14
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Watan hakda aýdym” atly kitap gelip gowuşdy. Şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazyň täze goşgular hem poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň bir bölegini düzýär. Bu işiň ýene agramly bölegi onuň bu kitabyna girizilmän galan goşgularyndan, publisistik makalalaryndan we beýeki kyssa eserlerinden ybaratdyr. Ol eserleriň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys, we şeýlelik bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Özüň bolup ýaşamak” atly kitap gelip gowuşdy. Ýazyjy Akmyrat Hojanyýazyň täze kitabyna onuň soňky ýazan makalalarynyň, goşgularynyň diňe bir bölegi girizildi. Bular esasan, syýasy-publisistik eserlerdir. Berkarar döwletimiziň saýasyndaky uly wakalardan, taryhy özgertmelerden, döwrüň möhüm meselelerinden, gadymyýetiň yzlaryndan söz açýan eserleriniň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys. Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.
12
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Gujurly bilim” merkezinde kitap hepdeligini geçirdi. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitap sergisindäki ertekileriň dürli görnüşlerini uly höwes bilen okadylar. Aýratyn-da daşary ýurt dillerindäki ertekilere uly gyzyklanma bildirdiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar.
Göçme serginiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
09
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen “Watanymy wasp edýän şahyr bolasym gelýär” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Bagtyýar çagalar hem öz döreden goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Awgust
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurnady. Çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler. Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.
Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
05
Awgust
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş günlerinde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de tebigatymyzy gorap aýawly saklamak barada gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir gadyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
Awgust
Türkmenistanyn B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy yañy-
ýakynda "Demiryolçy" çagalar sagaldyş we dynş alys merkezinde dynç alys
möwsümini gyzykly hem sadyýan geçiryän çagalar bilen "Tebigat bizin öyümiz"
ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bilesigeliji
okyjylarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri tebigatymyzy, daş-töweregimizi
aýawly saklamagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, bag ekip
yetişdirmegiň ähmiyetini sada dilde düsündirdiler. Tebigatymyza görk beryän yaşyl
agaçlaryň, owadan gülleriň, dürli ösümlikleriň howamyzy arassa saklamakdaky
ähmiyetini aýratyn nygtadylar. Gözel tebigatymyzyň dagy, düzi, süyji suwly
çeşmeli, ösümlik we haýwanat dunyasi babatda gyzykly maglumatlary özinde
jemleýan neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan sergi tebigaty söyyän
çagalarada aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige "Asgabat" teleýaýlymynyň
döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdesligiň ahyrynda yaş nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn.
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup yetişmegi ücin uly aladalar edyän
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkys sözleri beýan edildi.
31
Iýul
Türkmenistanyn B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminiň dowam edyän günlerinde paýtagtymyzyň in gözel
künjekleriniň biri bolan "Arkadag" seýilgähine hemişelik okyjylary bilen gezelenç
etdiler. Paytagtymyzyň güň-günden gözelleşyän keşbi, ajaýyp binalary,seýilgähleri
barada gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýar
körpejeler ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy, gözel paýtagtymyz Aşgabady
wasp edýän goşgulary hem labyzly aydyp berdiler. Çagalar edebiýatyna degişli
kitaplar esasynda gurnalan göçme sergi aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige
"Asgabat" teleýaýlymynyň "Berk binyatly bilim" geplesiginiň döredijilik topary
hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy, paýtagtymyzy bagtyýar çagalaryň
mekanyna öwürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçiryän Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykyan
alkyş sözlerini beýan etdiler
25
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Ady bar-da, özi ýok” atly kitapça gelip gowuşdy. Çagalar üçin niýetlenen bu kitapçada Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda gabat gelýän käbir guşlar bilen bagly rowaýatlar ýerleşdirilen. Bu rowaýatlaryň üsti bilen çagalarda türkmen tebigatyna we onda ýaşaýan guşlara bolan gyzklanma döretmek göz öňünde tutulýar. Kitapçanyň sahypalary çagalaryň ünsüni çekjek owadan suratlar bilen bezelen. Kitapça bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.
