Täzelikler/Bildirişler

  • “Rus halk ertekileriniň täsinlikleri” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adynaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Bagtyýar nesiller” atly 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen  “Rus halk ertekileriniň täsinlikleri” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

    Söhbetdeşligiň dowamynda rus halk ertekileri , olaryň dürli görnüşleri , terbiýeçilik ähmiýeti , erteki gahrymanlaryň gylyk-häsiýeti , gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

       Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

     

  • “Biz ertekileri okaýarys” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy  ýaňy-ýakynda  Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalaryň arasynda “Biz ertekileri okaýarys”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Körpeje okyjylarymyza erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüňdeşlik geçirildi. Mekdebiň körpeje okuwçylary hem öz halaýan ertekilerini labyzly okap berdiler. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlikde ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda körpejelere durmuşda gowy adam bolmagy birek-birege kömek etmegi, adalatly dogruçyl bolmagy ündediler.

               Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna öwrülen kitaplary döwrebap usulda yzygiderli neşir etdirip ýaş nesillere okamaklyga, öwrenmeklige giň şert mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

     

     

     

  • “Ýaşynmak - edep terbiýeligiň nyşany” atly söhbetdeşlik

                Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir zenanlary “Ýaşynmak  - edep terbiýeligiň nyşany” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda geçmişden şu güne miras bolup gelen türkmen zenanlarynyň börükleriniň daşyna ýüpek ýalyk oralyp , ujynyň ýeňse tarapyndan daňylyp , ýaglygyň ujynyň ýa-da gyrasynyň türkmen gelinleriniň ýaşmagy bolup hyzmat edendigi barada gyzykly gürrüňler edildi. Türkmen zenanlarynyň ýaglygyň gyrasyny eňeginiň aşagyndan geçirip , onuň bilen agzyny we eňegini örtendigi barada hem söhbetdeşlikde belläp geçildi. Ýaşynmagynyň esasy maksadynyň türkmen gelniniň durmuşa çykyp baran maşgalasynda gaýynatasyna, gaýynenesine, gaýynagalaryna , ýaşululara hormat – sylagynyň nyşanydygy barada hem täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda şol ýörelgeleriň milliligini ýitirmän , mynasyp dowam etdirilýändigini buýsanç bilen nygtaldy.

        Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerine çäksiz hormat goýup , türkmen zenanlarynyň mertebesini belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “Güýz paslynyň şygyrlary” atly söhetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň  21-nji ýörüteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebinde “Güýz paslynyň şygyrlary” ady bilen tyllaýy güýzümize bagyşlap çeper okaýyş geçirdi. Duşuşuguň dowamynda güýzüň şahyrlary hasaplanylýan Halyl Kulyýewiň, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryny ýatdan labyzly ýerine ýetirip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler.

              Duşuşugumyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata-watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

  • “Arkadagyň eserleri – ýaşlaryň görelde mekdebi”atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda "Arkadagyň eserleri - ýaşlaryň görelde mekdebi " ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.

                 Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

     

  • “Halal zähmetiň höziri” Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy  mynasybetli “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda  “Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Halal zähmetiň höziri” atly söhbetdeşlik geçirdi.

               Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi.

              Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly eserinden baý we köp dürli , lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygyny baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

              Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “Topragyň berekedi – halkyň rysgaly” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Bagtyýar Nesiller” 74-nji orta mekdebiniň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Topragyň berekedi – halkyň rysgaly” ady bilen Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen daýhanlarymyzyň her ýyl ak bugdaýdan, gowaçadan, bol hasyl alýandyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Topragymyzdan önýän dürli-dürli ir-iýmişler, bakja önümleri gök önümler bazarlarymyzy bereket çeşmesine öwürýär. Topraga hyzmat eden ondan diňe bereket tapýar diýip alyp baryjy söhbetdeşligini gyzykly dowam etdi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli soraga-jogap bilen dowam edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda “Bereketli saçagyň baýramy”  atly çärämizde sergi gurnaldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

     

  • “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy     kitap söýüji çagalaryň arasynda  “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlik arkaly ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagajyklara durmuşda gowy adam bolmagy, birek-birege kömek etmegi, adalatly, dogruçyl bolmagy ündediler.   Okyjylarymyzyň ertekiler esasynda çeken suratlary esasynda gurnalan sergi aýratyn täsir galdyrdy.

             Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

     

  • “Berkararlyk şygary – Magtymguly Pyragy ” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy  ýaňy-ýakynda  Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Berkararlyk şygary – Magtymguly Pyragy ” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy , erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk , mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalar kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda täsir galdyrdy.

              Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli,  giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri edildi.

  • Magtymguly Pyragy – Türkmeniň şam çyragy” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky  74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen  “Magtymguly Pyragy – Türkmeniň şam çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti , ýaşlarda watançylyk, mertlik , adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.        

                    Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli,giň dünýagaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Köňülleriň çyragy” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Köňülleriň çyragy” atly söhbetdeşlik geçirdi.Ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu söhbetdeşlikde ýazyjymyzyň ömri we döredijiligi  hakynda şeýle hem   K.Gurbannepesowyň ajaýyp kitaplary barada gürrüň edildi. Ýaş nesilleri terbiýelemekde şahyryň döreden adamkärçilik, arassa ahlaklylyk ýaly baý duýgulary oýarýan goşgulary hakynda hem aýdyldy.

     Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan edebiýat ägirtlerimize uly hormat goýup, olaryň döredijiligini öwrenmeklige ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.

  • Gurjaklaryň dünýäsine gyzykly gezelenç.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylara hyzmat ediş bölümi körpeje okyjylary bilen erteki gahrymanlaryny suratlandyryp ýasalan gurjaklar bilen tanyşdylar. Kitaphanamyzyň hünärmenleri şol gurjaklar esasynda gysgajyk sahna oýunlaryny gurnadylar. Gyzyklyja sahna oýunlary çagajyklarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sahna oýunlarynyň üsti bilen körpejelere dogruçyl bolmak, dosta wepaly bolmak, adalatly bolmak ýaly oňat gylyk-häsiýetler ündeldi. Sahnanyň soňunda oňat häsiýetli gahrymanlaryň erbet häsiýetli gahrymanlardan üstün çykmagy çagajyklarda ýakymly duýgulary döretdi. Türkmen we daşary ýurt dillerindäki ertekiler hem-de gurjaklar esasynda gurnalan sergi hem olarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çagajyklar gurjaklaryň ýasalyşy, hereketlendirilişi, seslendirilişi bilen ýakyndan gyzyklandylar.

             Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

            

  • “ Arkadagyň eserleri – ýaşlaryň görelde mekdebi” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalat kitaphanasy ýaňy- ýakynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet nişirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 140- nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Arkadagyň eserleri – ýaşlaryň görelde mekdebi ” ady bilen söhbetdelik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.. Gurnalan göçme  kitap sergisi hem okuwçylara uly täsir galdyrdy.

          Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “ Magtymguly Pyragy hem-de edebi miras”ady bilen gurnalan kitap sergisi

          Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda  Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap “ Magtymguly Pyragy  hem-de edebi miras” ady bilen  kitap sergisini gurnady we söhbetdeşlik geçirdi.

            Söhetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijili barada giňişleýin gurruň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesillerde halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik dogruçyllyk ýaly häsiýetlari terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalar göçme kitap sergisi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalar göçme  kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň öwri we döredijiligini ýaş nesilerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilileri  döredip berýän ,  halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Wepalylygyň we mertligiň nusgasy” (Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli)

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyń ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda  “Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “ “Wepalylygyň we mertligiň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirdi.

    Kitaphana hünärmeni ýurdumuzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşünden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny  has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça edilýän uly tagallalar hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly gymmatly eserinde berilen gurruňler ýaşlarda has-da täsir gallyrdy.

       Duşuşygymyzň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny,  il-ýurt bähbitli işleri hemişe hemişe rowaç almagyny almagyny arzuw etdiler.

  • “Zehinli çagalar” ady bilen çagalaryň arasynda geçirlen bäsleşik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalat kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet nişirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 140- nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşurdy. Gurnalan göçme  kitap sergisi hem çagalara uly täsir galdyrdy.

          Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Teatr – sungat ojagy” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen teatrlary barada  “Teatr – sungat ojagy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy, türkmen halkynyň ussat artistleri, olaryň janlandyran ölmez-ýitmez sahna oýunlary, ajaýyp keşpleri barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sahna ussatlaryna ajaýyp keşpleri janlandyrmak, gowudan-gowy sahna oýunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi hem uly buýsanç bilen nygtaldy.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda  sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Gyz-gelinleriň şahyrana döredijiligi” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde “Jahan” döredijilik merkezinde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan monjugatdylar barada “Gyz-gelinleriň şahyrana döredijiligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan monjugatdylar, oňa gatnaşýan gyz-gelinleriň bentleriň üsti bilen ýürek arzuwlaryny, isleglerini beýan edişi, her bentden soň monjuk saýlanyp, bijesi düşene ýomak atyşlary, gülüşleri, şatlanyşlary barada gyzykly gürrüňler edildi.   

             Söhbetdeşligiň ahyrynda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • TÜRKI MEDENIÝETINIŇ GURAMASYNA (TURKSOÝ) AGZA ÝURTLARYŇ II TEATR FESTIWALY MYNASYBETLI GURNALAN SERGI

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TURKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda göçme kitap sergisini gurnady.  Aýratyn-da sergide Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän  dürdäne ajaýyp eserleri iň köp isleg bildirýän we gyzyklanma doredýän eserler boldy. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna öçmejek nur bolup çaýylan eserleri we teatr sungatyna degişli neşirler ýerleşdirildi. Türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edilen kitaplar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

    Gurnalan kitap sergä gatnaşanlaryň ählisi dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge, türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • TÜRKI MEDENIÝETINIŇ GURAMASYNA (TURKSOÝ) AGZA ÝURTLARYŇ II TEATR FESTIWALY MYNASYBETLI GURNALAN SERGI

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TURKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem-de Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary, teatr sungatyna degişli kitaplar we beýleki neşirler ýerleşdirildi. Türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edilen kitaplar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

    Uly göwrümli sergä gatnaşanlaryň ählisi dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge, türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji çagalara kitap okamagyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berdi. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary hem öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän gogulary ýatdan aýdyp berdiler.   Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.

             Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

     

  • “Owazly çynar” ady bilen ussat bagşy Ödenyýaz Nobatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Owazly çynar” ady bilen ussat bagşy Ödenyýaz Nobatowyň doglan gününiň  95 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli , ussat bagşynyň sungata bagyşlanan manyly ömri we döredijiligi barada aýratyn nygtaldy. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýän edildi.

  • Kerim Gurbannepesow Halkyň ýüregini söýlän şahyr

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitraphanasy öz okyjylary bilen “Halkyň ýüregini söýlän şahyr” ady bilen Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlap şygyrýet agşamyny geçirdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni ussat şahyryň ömrü we döredijiligi hakynda şeýle hem K. Gurbannepesowyň ajaýyp kitaplary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Ýaş nesilleri terbiýelemekde şahyryň döreden adamkärçilik, arassa ahlaklylyk ýaly baý duýgulary oýarýan goşgulary hakynda hem aýdyldy. Duşuşygymyza gatnaşan okyjylarymyz hem öz gezeklerinde K. Gurbannepesowyň döreden birnäçe ajaýyp goşgularyny ýatdan, labyzly ýerine ýetirip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler. “Ussadyň durmuş ýoly” atly K. Gurbannepesowyň kitaplaryndan ybarat bolan kitap sergimiz ýaşajyk okyjylarymyzda aýratyn täsir galdyrdy.

       Duşuşugyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan edebiýat ägirlerimize uly hormat goýup, olaryň döredijiligini öwrenmeklige ähli mümkünçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler. 

