04
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň kiçi synp okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eserini körpeje okyjylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary- nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda eserde beýan edilýän Arkadagymyzyň maşgalasynda alan asylly terbiýesi hakyndaky ýatlamalary barada täsirli gürrüňler edildi. Şol ýatlamalaryň körpeje, bilesigeliji okyjylarymyza ruhy-ahlak terbiýesini bermekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
03
Maý
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserinde beýan edilen halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary barada ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary – nesilleriň göreldesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes ynançlary barada buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Srdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Maý
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiziň iň naýbaşylarynyň biri bolan keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “ El işleriniň seresi – mährem ene keşdesi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýüpek sapakly iňňäniň we çeper elleriň ýördümi bilen döreýän ajaýyp inçe sungat, oňa siňen gyz-gelinleriň arzuw-yhlasy, on barmagynyň gudraty, ukyp-başarjaňlygy, ýiti zehini, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi. Hünärmenlerimiz höwesjeň gyzjagazlara keşde çekmegiň inçe tilsimlerini öwretdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
28
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda “Ulkämiň derman otlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi, sport bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler. ыSöhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
26
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş geçirildi. Bu çeper okaýyşda çärämize 4-nji synp okuwçylary hem gatnaşdylar. Şahyr N. Baýramowyň haýsy kitaplaryny alanymyzda-da çagalaryň şadyýan aýdym-sazlary ýaňlanýar. Mähriban Watan, ähli gözellikleriň çeşmesi bolan ynsan zähmeti, dost-doganlyk hakynda söz açylýar. Şeýle-de hem kitaphanamyzyň hünärmeni çagalara şahyrymyzyň ömri-döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdi. Soňra çagalara söz berildi we şahyryň goşgylaryny, çeper okaýyşlar bilen çykyş etdiler. Çärämiziň soňunda ýazyjy şahyrymyzyň “Mekdebim” diýen goşgusyna döredilen aýdymy ýerine ýetirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýýan Hormatly Prezidentimize Serdar Berdimuhammedowa alkyşly sözleri beýan edildi.
22
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar – ganatym bar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
22
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Şöhratly türkmen bedewleri” ady bilen bilen Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
21
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýelden ýyndam – gülden owadan” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda toý-baýramyň bezegi, ýyndamlygyň, gözelligiň nusga keşbi ahalteke bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk mynasybetli ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Mekdebiň göreldeli okuwçylary hem bedewleri wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
16
Aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky harby okuw mekdebi bilen bilelikde harby okuwçylarynyň arasynda psihologiýa hepdeligine bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz adamyň psihiki taýdan kämilleşmegi üçin sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda kitap dünýäsine aralaşyp köp okamalydygy barada birnäçe tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy Mähriban Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, hem-de “Paýhas çeşme” atly kitaplaryndan harby okuwçylara mertlik, gaýduwsyzlyk, parahatçylyk, ata Watany-ene topragy söýmek ýaly ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B. Annaýew adyndaky harby okuw mekdebiniň okuwçylary hem öz gezeginde adamyň psihikasynyň sagdyn pikirlenmegi ugrunda geçýän dersleri okaýan kitaplary hakynda aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza mertlegiň hem beýik göreldäniň beýany bolan ajaýyp eserleri üçin alkyş sözleri beýan edildi. Watanymyza baş bolup duran Arkdagly Serdarymyza gowy arzuwlar aýdyldy.
16
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen zergärçilik sungatyna bagyşlap, “Şuglasy öçmejek miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zergärçilik senedi barada hem bilesigeliji ýaşlarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri gyzykly gürrüňler berdiler. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen milli şaý-sepleri şeýle-de zergärçilik sungaty baradaky kitaplar esasynda gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
15
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen “Magtymgulynyň älemi” ady bilen okuwçylaryň arasynda şygyr bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk şahyrlar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de Pyragynyň şygyrlaryndan nusga alyp, ýaşajyk kalplaryndan dörän öz ýazan şygyrlary esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem döredijilik dünýäsine täze gadam basan ýaşajyk şahyrlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge şeýle-de ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Ertekiler dünýäsine gezelenç” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap alyşmak bilen dowam edildi. Şeýlede “Ertekiler dünýäsine gezelenç” atly kitap sergisi gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
13
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz okuwçylara ellerini ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy, köpçülik ýerlerde örtük dakmagy, howpsuz araçägi saklamagy berk berjaý etmegi ündediler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän welosipedli ýörişler, welosipediň adam saglygyna, ekologiýanyň arassalygyna, howanyň tämizligine peýdalary barada hem bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
12
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň özüne çekiji gözelligi, ösümlik dünýäsi hem-de melhemlik aýratynlyklaryndan ylham alyp döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltlik eserinde beýan edilýän tebigatymyzyň baý ösümlik dünýäsi, dermanlyk aýratynlyklary olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaşaýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti, saklamagyň usullary we düzgünleri, ekologik ähmiýeti, aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada buýsançly nygtadylar.Gurnalan kitap sergisi hem uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
12
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda aprel aýynyň 12- ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdep bilen bilelikde “Kitap bilimler çeşmesidir” atly täze gelen kitaplar hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri şeýle hem bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada çäramiziň dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we “Galkynyş merkezinden” täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen ertekiler we uly ýaşly okyjylara bolsa çeper eserler we owadan bezegli kitap albomy ýaly kitaplar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen sergi gurnaldy. Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi. Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimize uzak ýaş, jan-saglyk il bähbitli tutumly işleri rowaçlara beslenmegine arzuw edildi.