24
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamaklarynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek şeýle-de ýaş nesilleriň döredijilik älemindäki ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen ähli dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda “Ýaş nesiller we döredijilik dünýäsi” ady bilen merkezara döredijilik duşuşygyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Bagtyýar çagalar aýdymdyr sazlary hem-de öz döreden goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
23
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähine gezelenç etmäge gelen çagalar bilen Ýaş nesle çagalar edebiýatyny wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalar bilen tamamlanan okuw ýyly, gyzykly we şadyýan geçýän dynç alyş günleri we täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada täsirli gürrüňler etdi. Bilesigeliji çagalara türkmen halk ertekilerini okap berdi. Ertekilerde ündelýän oňat gylyk-häsiýetleriň ähmiýetini giňişleýin düşündirdi. Bagtyýar çagalar hem gyzykly dynç alyş möwsümini, ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Zehinli çagalar” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy, oňat dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
22
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Gujurly bilim”. merkeziniň okuwçylary gezelenç etmäge geldiler. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitaphananyň bölümleri, ol bölümleriň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Gyzyklanýan kitaplaryny okap gördiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Umuman şadyýan çagajyklar gyzykly pursatlary başdan geçirdiler.
Gezelenjiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
11
Iýul
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap hepdeligini gurnady. Kitap hepdeliginiň çäklerinde bu dynç alyş merkezinde çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.
Kitap hepdeligine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
10
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde tomusky dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän ýaşajyk okyjylarymyz bilen “Çörek mukaddesdir” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.Duşuşygyň dowamynda daýhanlaryň gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna döz gelip ýetişdiren ak bugdaýy, ol bugdaýy degirmen arkaly üwäp alnan undan taýýarlanýan milli tagamlar barada täsirli gürrüňler edildi. Mährem enelerimiz tarapyndan kendirikde ak uny eläp, hamyrmaýa goşup, hamyr ýugrup, zuwalalara bölüp, ýaýyp, dürtgüç bilen dürtüp, ýününe çörek suwuny sepip, repidäniň kömegi bilen gyzyp duran tamdyra emaý bilen çörek ýapylyşy, berekediň, bolçulygyň nyşany hökmünde çöregiň gapdalynda jübüt kökejikleriň hem taýýarlanyşy, Gün kimin gyzaryp bişen mele myssyk çöregiň myhmana, maşgala agzalaryna hödür edilişi, düýe ýüňden dokalan saçaga dolanyp, öýüň iň arzyly ýerinde saklanylyşy baradaky täsirli gürrüňler çagalarda uly täsir galdyrdy. Çöregi harlamazlyk, ýekeje owuntygyny hem aýak astynda goýmazlyk, çöregi iki eliň bilen tutup, sag eliň bilen döwüp iýmek ýaly yrymlar, ynançlar şeýle-de çörek mukaddesligi baradaky aýdylan hekaýalar, rowaýatlar, ertekiler, goşgular duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Çörek baradaky goşgudyr hekaýalar hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly ajaýyp kitap we beýleki neşirler esasynda gurnalan sergi hem uly gyzyklanma döretdi.
Duşuşygyň ahyrynda çagalara milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, yrym-ynançlarymyzy, gymmatlyklarymyzy giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyş sözleri beýan edildi.
09
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň “Belent boýly ussadym” atly täze kitaby gelip gowuşdy. Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapda orun alan gogular şahyr zenanyň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp, durmuş, söýgi, ýaşaýyş baradaky ýazan goşgularydyr.
Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.
08
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Haýyrly hazyna”, ady bilen çagalar üçin niýetlenen täze kitapça gelip gowuşdy. Bu kitapçalarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde gabat gelýän dost-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik şeýle-de haýwanlar, guşlar bilen baglanyşykly ýönekeýje rowaýatlar, ertekiler beýan edilýär. Bu rowaýatlaryň üsti bilen çagalarda we ýetginjeklerde ynsanperwerlik duýgulary artýar, haýwanat dünýäsini söýmäge, olara rehimdar bolmaga bolan isleg, höwes döreýär.
Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.
07
Iýul
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Nesil” dynç-alyş sagaldyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler dogrusynda çagalaryň arasynda wagz-nesihat çaresini guradylar maslahat berildi. Şu söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri hem saglyga degişli kitaplardan sergi gurnadylar.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýaş neslleriň sagdyn ösüp-ulalmaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Iýul
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň Ruhybelent nesilleri” dynç alyş merkezinde “Muny bilmek gyzykly” atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmenleri dünýä täsinlikleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Mysal üçin: Näme üçin bulutlar dürli şekilde bolýarlar? Tolkunlar nädip döreýär?, Gyşda penjirede nädip nagyş döreýär?, Ewerest-dünýäniň iň beýik gerşi we haýwanat dünýäsindäki geň- taňlyklar barada çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çagalar uly höwes bilen diňläp öz bilýänje täsinlikleri barada gürrüň berdiler. Şu çärämizde söhbetdeşligimizden daşary çagalaryň söýgüli “Güneş” žurnalynyň “Täsin dünýä” atly sahypalaryndan sergi gurnaldy.
