. Rejebow. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 293 s. Görnükli türkmen şahyry, dramaturg, kinodramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow 1946-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Serhetabat etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginde dünýä indi. Oba mekdebini, sonra Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt fakultetini tamamlady. Ol “ Türkmenistan” neşirýatynda, “Garagum” žurnalynda, “ Edebiýat we sungat” gazetinde, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde dürli wezipelerde işledi. Nobatgulynyň drama eseri paýtagymyzyň teatrlarynda goýuldy hem şa serpaýyna eýe boldy, birnäçe çeper film surata düzürildi. Eliňizdäki kitapda Nobatguly Rejebowyň iň gowy goşgulary girizildi.

  • Gökdere jülgesindäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen çäre.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda Gökdere jülgesindäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, türkmen milli oýunlary barada “Türkmen milli oýunlarynyň taryhy” atly söhbetdeşlik hem-de çagalaryň arasynda “Kim bilmeşek”, “Ýaňyltmaçlar bilen dil baýlygyny berkitmek”, “Geliň, tapmaça çözeliň” atly bäsleşikleri geçirdi. Çäreleriň dowamynda türkmen milli oýunlary barada täsirli gürrüňler edildi. Ol oýunlaryň gelip çykyşy, terbiýeçilik ähmiýeti barada hünärmenlerimiz çagalara gürrüň berdiler. Çagalar öz aralarynda tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, dürli soraglar boýunça bäsleşdiler. Hünärmenlerimiziň gurnan göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Çäreleriň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.