07
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Arkadagly zamanasynda” atly ýylynda aprel aýynyň 6-na Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdep bilen bilelikde “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly çäre geçirildi. Bu çärämize kiçi synpyň okuwçylary gatnaşdylar. Bilişimiz ýaly her ýyl aprel aýyň 2-ne saglyk gününe bagyşlanyp alyp baryjy şeýle sözler bilen başlady: Döwlet baştutanymyz sportyň adam saglygyna, jemgyýetiň saglygyna edýän peýdasy barada, ýurdumyzda sporty ösdürmek arkaly ýaşlarmyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýä-garaýyşly, kämil aň-düşünjeli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işleriň alynyp barylmalydygy barada öz çykyşlarynda belläp geçýär. Kitaphananyň hünärmenleri çagalaryň arasynda saglyk barada we saglyga, sporta uly ünüs berilýändigi hakda aýdyp geçdiler. Ýurdumuzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň her biri sport baýramçylyklaryna öwrülýär. Ol baýramçylyklar bolsa kalplara buýsanç, guwanç duýgularyny paýlaýar. Bu çärede kitaphananyň hünärmenleri mowzuk boýunça sergi gurnadylar. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda dynuwsyz zähmet çekýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
07
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag- jogap alyşdylar. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
06
Aprel
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde ýaşajyk okyjylaryň arasynda “Sagdyn nesil-sagdyn ýurt!”- atly Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gürrüňdeşlik geçirdiler. 7-nji aprel Bütindünýä saglyk günüdir. Bitarap Türkmenistanda hem her ýyl bu sene uly dabara bilen bellenilýär. Çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler dogrusynda okyjylara maslahat berildi. Şu söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri hem saglyga degişli kitaplardan sergi gurnadylar. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýaş neslleriň sagdyn ösüp-ulalmaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
05
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Ruhnama” adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen türkmeniň milli saz guraly dutaryň ýasalyşy, dutar saz guralynda çalynýan sazlar hem-de türkmen bagşylary barada “Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu jadyly senediň il içinde neneňsi hormata eýe bolandygy, irginsiz zähmeti talap edýän dutaryň ýasalyş aýratynlygy, dutary ýasamak üçin tut agajynyň saýlanyp alynyşy barada täsirli gürrüňler berdi. Şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada gyzykly söhbet edildi. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylyk babatdaky alyp barýan syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek ” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli “Welosport – saglyga hemra” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny şeýle-de sport bilen meşgullanmagyny, köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyny gazanmak babatda edýän aladalary we döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş töweregiň, howanyň arassalygyna peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasy, binanyň daşky keşbi, aýratynlyklary barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.