Çärämiziň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
Iýul
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň ýaşajyk okyjylary görnükli şahyr, ýazyjy, dramaturg Hemra Şirowyň goşgularydyr poemalaryny, hekaýalaryny, ertekileridir powestlerini höwes bilen okaýarlar. Okan kitaplarynyň arasynda has aýratyn tasir galdyran eserleri barada ýagny Hemra Şirowyň “Ýaşyl kitap” atly kitaby barada şahyr bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildiler.
«Ýaşyl kitap» diýlip atlandyrylýan bu kitap adyndanam belli bolşy ýaly, ol tutuşlygyna tebigat barada, giňiş Watanymyzyň haýwanat hem ösümlik dünýäsi hakynda. Aýdylyşy ýaly, onuň temasy müdimilik tema, ýene-de asyrlar boýy ýazyljak tema. Awtoryň şol tema özboluşly çemeleşmegi başaryşy tebigat gözelligi hakynda körpelere özüçe gürrüň berşi, onuň döredijilik şowlulygyndan habar berýär.
Şahyryň gözel tebigaty söýmelidigi barada körpelere maslahat berşi hem özboluşly. Ol bu tebigaty tutuşlygyna bir ýaşyl kitaba meňzedýär, ony «synlap, okap, hezil edinmegi» tekrarlaýar. Soňundanam:
Edil «Harplyk» kitabyňy
Aýap, gowy görşüň ýaly,
Kemsiz okap öwreneňsoň,
Jigiň jana berşiň ýaly,
Aýa ýaşyl kitabyňy,
Zaýalama ýersiz-ýere.
Täzeligne, tämizligne
Ýetsin geljek nesillere!
— diýip maslahat berýär. Hut şol maslahatyň özi hem çaga dilinde, çaga häsiýetinde. Şahyr biziň günde görüp-bilip ýören zatlarymyzda has ulurak, has başgaçarak zat görýär. Şony hem körpe okyjylaryna ýetirýär, bu bolsa goşgularyň, olarda beýan edilýän wakanyň, waspy edilýän adamynyň, jandarlaryň olaryň ýadynda galmagyna getirýär.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda sahyr hem okyjylar çagalar edebiýatyny wagz etmekde özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaksiz alkyşlaryny aýtdylar.
03
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda täze çapdan çykan “Türkmen keçesi” atly kitap gelip gowuşdy. Kitap üç dilde ýagny, türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen. Bu kitapda türkmen öýüniň törüniň bezegi, zenanlaryň on barmagynyň hünäri, ynsan üçin jana ýakymly, mylaýym we ýyly düşek hökmünde giňden peýdalanylýan, türkmeniň ak öýleriniň üstüni örtmek üçin ulanylýan, enelerimiziň sabyr-takat, tutanýerlilik we yhlasy bilen basylan keçeleriň gadymylygy, aýratynlygy, nagyşlary barada giňişleýin beýan edilýär. Şeýle-de boz keçeler, atkeçeler, namazlyk keçeler, gülli keçeler ýaly keçeleriň dürli görnüşleri we ol keçelere salynýan “Şelpeligöl”, “Gelinbarmak”, “Gapyrga”, “Tazyguýruk”, “Aktüýnük”, “Darakgoçak”, “Pişmegoçak”, “Sekizgoçak”, “Çopantelpek”, “Aýnagöl”, “Tumargöl” ýaly nagyşlaryň özboluşlylygy barada gyzykly maglumatlar bar. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem täze kitaby ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Gökdere dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Dabarada türkmen halkynyň milli ýörelgelerine, medeniýetine, sungatyna aýratyn hormat-sarpa goýup, ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
02
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagajyklar bilen täsirli gürrüňdeşlik boldy. Çagalar türkmen halk ertekileri, olaryň gahrymanlary esasynda sorag-jogap alyşdylar. Tapmaçalary, matallary çözmek boýunça özara bäsleşdiler. Ýeňijilere kitap sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar körpejeler ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary hem labyzly aýdyp berdiler. Çagalar edebiýatyna degişli kitaplar esasynda gurnalan göçme sergi aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
01
Iýul
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda tomusky dynç alyş gunlerini gyzykly geçirýän ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Dürli ertekili kitaplar, gurjaklar esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
28
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda “Arkadagyň nusgalyk eserleri – beýik ösüşleriň gözbaşy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.
