Täzelikler/Bildirişler

  • “Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri” Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli edebi sazly ertirlik

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki “Gül zemin” dynç alyş merkezinde “Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri”- atly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli edebi sazly ertirlik geçirildi.Her ýyl biziň ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden we dabaraly bellenip geçirilýär. Ýurdumyzda bagtyýar çagalar döwrebap gurlan, zerur enjamlar bilen doly üpjün edilen ak mekdeplerde, çagalar baglarynda bilim – terbiýe alýarlar. Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ýaş nesil, onuň saglygy, goraglylygy ugrunda alnyp barylýan işler sanardan kän. Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleriniň rahat dynç almagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel kenarynda rahat, asuda dynç alýarlar, wagtlaryny gyzykly, manyly geçirilýär. Şu baýramçylygyň şanyna Aşgabat şäherindäki “ Gül zemin ” dynç alyş merkezinde kitaphanaň hünärmenleri bilen “Aşgabat ” teleýaýlymy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden gatnaşan okyjylary aýdym – sazly ertirligi geçirildi. Bu dabarly çärede çagalar öz goşgydyr aýdym sazlary bilen çykyş etdiler. Bagtly çagalygyň ajaýyp mekany bolan Türkmenistan döwletimiziň, sözüň doly manysynda, bagtyýar ýurtdyr. Şu mümkünçilikleri döredip berýän Hormatly prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

  • «Gözellik göwheri – türkmen halysy»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly – türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat!” atly edebi-sazly çäresi

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat!” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz mekdep okuwçylaryna gözel paýtagtymyzyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu çärede “Adalat” gazetiniň işgäri, şahyr zenanymyz Gurbanjemal Annakowa hem myhmançylykda bolup, Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ajaýyp durky barada gürrüň berdi. Şeýle-de öz ýazan Aşgabat hakyndaky şygyrlaryny okap berdi. Mundan başga-da M. Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talybynyň aýdyp bermeginde Aşgabat, Watan barada ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde güneşli paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp berdiler hem-de özlerini gyzyklandyrýan Aşgabatda gurlan gadymy we häzirki döwür binalary barada sowal-jogap alyşdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Ak mmermerli paýtagtym” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Çagalaryň söýgüli şahyry”- Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewyň doglan gününe bagyşlanyp geçirilen edebi ertirlik.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 131-nji mekdepde “Çagalaryň söýgüli şahyry”- atly edebi ertirlik geçirildi. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi, şeýle-de Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ol çagalar edebiýaty Geňeşiniň Halkara baýragyna – Hormatly Gans Hristian Anderssen diplomyna we Mongoliýa ýaşlar soýuzynyň “Ýaş nesliň öňdebaryjy terbiýeçisi nyşanyna hem mynasyp bolan Türkmenistanyň halk yazyjysy Kaýum Taňrygulyýew häzirkizaman çagalar edebiýatynyň ösüşi üçin uly goşant goşandygyny sanap oturmagyň geregi ýok. Ol hemişe çagalaryň arasynda, çagalaryň dünýäsinde. Çagalaryň dünýäsi bolsa – päkize hyýallaryň, tämiz arzuwlaryň dünýäsi. Şahyryň eserlerinde ata- watana, ene-ata, hünäre-käre-söýgi, owlakdyr-guzynyň, haýwanjyklaryň, dört paslynyň alamatlary, umuman ene-topragyň adam bilen badaşandygyny, oňa aýawly garamak ýaly pikirler çaganyň duýgy – düşünjesine laýyklap ussatlyk bilen beýan edilýär. Bu edebi ertirlik şahyrymyz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewyň doglan gününe bagyşlap geçirildi. Edebi ertirligimiz şahyrymyza bagyşlap sergi gurnaldy. Biziň ýurdumyzda nusgawy ýazyjy, şahyrlarymyza uly hormat goýýan Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany-sag bolsun, görjegi gowy bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

  • “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly baýramçylyk dabarasy.

    Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji hem-de 29-njy orta mekdeplerinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyl we ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyz barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Döwlet nyşanlary-ajap eýýamyň şamçyragy” atly edebi-sazly çäresi

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap “Döwlet nyşanlary-ajap eýýamyň şamçyragy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny hem-de bularyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, şeýle hem welaýat merkezlerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli Baýdak meýdançalaryň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi. . Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde Baş Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly aýdyp berdiler we Konstitusiýa binamyzyň we Döwlet baýdagynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bolsa çäräniň has-da täsirli geçmegine ýardam berdi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Goşa mukaddesligiň baýramy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Kalplary nurlandyran kitap

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” atly gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eseriniň ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhunde terbiýelemekdäki ähmiýeti barada “Arkadagyň kitaplary – nesillere görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes ynançlary, geçmiş taryhy barada buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

  • “Manyly ömrüň beýany” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi- filosofik eserini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Manyly ömrüň beýany” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol- ýörelge”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” hem-de “Gadymyýete nazar” atly bölümlerinde beýan edilýän halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen welaýat çagalar kitaphanalarynyň arasynda teleköpri arkaly geçirilen onlaýn maslahaty.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Mary, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Syrly dünýä” ady bilen onlaýn maslahatyny geçirdi. Geçirilen onlaýn maslahatyň dowamynda B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň şeýle-de welaýat çagalar kitaphanalarynyň hünärmenleri okyjylary kitaphana çekmek, olaryň kitaba, okamaklyga bolan ösen isleglerini, talaplaryny kanagatlandyrmak babatda alyp barýan işleri babatda özara tejribe alyşdylar. Kitaphanalaryň baý hazynasynda orun tapan gadymy, seýrek duş gelýän kitaplary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olarda bar bolan çeşmeleri bilesigeliji okyjylara doly we dogry ýetirmek babatda öňde goýýan meýilnamalary barada özara maslahat etdiler. Geçirilen onlaýn maslahatyň ahyrynda kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza , kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramy mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Watana wepaly gerçekler” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle- de gitara saz guraly bilen ýerine ýetirilen söweş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary hem ata Watanymyzy, Watanyň gerçek ogullarynyň edermenligini wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Watan üçin edermenlik nusgasyny görkezen gerçeklerimizi hormatlap sarpalaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Arkadagyň kitaplary- nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň kiçi synp okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eserini körpeje okyjylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary- nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda eserde beýan edilýän Arkadagymyzyň maşgalasynda alan asylly terbiýesi hakyndaky ýatlamalary barada täsirli gürrüňler edildi. Şol ýatlamalaryň körpeje, bilesigeliji okyjylarymyza ruhy-ahlak terbiýesini bermekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserinde beýan edilen halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary barada ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary – nesilleriň göreldesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes ynançlary barada buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Srdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “El işleriniň seresi – mährem ene keşdesi” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiziň iň naýbaşylarynyň biri bolan keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “ El işleriniň seresi – mährem ene keşdesi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýüpek sapakly iňňäniň we çeper elleriň ýördümi bilen döreýän ajaýyp inçe sungat, oňa siňen gyz-gelinleriň arzuw-yhlasy, on barmagynyň gudraty, ukyp-başarjaňlygy, ýiti zehini, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi. Hünärmenlerimiz höwesjeň gyzjagazlara keşde çekmegiň inçe tilsimlerini öwretdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Jana şypa derman otly Watanym” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda “Ulkämiň derman otlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi, sport bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler. ыSöhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş geçirildi. Bu çeper okaýyşda çärämize 4-nji synp okuwçylary hem gatnaşdylar. Şahyr N. Baýramowyň haýsy kitaplaryny alanymyzda-da çagalaryň şadyýan aýdym-sazlary ýaňlanýar. Mähriban Watan, ähli gözellikleriň çeşmesi bolan ynsan zähmeti, dost-doganlyk hakynda söz açylýar. Şeýle-de hem kitaphanamyzyň hünärmeni çagalara şahyrymyzyň ömri-döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdi. Soňra çagalara söz berildi we şahyryň goşgylaryny, çeper okaýyşlar bilen çykyş etdiler. Çärämiziň soňunda ýazyjy şahyrymyzyň “Mekdebim” diýen goşgusyna döredilen aýdymy ýerine ýetirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýýan Hormatly Prezidentimize Serdar Berdimuhammedowa alkyşly sözleri beýan edildi.