02
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen ussat dramaturg Bazar Amanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, “Ol sahnada ýaşaýardy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz talyplara Bazar Amanowyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ussat artist, dramaturg Bazar Amanowyň janlandyran sahna oýunlaryndan pursatlar, fotosuratlar esasynda gurnalan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
29
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Güneşli ülkäniň gözel tebigaty”-atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bardygyny çagalara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän türkmen ýazyjylarynyň goşgulary bilen çagalar çykyş etdiler. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän gurnalan sergi çagalarda uly täsir gallyrdy. Söhbetdeşligimiziň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
29
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen “Gazak halk ertekilerine syýahat”-atly çeper okaýyş geçirdi. Çeper okaýşyň dowamynda çagalar rus diline terjime edilen gazak halk ertekilerini uly gyzyklanma bilen okadylar. Ertekileriň gahrymanlary, wakalary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Gazak halk ertekileri bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir gallyrdy. Gazak hem-de türkmen halk ertekiler esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir gallyrdy. Çeper okaýyşa gatnaşan çagalar dürli halklaryň edebiýaty, millilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza ýaşajyk kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
24
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde “Gözellige baý tebigatym”-atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigatynyň bardygyny okyjylara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada hem gyzykly gürrüň edildi we ülkämiziň gözel tebigatyna degişli kitap sergisi gurnaldy. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
18
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli “Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabaranyň dowamynda mekdebiň höwesjeň talyplarynyň gatnaşmagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli gyz- gelinleriň arasynda Nowruz baýramyna mahsus bolan milli tagamlary taýýarlamak esasynda bäsleşik geçirildi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly , şowhunly çykyşlar boldy. Gyzlaryň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende göterýän, milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
18
Mart
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde «Ýürekleri joşduryp bahar geldi ülkäme» atly tegelek stoluň başynda Nowruz baýramçylygynyň taryhy we şu güni barada söhbetler edildi. Söhbetdeşlik medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýany, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işler barada boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, ýerine ýetirilen nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligi «Altyn Asyr» teleýaýlymy ýazgy etdi.
17
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde halkara Nowruz baýramyna bagyşlap “Toýly diýara bahar gelipdir” atly edebi-sazly agşamyny geçirdi. Kitaphana hünärmenimiz Nowruz baýramçylygy bilen baglanşykly birnäçe däp- dessurlary, şolaryň arasynda 7-lik san bilen baglanşykly däpler barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da “Semeni iýseň 7 derdiň dep bolar” ýaly birnäçe il içinde aýdylýan aýtgylaryň üstünde durup geçdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde bu baýramçylygyň gelip çykyşyny taryhda berilýän maglumatlardan peýdalanyp ajaýyp sahna oýnuny oýnadylar. Şeýle-de Nowruz baýramyna degişli dürli ýyllarda şahyrlarymyz tarapyndan döredilen şygyrlary aýtmak bilen bir hatarda halk döredijiliginden läleleri, monjugatdylary ýerine ýetirip çäräniň soňuny milli tansymyz bolan küştdepdi bilen jemlediler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Bahar geldi ülkäme” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerine çuňňur hormat goýýan we olary öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
16
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Milli Bahar baýramy Nowruz baýramy mynasybetli “Güllerden nagyş edip, ilim Nowruz toýlaýar” – atly edebi söhbetdeşlik geçirdiler. Nowruz baýramy bu ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramydyr. Bu edebi söhbetdeşligimizde kitaphananyň hünärmenleri Nowruz bilen baglanşykly gyzykly rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler we “Bahar geldi ülkäme” ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanan kitap sergisini gurnadylar. Tebigatyň älemlerine ýaýýan Nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň belent başy aman bolsun!
16
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Mahmal diýen, güller açyp, Bahar geldi Watanyma”atly edebi sazly ertirligini geçirdi. Çäräniň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, bu baýrama mahsus bolan milli däp-dessurlar barada täsirli gürrüňler edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz Milli Bahar baýramyny wasp edýän goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir gallyrdy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeldip beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzyň welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Kämil ýaşlar ertirki güne ynam” atly onlaýn maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýaşlarda kitap okamaklyga bolan endigi has-da artdyrmak, olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda alyp barýan işleri babatda özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de ýaşlaryň ünsüni çekjek, olarda täsir galdyrjak sergileri gurnamak, köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri geçirmek babatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýeriene ýetirilmeli meýilnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilişi bilen maslahatlaşdylar. Şeýle-de kitaplaryň gaznalarda saklanyşy, kataloglaryň ýerleşdirilişi, okyjylary hasaba almakda, olara hyzmat etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda kitaphana hünärmenleri özara tejribe alyşdylar. Onlaýn maslahatyň ahyrynda döwrüň ösen tehnologiýalarynyň kömegi bilen onlaýn maslahatlary geçirmäge, okyjylaryň okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynda şeýle-de paýtagtymyzda ýerleşýän kitaphanalarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Teatr sungaty belent sepgitlerde” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy, aýratynlyklary, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de teatr sungatynda yz goýan sahna ussatlary, olaryň döreden ajaýyp keşpleri barada gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy- ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap gelip gowuşdy. Bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanýar. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk terbiýeçilik ähmiýeti barada täze kitapda aýratyn nygtalýar. Milli türkmen lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär. Kitapda medeni mirasymyzy ýaş nesillere giňişleýin öwretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edilýär.