Gurnalan kitap sergisine gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
21
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet dost-doganlygyň köprüsi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli medeniýetimiz, sungatymyz we olaryň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlarymyza goýulýän hormat-sarpa barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de hünärmenlerimiz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada buýsanç bilen aýtdylar. Gurnalan kitap sergisi aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly ajaýyp eserleri hem-de beýleki neşirler ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
20
Iýun
2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşikde, gyzykly makalalary dowamly ýazanlygy üçin, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Edebiýatlary işlemek we kataloglary guramak bölüminiň II derejeli bibliogrofy Badaýewa Lýudmila Anatolýewna III orny eýeledi.
15
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde “Nebitci” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap - ruhy baýlyk” ady bilen kitap hepdeligini geçirdi. Kitaphna hünärmenimiz Mähriban Arkadagymyzyň sözlerine “Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär” diýen sözleri bilen başlap, çagalara elmydama kitap bilen dostlaşmalydygyny kitap adamzadyň dünýägaraýşyny giňeldýändigini, kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldigini aýdyp geçdi. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bolmalydygyny kitap çagalaryň sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär diýip belläp geçdi. Kitaphanamyz tarapyndan çeper eserlere bagyşlanyp gurnalan bir hepdelik kitap sergisi hem çagalarada uly täsir galdyrdy.
14
Iýun
Ýazyjy Hemra Şirowyň II tomdan ybarat eserler ýygyndysynyň, I tomy ýagny “Atalaryň takdyry” atly, kitabynda dürli ýyllarda ýazylan powestlerdir hekaýalaryň iň gowylary saýlanylyp ýazylan.
Olarda taryhy geçmişde bolup geçen pajygaly ahwallar, türkmen zenanlarynyň görkezen edermenlikleri beýan edilýär.
Dostluk, agzybirlik, Watana wepalylyk, beýik Watançylyk söweşi ýyllaryndaky agyr günler, söýgä ygrarlylyk, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly öwüt – ündewleri öňe sürýän eserler edebi gözleglere baý,
Hemra Şirowyň II tomdan ybarat eserler ýygyndysynyň, I tomy ýagny “Atalaryň takdyry” atly, kitaby giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.
Ýazyjy Hemra Şirowyň II tomdan ybarat eserler ýygyndysynyň, II tomy ýagny “Dogduk depe” atly, kitabynda dürli ýyllarda ýazylan romanlar, hekaýalar, edebi tilsimler, makalalar ýerleşdirilen.
Eserde adamynyň tebigat bilen ýüzbe-ýüzligi, onuň bilen arabaglanyşygy barada birnäçe hekaýalaryň üsti bilen giňişleýin düşündirilýär. Päk söýginiň gussaly hemde şatlykly pursatlaryny goşgularyň üsti bilen çeper beýan edýär.
Edebi gözleglere baý, başdan geçirme häsiýetli eserlerde ýazyjynyň özboluşly beýan äheňi oňat duýulýar.
Hemra Şirowyň II tomdan ybarat eserler ýygyndysynyň, II tomy ýagny “Dogduk depe” atly, kitaby giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.
11
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyzyň köp ugurly döredijilik dünýäsini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Magtymgulynyň şygryýetinde tebigat suratkeşligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda tebigatyň waspy barada täsirli gürrüňler edildi. Surat çekmegi halaýan gyzjagazlar hem oglanjyklar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini suratlandyrmak esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
10
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligini çagalaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Magtymguly sözlär tili türkmeniň...” atly söhbetdeşlik hem-de surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Dabaranyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Surat çekmegi halaýan gyzjagazlar hem oglanjyklar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini suratlandyrmak esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Iýun
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy -
ýakynda ýene bir täze kitap gelip gowuşdy.
Atdaýewa M. Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary : Molografiýa / red.