  • “Tylla sary egne geýen lybasyň, sende wasp edere gözellik has kän” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýäňy-ýakynda. Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar Nesiller”  adyndaky  ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde “Tylla sary egne geýen lybasyň, sende wasp edere gözellik has kän” – atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.  Kitapanamyzyň agzybir hünärmenleri hem bu söhbetdeşlikde  “Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini beýan etdi. Güýz paslynyň gözel günlerini ýazyjylaryň şahyranalyk bilen ajaýyp wasp edendiklerini belläp geçdi. Şeýle-de türkmen halkynyň elmydama adamzadyň ruhy baýlygy, genji hazynasy  bolan kitaplara uly sarpa goýandygyny, gözüniň görejine deňändiklerini aýdyp berdi. Çagalaram öz gezeginde çeper okaýyşlary, goşgulary bilen çykyş etdiler.

          Söhbetdeşligiň soňunda ýaş nesliň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi ugrunda, olaryň  ata-babalarmyzyň ajaýyp watançylyk ýol ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

  • “Kitap biziň dostumuz” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen “Kitap biziň dostumuz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşuguň dowamynda kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndaky kitaplary ýaşajyk okyjylarymyza tanyşdyryldy. Körpeje okyjylarymyza kitabyň adamzat durmuşundaky tutýan orny barada ynsany terbiýelemkede kitabyň ähmiýeti hakynda hem täsirli gürrüňler berildi. Kitap hazynamyzda çagalar üçin bar bolan kitaplar barada hem okyjylarymyza wagyz edildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna öwrülen kitaplary döwrebap usulda yzygiderli neşir etdirip ýaş nesillere okamaklyga, öwrenmeklige giň şert mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

  • Hormatly Prezidentimiziň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly kitaby barada.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna   ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” ady bilen  Türkmen döwlet nişirýat gullugy tarapyndan neşir edilen.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň 2022- nji ýylda alyp baran işleriniň  senenamasy atly kitabynyň 1 - nji tomy gelip gowuşdy. .Bu kitap aýratynlykda türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilen. Bu ajaýyp kitapda ýerleşdirilen maglumatlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň baý many-mazmunyny açýar, “Döwlet adam üçindir!” we “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlar astynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň syýasatyna laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri görkezýär.

    Bu ajaýyp kitap mähriban Watanymyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan okyjylarymyz üçin gymmatly çeşme bolup durýar.

     

  • “Türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyz” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy orta mekdepde ýaş nesillerimize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömrü we döredijiligi hakynda tanyşdyrmak maksady bilen “Türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyz” atly söhbetdeşlikli duşuşugyny geçirdi.

       Kitaphana hünärmeni Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň, Nurmuhammet Andalybyň we Mämmetweli Keminäniň bize miras goýan gymmatly eserleriniň many-mazmun baýlygy hakynda täsirli söhbet etdi we şeýle ýazyjy-şahyrlarymyzyň häzirki ajaýyp döwrümüzde sarpasynyň belent tutulýanlygy hakynda hem buýsançly gürrüňler berdi.  Söhbetdeşligimize işjeň gatnaşan okuwçylar hem öz gezeklerinde nusgawy edebiýatlaymyzdan bölekleri, çeper okaýyşlary ýatdan labyzly ýerine ýetirip duşuşugymyzyň has-da täsirli bolmagyna ýardam berdiler.

       Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý mirasyny ýaş nesillerimiziň  aňynda, kalbynda ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

  • “Zehinli çagalar” ady bilen çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik.

       Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

        Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýazyjy tarapyndan sowgat berlen täze kitap

    Görnükli ýazyjymyz Süleýman Ilamanow “Magtymguly dünýä ýaşaýyş” atly kitabyny biziň hazynamyza sowgat edip gowşyrdy. Kitapda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligini, pelsepeli garaýyşlaryny, beýik söz ussadyna goýulýan çäksiz hormat-sarpany beýan edýän goşgulary ýerleşdirilipdir. Kalbyňy özgerdýän, ruhuňy täzeleýän şygyrlary hemişe ýagşylyga, haýyr-sogaba, ahlak-päkligine, parasatlylyga ýugurlanlygy bilen okyjylaryny özüne çekýär. “Magtymguly dünýä ýaşaýyş” atly bu  goşgular ýygyndysy 2024-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen bu kitap 359 sahypadan ybarat bolup kitapda 353 sany goşgy ýerleşdirilen. Kitap giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