09
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde “Edepli gyzlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ähli tutymly işleri bilen bir hatarda zenanlaryň sarpasyny belende göterýändigini we Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: “Goý, häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşaýşyň gözbaşy, durmuşymyzyň manysy bolan enelerimiziň, gelin gyzlarymyzyň belent mertebesi ýene-de şöhrata-şana beslensin, nurana ýüzleri bahar gülleri ýaly gülüp-ýylgyryp dursun! “ diýen çuň manyly bu sözleri gelin-gyzlarymyza, mährem enelere goýulýan beýik sarpadan nyşandyr diýip aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde çeper okaýyşlary bilen gyzykly çykyşlary etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
07
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň zynaty ene” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
04
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli “Gülzemin” dynç-alyş söwda merkeziniň 3-nji gatynda “Ene kalby bahar ýaly mylaýym” ady bilen çäre geçirdi. Bu çärä gelen çagalar we okyjylar kitap sergilerine, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde gurjak oýunlaryna, Türkmen Döwlet sirkiniň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Biz çagalar üçin şeýle giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarmyz çäksizdir!
01
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowy ýatlap, “Türkmen şygryýetiniň bahary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanylan kiçijik sahna hem görkezildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Zehin akabasy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
Mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowy ýatlap“Söýgüden doly ýürek” atly şygryýet agşamyny gurady. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr G. Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede G. Ezizowyň döredijiligi barada taýýarlanylan elektron görnüşindäki albom prezintasiýasy hem görkezildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Owadan ýüregiň owazy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
24
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyň şygyrlary we ol şygyrlara döredilen aýdymlar barada “Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbilemek we olaryň halal, arassa ahlakly, dogruçyl adamlar bolup ýetişmegindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Höwesjeň okyjylarymyz hem akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekdeuly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
21
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-kooperatiw ýörite orta okuw hünär mekdebinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly göçme sergisini gurady. Bu hepdelik serginiň dowamynda talyplar kitaplar bilen suratlaryň sergisine aýlanyp, özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça kitaphana hünärmenleri bilen sowal-jogap alyşdylar. Mundan başga-da kitaphana hünärmeni talyplara beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň söz sungaty derejesine galdyrylmagynyň türkmen edebiýatynyň ösüşinde millilik taýdan ýokary derejede çeper beýan edilýändigi barada birnäçe şygyrlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” ady bilen gurnalan hepdelik göçme serginiň dowamynda ýaşlara Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur hem-de giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
20
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň arasynda el işleriniň bir görnüşi bolan gülli joraplary örmegiň usullary barada “Jorap örmek sungaty – gadymy sungat” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören gülli jorabynyň owadanlygy, nepisligi barada buýsançly gürrüňler edildi. Külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň bu asylly hünärini ýaş gyzlara öwretmek, ol hünäriň gadymylygyny, inçeligini, nagyşlarynyň aýratynlygyny wagyz etmek maksady bilen hünärmenlerimiz mekdebiň gyzjagazlary bilen gyzykly gürrüňdeşlik geçirdi. Höwesjeň gyzjagazlar hem öz ören gülli joraplaryny uly höwes bilen birek-birege görkezip, täsirli wagt geçirdiler. Şeýle-de el işleriniň sergisi gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň asylly kärini ýaş nesillere giňişleýin wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Fewral
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly 74-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Çagalaryň söýgüli şahyry”atly ýazyjy şahyr Gurban Çöliýewiň d.g 85-ýyllygy mynasybetli edebi ertirligi geçirildi. Halkymyzyň edebiýat, sungat äleminde yz goýup giden şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olary döwrüň talabyna laýyk ösdürüp, ýetişdirmek bagtyýar döwründe iň wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Tanymal şahyr Gurban Çöliýew hem edebiýat äleminiň ussatlaryndan biri diýip, ömri döredijiligi barada gyzykly gürrüň berildi. Soňra mekdep okuwçylaryna söz berildi, olar Gurban Çöliýewiň goşgularyndan çeper okaýyşy bilen çykyş etdiler. Soňra hormatly myhmanymyza şahyryň gyzyna Jennet Çöliýewa söz berildi. Ol öz şahyr kakasy barada gyzykly pursatlaryndan gürrüň berdi. Çekilen netijeli zähmetiň sarpasy, hormaty uludyr diýip şu sözler bilen çärämiz jemlendi. Kitaphananyň hünärmenleri ýazyjy şahyrymyz Gurban Çöliýewiň kitaplaryndan sergi gurnadylar. Bu göçme sergimiz çagalarda uly höwesli täsir galdyrdy.