  • “Atym bar – ganatym bar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar – ganatym bar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Şöhratly türkmen bedewleri” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Şöhratly türkmen bedewleri” ady bilen bilen Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Ýelden ýyndam – gülden owadan” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýelden ýyndam – gülden owadan” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda toý-baýramyň bezegi, ýyndamlygyň, gözelligiň nusga keşbi ahalteke bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk mynasybetli ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Mekdebiň göreldeli okuwçylary hem bedewleri wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Kalba sena Watan mukaddesligi” atly wagyz-nesihat söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky harby okuw mekdebi bilen bilelikde harby okuwçylarynyň arasynda psihologiýa hepdeligine bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz adamyň psihiki taýdan kämilleşmegi üçin sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda kitap dünýäsine aralaşyp köp okamalydygy barada birnäçe tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy Mähriban Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, hem-de “Paýhas çeşme” atly kitaplaryndan harby okuwçylara mertlik, gaýduwsyzlyk, parahatçylyk, ata Watany-ene topragy söýmek ýaly ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky harby okuw mekdebiniň okuwçylary hem öz gezeginde adamyň psihikasynyň sagdyn pikirlenmegi ugrunda geçýän dersleri okaýan kitaplary hakynda aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza mertlegiň hem beýik göreldäniň beýany bolan ajaýyp eserleri üçin alkyş sözleri beýan edildi. Watanymyza baş bolup duran Arkdagly Serdarymyza gowy arzuwlar aýdyldy.

  • “ Şuglasy öçmejek miras” atly zergärçilik sungaty barada söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen zergärçilik sungatyna bagyşlap, “Şuglasy öçmejek miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zergärçilik senedi barada hem bilesigeliji ýaşlarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri gyzykly gürrüňler berdiler. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen milli şaý-sepleri şeýle-de zergärçilik sungaty baradaky kitaplar esasynda gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Magtymgulynyň älemi” ady bilen geçirilen şygyr bäsleşigi.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen “Magtymgulynyň älemi” ady bilen okuwçylaryň arasynda şygyr bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk şahyrlar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de Pyragynyň şygyrlaryndan nusga alyp, ýaşajyk kalplaryndan dörän öz ýazan şygyrlary esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem döredijilik dünýäsine täze gadam basan ýaşajyk şahyrlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge şeýle-de ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Ertekiler dünýäsine gezelenç”

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Ertekiler dünýäsine gezelenç” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede “Ertekiler dünýäsine gezelenç” atly kitap sergisi gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz okuwçylara ellerini ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy, köpçülik ýerlerde örtük dakmagy, howpsuz araçägi saklamagy berk berjaý etmegi ündediler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän welosipedli ýörişler, welosipediň adam saglygyna, ekologiýanyň arassalygyna, howanyň tämizligine peýdalary barada hem bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň özüne çekiji gözelligi, ösümlik dünýäsi hem-de melhemlik aýratynlyklaryndan ylham alyp döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltlik eserinde beýan edilýän tebigatymyzyň baý ösümlik dünýäsi, dermanlyk aýratynlyklary olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaşaýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti, saklamagyň usullary we düzgünleri, ekologik ähmiýeti, aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada buýsançly nygtadylar.Gurnalan kitap sergisi hem uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Kitap bilimler çeşmesidir”

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda aprel aýynyň 12- ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdep bilen bilelikde “Kitap bilimler çeşmesidir” atly täze gelen kitaplar hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri şeýle hem bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada çäramiziň dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we “Galkynyş merkezinden” täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen ertekiler we uly ýaşly okyjylara bolsa çeper eserler we owadan bezegli kitap albomy ýaly kitaplar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen sergi gurnaldy. Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi. Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimize uzak ýaş, jan-saglyk il bähbitli tutumly işleri rowaçlara beslenmegine arzuw edildi.