  • “Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimýetiniň kämil nusgasy”

    Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti  hem-de Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy  we “Miras” teleýaýlymynyň  döredijjilik topary bilen bilelikde 1-nji Oktýabr Halkara Ýaşulular güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen “Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimýetiniň kämil nusgasy” ady bilen duşuşuk geçirdi. Il sylagly ýaşulularyň ýurdumuzda geçirilýän dürli medeni-köpçülük çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýändikleri barada täsirli grrüňler edildi. Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumuzuň durnukly ösüşüni, halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge gönükdürilen, döwletimiziň we halkymyzyň durmuşunyň ähli ugurlaryny gurşap aljak, düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim beriljekdigi barada täsirli gürrrüňler diňlenildi.

       Halkymyzyň bagtyýar şu güni we nurana ertirlerini berkarar etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.

     

  • Ussat ýazyjy Süleýman Ilamanow bilen bilelikde söhbetdeşlikli duşuşygy.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ussat yazyjy Süleýman Ilamanow myhmançylykda bolup kitaphana hünarmenleri bilen söhbetdeşlikli duşuşugyny geçirdi, we "Magtymguly dünýä ýaşaýyş" atly kitabyny gowşyrdy. Kitapda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligini, pelsepeli garaýyşlaryny, beyik söz ussadyna goýulýan çaksiz hormat-sarpany beýan edýan goşgulary ýerlesdirilipdir. Kalbyny özgerdyän, ruhuny täzeleyän şygyrlary hemişe ýagsylyga,haýyr-sogaba, ahlak-päkligine, parasatlylyga ýugurlanlygy bilen okyjylar köpçuligini özine çekyar.Şahyr öz döredijilik ýoly barada täsirli gürrüñler berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenleriň şahyr bilen sorog-jogap alyşylmagy has-da täsirli boldy. Dusuşugyň ahyryn-da oña gatnaşanlar edebiýatymyzy ýaş nesillere wagyz etmeklikde uly sertleri,  mümkinçilikleri döredip berýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly. Prezidentimize köp sag bolsunlary beýan etdiler.

     

  • “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora” atly döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler.  Okan kitaplary esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler. Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.

             Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “ Türkmen milli oýunlary” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Jahan döredijilik merkezinde  “Türkmen milli oýunlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada hem hünärmenimiz gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. 

             Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Garaşsyz Watanyň bagtly ýaşlary” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyz Watanyň bagtly ýaşlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň  çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. 

             Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary, sungat söýüji ýaşlary ata Watamynymyzyň, erkana durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspyny ýetirýän aýdymdyr, sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. 

             Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmeniň milli saz guraly dutaryň ýasalyşy, dutar saz guralynda çalynýan sazlar hem-de türkmen bagşylary barada “Dutaryň inçe syrlary”  atly söhbetdeşlik geçirdi.   Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu jadyly senediň il içinde neneňsi hormata eýe bolandygy, irginsiz zähmeti talap edýän dutaryň ýasalyş aýratynlygy, dutary ýasamak üçin tut agajynyň saýlanyp alynyşy barada täsirli gürrüňler berdi. Şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada gyzykly söhbet edildi. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda  milliliklerimizi ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň  çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Döredijilik duşuşygyna  “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalar” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.  Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. 

             Duşuşygyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Arkadagly Gahryman Serdar – şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdar – şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar”  ady bilen söhbetdeşlik  geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşlige “Miras” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.  Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. 

             Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

  • “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary ” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary ” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen  okadylar. Şeýle-de ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýlemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar.  

    Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem aýratyn täsir galdyrdy.

    Söhbetdeşlige gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge  giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Ýol hereketiniň düzgünlerini hökman berjaý edeliň” atly söhbetdeşlik.

     

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünarmenleri we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Ýol hereketiniň düzgünlerini  hokman berjaý  edeliň  ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýolyşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli  düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler.

         Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Arkadagyň eserleri – ýaşlaryň görelde mekdebi" atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy yañy-

    ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýar nesiller adyndaky 74-nji orta mekdebiň

    okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan

    kitaplary esasynda "Arkadagyň eserleri - ýaşlaryň görelde mekdebi" ady bilen

    söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň

    ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol

    eserlerin añyýeti ösdürmekdäki we sahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürruňler edildi.

            Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösuşlere alyp barýan Arkadagly

    Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünarmenleri  we Aşgabat şäheriniň ýörüteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli  düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

                 Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • "Bilim bagtyň açary."

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşyän yörüteleşdirilen 76-njy orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy" atly kitabyndan ýaşlara berilýan gymmatly öwüt-ündewler barada täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde  ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.

    Duşuşugyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumuzy bilimleriň mekanyna öwrüp,okamaklyga, öwrenmeklige döredyän giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

  • "Kitaphana öz okyjylary bilen"

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen ýylymyzyň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly şygary hem-de dana şahyrymyzyň sarpalanyşy barada,kitaphanamyza gelip gowuşan Magtymguly Pyraga bagyşlanylyp döredilen kitaplar we olaryň many-mazmuny hakynda tanyşdyrmak maksady bilen duşuşuk geçirdi.

    “Magtymguly Pyragy dünýä danasy" atly kitaphanamyzda gurnalan sergi okyjylarymyzda aýratyn täsir galdyrdy. Duşuşugyň ahyrynda türkmen halkyny ajap eýýamda ýaşadýan, ýaş nesillerimizi okamaga, öwrenmäge, bilim almaga uly mümkinçilikleri döredyän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlar beýan edildi.

     

     

     

     

     

     

     

     

     

     

     

     

     

     

  • "Bilimli nesil - kuwwatly Watan" dabaraly duşuşygy

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda 76-nji ýörüteleşdirilen okuw mekdebinde  mekdep okuwçylarynyň arasynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlap "Bilimli nesil - kuwwatly Watan" ady bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

       Çärämiziň  başynda kitaphana hünärmeni ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda, döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada täsirli gürrüňler berdi.

      Gahryman Arkadagymyzyň "Bilim - bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk" we Hormatly Prezidentimiziň "Ýaşlar Watanyň daýanjy" atly gymmatly eserlerinde ylym-bilim we türkmen ýaşlarynyň bilimde gazanan üstünlükleri barada hem söhbetler edildi.   Duşuşugyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri netijesinde ýurdumyzy ösüşiň? täze belentliklerine çykaran Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

     

     

  • “Biz ertekileri okaýarys” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy   tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde kitap söýüji çagalaryň arasynda  “Biz ertekileri okaýarys” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlik arkaly ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagajyklara durmuşda gowy adam bolmagy, birek-birege kömek etmegi, adalatly, dogruçyl bolmagy ündediler.  Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

             Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

     

     

     

     

  • “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” ady bilen geçirilen halkara sergi-ýarmarkasynyň ikinji güni.

    Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen  “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi .Aýratyn-da sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän dürdäne eserleri iň köp isleg bildirilýän we gyzyklanma döredýän eserler boldy. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna öçmejek nur bolup çaýylan eserleri, şygyrlar ýygyndylary dürli ýaşdaky kitap söýüji ildeşlerimiz tarapyndan uly höwes bilen okaldy. Ol eserler esasynda hünärmenlerimiz bilen sowal-jogap alşyldy. Bagtyýar körpejelerimiz hem halallyk, ahlaklylyk, doruçyllyk, adalatlylyk, rehimdarlyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri ündeýän şeýle ajaýyp eserleri gyzgyn söýgi bilen okadylar.

             Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

                                                                           

  • “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” ady bilen geçirilen halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy.

     “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilen sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi we  Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Sergi dört günläp dowam etdi. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy.   

             Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi” atly döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda   “Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly- bilimli, sagdyn, berk, bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada gürrüňler edildi. Duşuşyga “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.

             Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

     

     

     

  • “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşligi, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” atly şygar esasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada buýsançly gürrüňler edildi. Oguz han türkmeniň döwründen gözbaş alyp gaýdýan ýörelgeleri dowam etdirip, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen atalar sözüne eýerip, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlary jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleri bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.

             Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.