15
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Toýdan ýetirsin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eseriň “Myhmansöýerlik” atly bölüminde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän toý däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, myhmansöýerlik bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de bäbek, diş, galpak, sünnet, gelin toýlary, olaryň özüne mahsus bolan däp-dessurlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň milli medeniýetine, medeni mirasyna çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
14
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň çeper elli gyzjagazlarynyň arasynda türkmen maşgalasynyň asylly däpleriniň biri bolan durmuşa çykjak gyzyň bukjasynyň taýýarlanyşy barada “El bukjama, el bukjam, derýadan geçen bukjam...” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen gyzynyň täze durmuşa gadam basmakçy bolanda öz boýdaşlary, joralary bilen iň päkize, arassa duýgular bilen sünnälenen lybaslar esasynda taýýarlanan bukjasy, lybaslara bezeg berýän milli nagyşlar, al-elwan keteni köýnekler, ýaglykdyr, öýmeler, ýüpek-ýüň gyňaçlar, milli şaý-sepler we olaryň bukja çatylyş düzgünleri, däpleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de täze garyndaşlyk açylýan guda tarap bilen elmydama süýjülik bilen gatnaşmak niýeti bilen owadan gaplara doldurylyp taýýarlanan süýjülikler, gaýynata, gaýynenä, eltilere, gaýynagalara, ýüwurjydyr, baldyzlara sylag hökmünde dürli sowgatlyklaryň taýýarlanyşy barada gyzykly gürüňler edildi. Aýratyn-da, sünnälenip, owadan nagyşlar bilen keşdelenip, aýna, darak salmak üçin taýýarlanan durmuşa çykjak gyzyň el bukjasy barada bilesigeliji okyjylarymyz bilen gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ene-mamalarymyzdan miras galan däp- dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmäge ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
13
Fewral
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebinde “Türkmenistan – bagtyýar ýaşlaryň mekany” – atly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlap söhbetdeşlik. Bagtyýar zamanada amala aşyrylýan ajaýyp işler watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegini, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu söhbetdeşlikde okuwçylar öz gezeginde mahriban Watanymyzy wasp edýän goşgulary sesli okaýyş bilen çykyş etdiler. Mundan başgada alyp baryjy Hormatly Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” – atly kitabyndan dürdäne setirlerini okap berdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
10
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebinde “Edep –başy salam” atly edep-terbiýe hakynda söhbetdeşlik gurady. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz edep-terbiýe salamdan başlanyp, adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşygy we mähribanlygy subut edýär diýip tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde enelerimizden miras galan beýik terbiýe mekdebi biziň ýol ýörelgämizdir. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan edep-terbiýe hem-de gyzlarymyz üçin ene-mamalarymyzdan bize miras galan el-işleri barada birnäçe nakyllary aýdyp berdiler. Çünki el işleriň ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýändigi barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň edepli bolmagynyň kadalaryna aýratyn üns berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
09
Fewral
06
07
Fewral
“Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde türkmen nakgaşçylyk sungaty barada “Müň bir öwüşginli sungat” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Nakgaşlyk sungatynyň inçe syrlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Sungaty söýüji okyjylarymyz hem ÝUNESKO-nyň adamzadyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli saz guralymyz dutara bagyşlap çeken suratlaryny, ýasan heýkellerini serginiň üsti bilen görkezdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem bilesigeliji ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Fewral
28
04
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda kitaphananyň hünärmenleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli täze çapdan çykan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda geçen 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şeýle hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň başynda halkara çärelerde eden çykyşlary, daşary ýurtlaryň iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýulary jemlenendigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň üstüni ýetirýän “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň tutuş halkymyz, kitaphanaçylar aýratyn-da, ýaş žurnalistler we diplomatlar üçin gollanma bolup hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
02
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap, “Sungata siňen ömür ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň sungata bagyşlanan ömri, döredijiliginiň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeklerini bezeýän ajaýyp heýkelleri döreden Saragt Babaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan neşirleri höwesjeň, bilesigeliji ýaşlarymyz uly höwes bilen okadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de ençeme görnükli şahsyýetlerimiziň keşbini heýkellerde janlandyran ussat heýkeltaraşyň döredijiligi sungaty söýüji ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Gurnalan neşir önümleriniň sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda sungaty çyn ýürekden söýýän we türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda yhlasyny gaýgyrmaýan ussatlaryň ömri we döredijiligini Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.