17
aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheriniň 8-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlap, “Sungata bagyşlanan ömür” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat suratkeşiň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüň edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
12
aprel
Rejebow K. Bagtyň surаty : goşgular we poema / K. Rejebow . – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 260 s.
Şahyr Kakamyrat Rejebowyň kitaba girizilen goşgularynyň içinden watançylyk temasy eriş-argaç bolup geçýär. Ol durmuş hakda, döwür barada, tebigatyň sazlaşykly owazydyr yşk-söýgi dogrusynda söhbet açmak bilen, diňe öz garaýyşlaryndan ugur alýar. Şonuň üçin hem onuň goşgulary söýüp okalýar.
12
aprel
Meläýew H. Durmuş dowamaty : powestler we hekaýa / H. Meläýew. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 166 s.
Ýazyjynyň kitaba girizilen “Şazadanyň ýaşlygy” powesti türkmen halkynyň gerçek ogly Jelaleddin Meňburnyň ömür ýolunyň ilkinji ýyllardan täsirli söhbet açýar. Watansöýüjilik, il-günüň derdine ýaramak, mertlik, halallyk ýaly häsýetleriň üsti bilen gahrymanyň içki dünýäsi açylyp görkezilýär. “Tylla teňňeler” powesti bolsa ynsan ahlagynyň iň gymmatly baýlykdygyny ündeýär . Bu eserde milli häsiýetleriň özboluşly suratlandyrylmasy okyjyny biparh goýmaýar.
“Garagöz” hekaýasy milletimiziň esasy guwanjydyr baýlyklarynyň biri bolan alabaýlar hakyndadyr. Juda üşükli, eýýesine wepaly, kanagatly janawaryň çeper suratlandyrylmasy awtoryň kämillik derejesini görkezýär.
Umuman, ýagynda girizilen eserler hiç wagt könelmejek gymmaty bilen okanlaryň kitabynda orun alar.
12
aprel
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy / red. G. Joraýewa, O. Halymowa , Ş. Muratgulyýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 480 s.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwatyny pugtalandyrmana, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäne, öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň we milli baýlyklarymyzyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlaryň derejesine ýetirilmegini gazanmak. We durnukly ösüş maksatlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagyny 2019-2025-nji ýyllarda üpjün etmek.
12
aprel
Saragt Babaýew = Saragt Babayev = Сарагт Бабаев / giriş makalanyň awtory we düzüji A. Baýlyýewa ; terj. eden A. Hojaýewa, A. Baýlyýewa ; red. G. Joraýewa, O. Pirnepesowa, A. Popow. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 303 s.
Berlen neşir görnükli türkmen helkeltaraşy, täzelik agtarýan we döredijilikli işleýän suratkeş, helkeltaraşlaryň ençeme nesliniň mugallymy Saragt Babaýewiň sungatyna bagyşlanýar. Tanymal halypanyň durmuşy täsin wakalardan, ýatdan çykmajak duşuşyklardan hem-de çensiz üstünliklerden doludyr. 70 ýylyň dowamynda heýkeltaraş Saragt Babaýew stanok, monimental, haşam heýkeltaraşlygy ugrundan dürli eserleri döredýär. Esgerleriň, serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň Türkmenistandaky, Özbegistandaky, Türkiýedäki, Rusiýadaky monimental ýadygärlikleri hem-de ençeme portretleri bu eserleriň arasynda saýlanýar. Saragt Babaýewiň birnäçe döredijilik eserleri dürli ýurtlaryň hususy ýygyndylarynda we muzeýlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar. Berlen neşirde heýkeltaraşyň täze eserleri görkezilýär, olaryň bir bölegi bolsa ilkinji gezek çap edilýär.
12
aprel
Berdimuhamedov G. Medikal plants of Turkmenistan. Vol. Х / editor-in-chief V. M. Hramov. – Ashgabat : Turkmen State Publishing Service, 2018. – 304 p.