  • “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda aprel aýynyň 6-na Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdep bilen bilelikde “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly çäre geçirildi. Bu çärämize kiçi synpyň okuwçylary gatnaşdylar. Bilişimiz ýaly her ýyl aprel aýyň 2-ne saglyk gününe bagyşlanyp alyp baryjy şeýle sözler bilen başlady: Döwlet baştutanymyz sportyň adam saglygyna, jemgyýetiň saglygyna edýän peýdasy barada, ýurdumyzda sporty ösdürmek arkaly ýaşlarmyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýä-garaýyşly, kämil aň-düşünjeli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işleriň alynyp barylmalydygy barada öz çykyşlarynda belläp geçýär. Kitaphananyň hünärmenleri çagalaryň arasynda saglyk barada we saglyga, sporta uly ünüs berilýändigi hakda aýdyp geçdiler. Ýurdumuzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň her biri sport baýramçylyklaryna öwrülýär. Ol baýramçylyklar bolsa kalplara buýsanç, guwanç duýgularyny paýlaýar. Bu çärede kitaphananyň hünärmenleri mowzuk boýunça sergi gurnadylar. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda dynuwsyz zähmet çekýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Saglygym - baş baýlygym” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag- jogap alyşdylar. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Sagdyn nesil - sagdyn ýurt!”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde ýaşajyk okyjylaryň arasynda “Sagdyn nesil-sagdyn ýurt!”- atly Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gürrüňdeşlik geçirdiler. 7-nji aprel Bütindünýä saglyk günüdir. Bitarap Türkmenistanda hem her ýyl bu sene uly dabara bilen bellenilýär. Çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler dogrusynda okyjylara maslahat berildi. Şu söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri hem saglyga degişli kitaplardan sergi gurnadylar. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýaş neslleriň sagdyn ösüp-ulalmaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

  • “Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Ruhnama” adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen türkmeniň milli saz guraly dutaryň ýasalyşy, dutar saz guralynda çalynýan sazlar hem-de türkmen bagşylary barada “Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu jadyly senediň il içinde neneňsi hormata eýe bolandygy, irginsiz zähmeti talap edýän dutaryň ýasalyş aýratynlygy, dutary ýasamak üçin tut agajynyň saýlanyp alynyşy barada täsirli gürrüňler berdi. Şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada gyzykly söhbet edildi. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Welosport – saglyga hemra” ady bilen geçirilin söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylyk babatdaky alyp barýan syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek ” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli “Welosport – saglyga hemra” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny şeýle-de sport bilen meşgullanmagyny, köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyny gazanmak babatda edýän aladalary we döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş töweregiň, howanyň arassalygyna peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasy, binanyň daşky keşbi, aýratynlyklary barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Ol sahnada ýaşaýardy” atly ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, “Ol sahnada ýaşaýardy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz talyplara Bazar Amanowyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ussat artist, dramaturg Bazar Amanowyň janlandyran sahna oýunlaryndan pursatlar, fotosuratlar esasynda gurnalan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Güneşli ülkäniň gözel tebigaty”-atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Güneşli ülkäniň gözel tebigaty”-atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bardygyny çagalara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän türkmen ýazyjylarynyň goşgulary bilen çagalar çykyş etdiler. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän gurnalan sergi çagalarda uly täsir gallyrdy. Söhbetdeşligimiziň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Gazak halk ertekilerine syýahat”-atly çeper okaýyş

