4
noýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy noýabr aýynyň 4-ne Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde “Bitaraplyk parahatçylygyň ak ýoly” ady bilen çäre geçirdi we sergi gurady. Bu çärede ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde Türkmenistan ýurdumyzyň parahatçylykly ýoly barada gyzykly söhbetler şeýle hem ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen saklaýan gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Öz gezeginde Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň ýaşajyk sazandalary öz aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň aň taýdan bilimli bolmagy üçin alyp barýan taýsyz tagallarynyň netijesidir. Şeýle-de biziň kitaphanamyz bu çäräni öz degişli sergisi bilen gurnady. Bu sergi okuwçylarda uly täsir galdyryp, öz gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmaga kitaphanaçylar tarapyndan ýardam etdi.
23
ýanwar
2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde, 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Eziz Watan – rowaçlygyň ýolunda” ady bilen kitap sergisiniň açylyş dabarasynyň çäginde döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga hormatly ýaşuly zenanlar, döredijilik işgärleri, aýdymçy-sazandalar hem-de kitaphana hünärmenleri gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan beýik ösüşler barada täsirli gürrüňler edildi, ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
ýanwar
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gyşky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, dürli söhbetdeşlikleri, sesli okaýyşlary hem-de neşir önümleriniň göçme sergisini yzygiderli gurnaýar.Ýaňy ýakynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Gökdere jülgesindäki “Altyn sümmül”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda bolup, ol ýere ýurdumyzyň dürli künjeginden gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmek üçin gelen çagalaryň arasynda gyş pasly hem-de türkmen halk ertekileri barada täsirli söhbetdeşlik geçirdiler. Şeýle-de “Altyn sümmül”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň kitaphanasynda göçme kitap sergisini gurnadylar. Sergide Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary hem-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Çagalar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar. Özara sorag-jogap alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzdaky ähli kitaphanalaryň işiniň has-da kämilleşdirilmegi şeýle-de ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy ugrunda alyp barýan adyl syýasaty üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.