Gahryman Arkadagymyzyň eseriniň bu täze neşiri iňlis dilinde bolup diňe bir saglygy goraýyş işgärleri üçin däl, eýsem, ähli halk köpçüligi üçin gymmatly peşgeşdir. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu ylmy eser 10-njy jildi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda döreden we dünýäniň dürli dillerde terjime edilen ylmy işiniň dowamydyr.
08
aprel
Пурлиев Б. К. Основы экономики : пробный учебник для 10 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ / Б. К. Пурлиев, Э. К. Рахманова. – Ашхабад : Ылым, 2013. – 111 с.
Milli bazar ykdysadyýeti nazarýetde we üstüne ýüklenen meseleleri öwrenmekde hödürlenýän bu neşir okyjylara uly kömek berýär. Umuman bu neşir mekdep uçurumlaryna özünde esasan döwletiň jemgyýetçilik ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky düşünjäni berýär, taýýar raýatlary ýetişdirýär.
08
aprel
Оразклычев Я. История Туркменистана : Туркменистан в эпоху Независимости. (11 книга) : пробный учебник для 11 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ / Я. Оразклычев. – Ашхабад : Ылым, 2014. – 144 с.
Türkmenistanyň taryhy atly okuw kitaby, ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen. Türkmenistan Bitaraplyk döwrinde öňden gelýän taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, ylym-bilimini, syýasatyny, ykdysadyýetini açyp görkezýär.
08
aprel
Эсенов Б. История Древнего мира : пробный учебник для 5 класса средних школ Туркменистана с русским языком обучения / Б. Эсенов ; пер. с туркм. А. Б. Худайназаровой. – Ашхабад : Туркменская государственная издательская служба , 2011. – 232 с.
Gadymy dünýäniň taryhy atly okuw kitapda, adamyň döreýişi we onuň ýaşaýyş ugrundaky göreşi, adamzat taryhynyň birinji döwri bolan Iň gadymy döwri, ilkidurmuş adamlarynyň million-sekiz ýüz müň ýyl mundan ozal ýaşan ýaşaýyş durmuşlary bilen tanşarsyňyz. Şeýle-de, mundan 100 müň ýyl ozal howanyň sowap, bütin Ýewropanyň demirgazyk böleklerini buzluklaryň tutuşyny, adamlaryň we haýwanlaryň gyrlyp, galanlarynyň günorta gidişlerini, olaryň oduň we zähmet gurallarynyň kömegi bilen täze ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşyşlaryny öwrenersiňiz. Umuman adamzadyň geçen taryhy ýolunyň Iň gadymy we Gadymy dünýä taryhy bilen tanşarsyňyz.
15
mart
Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda kitaphanalara okyjy çekmek işini güýçlendirmek, esasan-da, mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara kitaphana hyzmatynyň döwrebap usullaryny hödürlemek babatdaky işleri kämilleşdirmek barada kitaphanaçylaryň öňünde uly wezipeler durýar. Şondan ugur alyp, Döwlet medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphanalarda sanly ulgam» atly usuly maslahat geçirildi. Maslahat kitaphanalarda sanly ulgama geçmek meselesinde kitaphanaçylara uly usuly kömek boldy. Maslahata Aşgabat şäheriniň, welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de elektron tory arkaly kitaphanalaryň maglumat binýadyny baýlaşdyrmak maslahatyň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem saýt açmaga girişdi. Kitaphanalaryň internet üpjünçiligine birikdirilmegi bilen, okyjylar kitaphana gelip, gözleýän maglumatlaryny, gazetlerde ýazylan makalalary göni internet hyzmatlaryndan hem-de öýjükli telefonlardan tapyp, okap bilerler. Bu bolsa sanly ulgama geçmekligiň netijesidir. Ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde, kitaba bolan höwesi artdyrmakda kitaphanalaryň uly hyzmaty bar. Okamak, öwrenmek, bilmek hem-de döretmek islegi bilen galkynýan ýaşlaryň bilime höwesi günsaýyn artýar. Türkmen ýaşlary internet hyzmatlaryndan hem-de öýjükli telefonlardan doly peýdalanýar. Şeýle ösüşleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize kitaphana işini ösdürmekde edýän bimöçber aladalary üçin alkyşlarymyz egsilmezdir.