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen “Gazak halk ertekilerine syýahat”-atly çeper okaýyş geçirdi. Çeper okaýşyň dowamynda çagalar rus diline terjime edilen gazak halk ertekilerini uly gyzyklanma bilen okadylar. Ertekileriň gahrymanlary, wakalary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Gazak halk ertekileri bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir gallyrdy. Gazak hem-de türkmen halk ertekiler esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir gallyrdy. Çeper okaýyşa gatnaşan çagalar dürli halklaryň edebiýaty, millilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza ýaşajyk kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Gözellige baý tebigatym”

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde “Gözellige baý tebigatym”-atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigatynyň bardygyny okyjylara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada hem gyzykly gürrüň edildi we ülkämiziň gözel tebigatyna degişli kitap sergisi gurnaldy. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli “Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabaranyň dowamynda mekdebiň höwesjeň talyplarynyň gatnaşmagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli gyz- gelinleriň arasynda Nowruz baýramyna mahsus bolan milli tagamlary taýýarlamak esasynda bäsleşik geçirildi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly , şowhunly çykyşlar boldy. Gyzlaryň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende göterýän, milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Ýürekleri joşduryp bahar geldi ülkäme» atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde «Ýürekleri joşduryp bahar geldi ülkäme» atly tegelek stoluň başynda Nowruz baýramçylygynyň taryhy we şu güni barada söhbetler edildi. Söhbetdeşlik medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýany, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işler barada boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, ýerine ýetirilen nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligi «Altyn Asyr» teleýaýlymy ýazgy etdi.

  • “Toýly diýara bahar gelipdir” atly edebi-sazly agşamy

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde halkara Nowruz baýramyna bagyşlap “Toýly diýara bahar gelipdir” atly edebi-sazly agşamyny geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz Nowruz baýramçylygy bilen baglanşykly birnäçe däp- dessurlary, şolaryň arasynda 7-lik san bilen baglanşykly däpler barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da “Semeni iýseň 7 derdiň dep bolar” ýaly birnäçe il içinde aýdylýan aýtgylaryň üstünde durup geçdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde bu baýramçylygyň gelip çykyşyny taryhda berilýän maglumatlardan peýdalanyp ajaýyp sahna oýnuny oýnadylar. Şeýle-de Nowruz baýramyna degişli dürli ýyllarda şahyrlarymyz tarapyndan döredilen şygyrlary aýtmak bilen bir hatarda halk döredijiliginden läleleri, monjugatdylary ýerine ýetirip çäräniň soňuny milli tansymyz bolan küştdepdi bilen jemlediler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Bahar geldi ülkäme” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerine çuňňur hormat goýýan we olary öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Güllerden nagyş edip, ilim Nowruz toýlaýar” – atly edebi söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Milli Bahar baýramy Nowruz baýramy mynasybetli “Güllerden nagyş edip, ilim Nowruz toýlaýar” – atly edebi söhbetdeşlik geçirdiler. Nowruz baýramy bu ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramydyr. Bu edebi söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri Nowruz bilen baglanşykly gyzykly rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler we “Bahar geldi ülkäme” ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanan kitap sergisini gurnadylar. Tebigatyň älemlerine ýaýýan Nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň belent başy aman bolsun!