A. Kakajanow. – Aşgabat : Ylym. 2024. - 324 s.
Ýazyjy Atdaýewa Maralyň “Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary” atly
eseri, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde gollanma
bolar. Monogrefiýa görnüşinde ýazylan eserde Akyldar şahyryň filosofik
garaýyşlarynyň esaslary yzarlanylýar. Pyragynyň çeper dünýä garaýşynyň kökleri
filosofik ylmyň taryhy bilen utgaşykly derňelýär. Akyldaryň filosofik nukdaýnazardan
çeper pikirlenmesiniň aýratynlyklary barada.
Ýazyjy Atdaýewa Maralyň “Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary” atly
eseri Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýän edebiýatçylar, taryhçylar, dilçiler, şeýle
hem ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary üçin peýdaly bolar.
Kitap giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.
05
Iýun
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç
alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň
“Ömrümiň manysy” atly kitaby esasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylara Gahryman
Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ömrümiň manysy” atly eseriniň
bölümlerinden gyzykly gürrüňleri aýdyp berdiler. Kitapda beýan edilýän
tymsallaryň, rowaýatlaryň ençemesini bilesigeliji çagalara okap berdiler.Şeýle-de
bu ajaýyp eseriň nesil terbiýesinde eýeleýän ornuny aýratyn nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaplaryň gadyr-gymmatyny ýaş nesillere wagyz
etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
Iýun
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky
dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş
merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň
arasynda eneden gyza miras galýan el işlerimiz barada eli hünärli gyzjagazlar bilen
“El hünäri – il gezer” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda
türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri nepis, ajaýyp el işlerimiz, olaryň
aýratynlyklary, ulanylýan iňňe, ýüwse, gaýçy ýaly gurallar, ýüpek sapaklary
işmegiň usullary, nagyşlaryň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüňdeşlik
boldy. Gyzjagazlar hem öz el hünärleri esasynda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
El işleri esasynda gurnalan sergi gyzjagazlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide
Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp
kitaplary şeýle-de el işleri baradaky dürli neşirler ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaşlara has giňişleýin wagyz
etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Iýun
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen «Daşkent» seýilgähine gezelenç guradylar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Bu ýerde biz çagalary gyzyklandyraýjak özbek ertekilerinde we türkmen halk ertekilerinden ybarat bolan kitaplardan sergi gurnaldy. «Daşkent» seýilgähinde başga-da kafe, restoran, aýdym-sazly çäreleri geçirmek üçin sahna, çagalaryň oňaýly dynç almagy üçin birnäçe oýun meýdanlarynyň bolmagy göwnüňi galkyndyrýar. Başga-da bu seýilgähde Özbekistanyň symboly bolan nakgaşlyk şekilinde gap-gaçlarynyň heýkeli seýilgähiň görküne görk goşýar. Bu seýilgähiň gözelligi çagalarda uly tasir galdyrdy.
Dost-doganlyga uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbol aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun.
30
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, “Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy” ady bilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleriniň görkezen gurjak oýunlary çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Aşyr däde bilen çagalaryň arasyndaky gyzykly gürrüňdeşlik , täsirli pursatlar ýürekleri buýsançdan doly çagajyklarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
28
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, “Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi!” ady bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkezine gezelenç geçirdi. Gyzykly gezelenje dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Binanyň muzeýine aýlanyp dürli täsinlikleri gördiler, oýun zalynda wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Baýramçylyk mynasybetli çagalara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekileri çagajyklara okap berdiler.
Gyzykly gezelenjiň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
27
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly dabaralara beslenýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, täze çapdan çykan “Magtymguly” atly kitaby öz okyjylarynyň arasynda tanyşdyrdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda täze kitapda orun alan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde çapdan çykmagy kitap söýüji ýaşlary has-da buýsandyrdy. Kitaphanaçylar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň milli, edebi we medeni mirasymyz bilen has giňişleýin tanyşmagy üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
26
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde ýakynda “Magymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda öz okyjylarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurady we Magtymguly Pyragynyň goglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan “Magtymguly” atly ajaýyp kitabyň many-mazmun baýlygy hakynda söhbet etdiler. Ýaşajyk okyjylarymyzyň ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirýän we dana şahyrymyzyň döredijiligine degişli goşgulary ýatdan labyzly aýdyp bermekleri söhbetdeşligimiziň has-da gyzykly geçmegine ýardam etdi.
Gezelenjiň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyza täze medeni seýilgäh toplumunyň döredilmegi hem-de onda dünýäniň şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň beýik şahsyýetleriniň ýerleşdirilmegi eziz Watanymyzda dost-doganlyga uly üns berilýändiginiň, söz sungatyna sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanydygy hakynda täsirli gürrüňler berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan dana şahyrymyzyň döredijiligine degişli eserlerden gurnalan göçme kitap sergimiz has-da täsirli boldy.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ruhy galkynyşyň sakasynda duran, ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, ýaş nesillere eşretli durmuşy bagş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
24
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Goýup sen haýrana külli älemi - türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly kitaplary, olaryň many-mazmuny, kitaplarda ýerleşdirilen türkmeniň nepis halylary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri şeýle-de ussat halyçy zenanlar türkmeniň nepis halylarynyň taryhy, dokalyş aýratynlygy, haly dokamakda ulanylýan dürli gurallaryň görnüşleri, haly gölleriniň aňladýan manylary hem-de boýaglarynyň alnyşy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Türkmen halysyna bagyşlap gurnalan haly we haly önümleriniň hem-de kitaplaryň sergisi uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edildi.
23
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri okyjylarymyzyň gatnaşmaklarynda ýaňy-ýakynda “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Arkaç” söwda dynç alyş merkezinde “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde edebi-sazly agşam geçirdi.
Dabaranyň dowamynda Paýtagtymyzyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alanlygy şeýle-de “Dizaýn” ugry boýunça Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik toruna girizilendigi hakynda şäherimizdäki desgalaryň milliligi barada täsirli söhbetler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyzyň gözel paýtagtymyzy wasp edýän goşgularyna hem orun berildi.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Aşgabadyň ýaşaýyş üçin iň gözel we arassa, amatly şäher hökmündäki at-abraýyny mundan beýläk-de belende göterip, paýtagtymyzy has-da gözelleşdirip beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.
22
Maý
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda kitaphanamyzda “Gözel Paýtagt – Aşgabat” ady bilen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli edebi sazly ertirlik geçirildi.
Bu çärämize Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden okuwçylar, ýagny kitaphanamyzyň ýaşajyk okyjylary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleriniň rahat dynç almagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilikler döredilen. Çagalar özleri üçin döredilen ähli mümkinçilikler üçin diysen hoşallyklaryny öz aýdyp beren goşgy setirleri bilen beýan etdiler.
Şeýle mümkünçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaksiz alkyşlar aýdyldy.
20
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän ýörüteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde “Ol ine şeýle adamdy...” atly ýazyjy Nurberdi Pommanyň 115 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Çärämiziň dowamynda Watanyň söweşjeň esgeri, zehinli şahyr, prozaçy görnükli türkmen şahyry Nurberdi Pommanyň şahyrana döredijiligi, çeper eserleri barada “Gatakar” romany hakynda täsirli gürrüňler edildi.
Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan N.Pommanyň türkmen debiýatyny ösdürmäge goşant goşan eserleriniň göçme kitap sergisi edildi. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçlar şahyr N. Pommanyň döreden goşgularyny ýatdan, labyzly aýdyp bermekleri dabaramyzy has-da bezedi.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň edebi döredijiligini ýaş nesillere giňden wagz etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny beýan etdiler.
15
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň okalga otagynda ýakynda “Baýdagyň belentdir dünýäň ýüzünde
” atly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap okyjylaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli söhbetler edildi.
Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar mukaddes Baýdagymyzy we adyl Kanunymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp söhbetdeşligimiziň has-da täsirli geçmegine ýardam etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we mukaddes Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.
11
Maý
Şahyr Hangeldi Babaýewiň “Kakajanyň islegi” atly kitabynda çagalar dünýäsine bagyşlanan, körpe nesil we uly ýaşly okyjylar üçin niýetlenendir. Şahyr özüniň bu gyzykly goşgularyny hödürlemak bilen bu kitapda öz içki dünýäsini hem beýan edýär. Onuň bu kitaby çaga göwünlerini begendirer.
Hangeldi Babaýew “Kakajanyň islegi” atly kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenen.
Şahyr-mirasgär Hangeldi Babaýewiň, mirasy-öwreniji Azady Babaýew Dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly hakynda halk rowaýatlary” atly kitaby Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, profesor Mäti Kösäýew toplan anyk maglumatlary esasynda düzülen. Beýik Pyragy hakynda birnäçe hekaýalardan we goşgulardan düzülen kitap terjimehal görnüşinde bolup, akyldar hakyndaky gymmatly maglumatlardan ybarat. Uly we orta ýaşly okyjylar üçin niýetlenendir.