  • “Mahmal deýin güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan edebi sazly ertirlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Mahmal diýen, güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly edebi sazly ertirligini geçirdi. Çäräniň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, bu baýrama mahsus bolan milli däp-dessurlar barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz Milli Bahar baýramyny wasp edýän goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir gallyrdy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeldip beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Kämil ýaşlar ertirki güne ynam” ady bilen geçirilen onlaýn maslahat.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzyň welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Kämil ýaşlar ertirki güne ynam” atly onlaýn maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýaşlarda kitap okamaklyga bolan endigi has-da artdyrmak, olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda alyp barýan işleri babatda özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de ýaşlaryň ünsüni çekjek, olarda täsir galdyrjak sergileri gurnamak, köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri geçirmek babatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýeriene ýetirilmeli meýilnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilişi bilen maslahatlaşdylar. Şeýle-de kitaplaryň gaznalarda saklanyşy, kataloglaryň ýerleşdirilişi, okyjylary hasaba almakda, olara hyzmat etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda kitaphana hünärmenleri özara tejribe alyşdylar. Onlaýn maslahatyň ahyrynda döwrüň ösen tehnologiýalarynyň kömegi bilen onlaýn maslahatlary geçirmäge, okyjylaryň okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynda şeýle-de paýtagtymyzda ýerleşýän kitaphanalarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Teatr sungaty belent sepgitlerde” atly Halkara teatr gününe bagyşlap geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Teatr sungaty belent sepgitlerde” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy, aýratynlyklary, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de teatr sungatynda yz goýan sahna ussatlary, olaryň döreden ajaýyp keşpleri barada gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy- ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap gelip gowuşdy. Bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanýar. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk terbiýeçilik ähmiýeti barada täze kitapda aýratyn nygtalýar. Milli türkmen lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär. Kitapda medeni mirasymyzy ýaş nesillere giňişleýin öwretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edilýär.

  • “Edepli gyzlar” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde “Edepli gyzlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ähli tutymly işleri bilen bir hatarda zenanlaryň sarpasyny belende göterýändigini we Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: “Goý, häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşaýşyň gözbaşy, durmuşymyzyň manysy bolan enelerimiziň, gelin gyzlarymyzyň belent mertebesi ýene-de şöhrata-şana beslensin, nurana ýüzleri bahar gülleri ýaly gülüp-ýylgyryp dursun! “ diýen çuň manyly bu sözleri gelin-gyzlarymyza, mährem enelere goýulýan beýik sarpadan nyşandyr diýip aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde çeper okaýyşlary bilen gyzykly çykyşlary etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Zeminiň zynaty ene” atly Halkara zenanlar gününe bagyşlap söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň zynaty ene” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Ene kalby bahar ýaly mylaýym

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli “Gülzemin” dynç-alyş söwda merkeziniň 3-nji gatynda “Ene kalby bahar ýaly mylaýym” ady bilen çäre geçirdi. Bu çärä gelen çagalar we okyjylar kitap sergilerine, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde gurjak oýunlaryna, Türkmen Döwlet sirkiniň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Biz çagalar üçin şeýle giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarmyz çäksizdir!

  • “Türkmen şygryýetiniň bahary” Gurbannazar Ezizowy ýatlap...

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowy ýatlap, “Türkmen şygryýetiniň bahary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanylan kiçijik sahna hem görkezildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Zehin akabasy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Söýgüden doly ýürek” atly şygryýet agşamy

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowy ýatlap“Söýgüden doly ýürek” atly şygryýet agşamyny gurady. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr G. Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede G. Ezizowyň döredijiligi barada taýýarlanylan elektron görnüşindäki albom prezintasiýasy hem görkezildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Owadan ýüregiň owazy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyň şygyrlary we ol şygyrlara döredilen aýdymlar barada “Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbilemek we olaryň halal, arassa ahlakly, dogruçyl adamlar bolup ýetişmegindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Höwesjeň okyjylarymyz hem akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekdeuly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly hepdelik göçme sergisi

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-kooperatiw ýörite orta okuw hünär mekdebinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly göçme sergisini gurady. Bu hepdelik serginiň dowamynda talyplar kitaplar bilen suratlaryň sergisine aýlanyp, özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça kitaphana hünärmenleri bilen sowal-jogap alyşdylar. Mundan başga-da kitaphana hünärmeni talyplara beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň söz sungaty derejesine galdyrylmagynyň türkmen edebiýatynyň ösüşinde millilik taýdan ýokary derejede çeper beýan edilýändigi barada birnäçe şygyrlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” ady bilen gurnalan hepdelik göçme serginiň dowamynda ýaşlara Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur hem-de giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.