Hangeldi Babaýew we Azady Babaýewleriň “Magtymguly hakynda halk rowaýatlary” atly kitaby okyjylar köpçüligine niýetlenen.
08
Maý
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän ýörüteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde ýeňiş gününe bagyşlap “Edermenligiň beýik mekdebi” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Dabaramyzyň myhmany ussat ýazyjymyz dramatrug Hemra Şirow türkmenleriň beýleki halkar bilen bilelikde, urşuň gazaply söweşlerinde görkezen edermenligi, gahrymançylygy, tylda zähmet çekenleriň watansöýüjiligi, agzybirligi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Söhbetdeşligimiziň dowamynda taryhda gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşendikleri barada, şolaryň hatarynda Hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň şöhratly ömür ýoly hakynda täsirli söhbetler edildi. Çärämiziň dowamynda ajaýyp döwrümizi, Watan gerçekleriniň edermenligini wasp edýän goşgular okaldy.
Çärämiziň ahyrynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Gahrymanlary şöhratlandyryp, olaryň atlaryny ebedileşdiip, ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.
03
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda kitaphananyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylary bilen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde ýerleşýän “Ertekiler dünýäsi” seýilgähine gezelenç etdiler. Ýakymly syýahadyň dowamynda höwesjeň kitap söýüji çagalar kitaphanada ürç edip okan kitaplarynda orun alan erteki gahrymanlarynyň ençemesini bu seýilgähde görüp hoşal boldular. Seýilgähiň iň gözel ýerinde gurnalan göçme kitap sergisi körpeje okyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide türkmen halk ertekileri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli neşirler ýerleşdirildi.
“Ertekiler dünýäsi” seýilgähine geçirilen syýahadyň ahyrynda ýürekleri buýsançdan doly bagtyýar çagajyklar özleri üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikler üçin türkmeniň gerçek ogly Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
01
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda ““Kitap meniň ganatym” atly çeper okaýyş geçirdi. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän gogulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
30
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleradio ýaýlymy bilen bilelikde Tütkmenistanyň halk ýazyjylary we Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeleri şahyrlar K.Gurbannepesow hem-de G.Ezizowa bagyşlap “Zehin joşguny” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi barada olaryň bize miras goýan, ajaýyp goşgularynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Biziň häzirki ajaýyp döwrümizrde Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiziň ýazyjydyr , şahyrlarymyza goýýan hormat-sarpasy netijesinde ýaş nesiller bilen ussat halypalarynyň, döredijilik ýoly hakynda yzygiderli söhbetdeşlikler geçirilip durulýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerini ýaş neslleriň arasynda wagz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
29
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Magtymguly Pyragy-berkararlyk şygary” ady bilen döredijilik duşugyny geçirdi we kitap sergisini gurnady. Bu gurnalan göçme sergide kitaphana hünärmenlerimiz dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda çykan kitaplary hem-de şahyrana döredijiligi barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap çeken suratlary hem sergä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza yaşlara döwrebap ylym-bilim almak üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine çäksiz alkyşlar beýan edildi.
24
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýän Türkmen
bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Miras”
teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde
“Goç ýigidiň ganaty bedew” atly söhbetdeşlik geçirdi. Hünärmenimiz
teleýaýlymyň üsti bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmeniň ahalteke
bedew atlarynyň tohum aýratynlygy, duýgurlygy, wepadarlygy, ýyndamlygy we
owadanlygy barada dürli rowaýatlary, tymsallary gürrüň berdi. Gahryman
Arkadagymyzyň “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitaplary
şeýle-de beýleki dürli neşirler esasynda gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna
uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
23
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwerstitetiniň talyplary bilen şeýle-de bu ýerde geçirilen informatika olimpiýadasyna gatnaşan 18 ýurtdaky 52 ýokary okuw mekdebinde bilim alýan 270-den gowrak talyp-ýaşlaryň we 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymlaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny talyp-ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen “Bilimli ýaşlar – Watanyň geljegi ” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda talyp-ýaşlar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýlemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar.
Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
23
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze ajaýyp kitabynda beýän edilýän taryhy wakalary, anew medeniýeti baradaky gyzykly wakalar hakynda söhbetdeşlik guraldy. Okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen guralan bu söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanaçylar bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Ýadygärlikler baradaky täsirli gürrüňler örän täsirli boldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.