Täzelikler/Bildirişler

  • “Zehinli çagalar” atly bäsleşik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphananyň okyjylarynyň arasynda “Zehinli çagalar” atly bäsleşik ýazgy etdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça bäş sany şert esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňiji bolanlara kitaphananyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýörite höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň zehinini has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Bitarap Diýarym meniň”

    Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy fewral aýynyň 7-ne № 74 “Bagtyýar nesiller” mekdebinde “Bitarap Diýarym meniň” atly edebi döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyga şahyr Goçy Annasähedow gatnaşdy. Ýazyjy ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde Türkmenistan ýurdumyzy we parahatçylygy wasp edip birnäçe ajaýyp şygyrlary okap, ýurdumyzyň goňşy döwletleri bilen saklaýan gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle-de biziň kitaphanamyz bu çäräni öz degişli sergisi bilen gurnady. Bu sergi okuwçylarda uly täsir galdyryp, öz gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmaga kitaphanaçylar tarapyndan ýardam etdi.

  • “Ak paýtagtym - ak bagtym” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günsaýyn özgerýän keşbini wasp edip, “Ak paýtagtym - ak bagtym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda höwesjeň okyjylarymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gün-günden gözelleşýän merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň belent binalaryny, suw çüwdürimlerini, ajaýyp ýollaryny wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binalary, desgalary barada täsirli maglumatlary aýdyp berdiler. Şäherimiziň gözel ýerleriniň fotosuratlary bilen tanyşdyrdylar.Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, olaryň döwrebap mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda bilim, terbiýe almagyna uly ýol açyp berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Parahatçylygyň waspçysy”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji “Bagtyýar nesiller” orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Hindi şahyry, dramaturg, romançy Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlap “Parahatçylygyň waspçysy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni söhbetdeşligiň dowamynda hindi şahyry R. Tagoryň edebi mirasynyň örän uly hem çuň many mazmunlydygy barada mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Olar hem öz gezeginde hindi şahyry R. Tagoryň ýazan eserlerinden gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Edep – altyndan gymmat” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji “Bagtyýar nesiller” orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Edep – altyndan gymmat” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan edep baradaky altyndan gymmat sözleri, nakyllary, olaryň many-mazmuny barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gürrüň berdiler. Şeýle-de “Paýhas çeşmesi” kitaby, kitapda bar bolan nakyllardyr, atalar sözleri esasynda özara sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlap “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlap, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary we beýleki neşirleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • Parahatçylygyň daragty.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde öz okyjylarymyz bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza kitaphanamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak maksady bilen internet saýdymyza gaýybana syýahat etmegi maslahat berdiler. Saýdda ýerleşdirilen sahypalar, maglumatlar, täzelikler, fotosuratlar şeýle-de elektron kitaplar bilen çagalary ýakyndan tanyşdyrdylar. Kitap söýüji okyjylarymyz hem täze 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyza gelip okan ertekileriniň birnäçesini birek-birege gürrüň berdiler. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga şeýle-de dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • Gyşky dynç alyş möwsüminde çagalar bilen geçirilen döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän şahamçasynda höwesjeň okyjylary bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Gökje medeniýet öýüniň “Ganatly nesil” deprekçiler topary hem özleriniň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary bilen gatnaşdylar. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Diýarymyzyň täze 2021-nji ýagny, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna gadam basmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda okyjylar okamaga, öwrenmäge şeýle hem dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • “Gyş ertekisi” atly dabara.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde Türkmen döwlet Gurjak teatrynda Täze ýyl baýramyna bagyşlap, “Gyş ertekisi” atly dabara geçirdi. Dabara gatnaşan çagalar Täze ýyly, Aýaz babany, ajaýyp Täze ýyl arçasyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de çagalar Täze ýyl arçasynyň daşynda el tutuşyp aýlanyp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Hünärmenlerimiz çagalara birnäçe ertekileri okap berdiler, erteki gahrymanlary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de “Gyş ertekisi” ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasyny geçirdi . Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada bilesigeliji okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara kitabyň käbir bölümlerini okap berdiler. Dabaranyň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy hem-de galamynyň ýiti bolup, ajaýyp kitaplarynyň yzynyň gür bolmagy arzuw edildi.

  • Türkmenistanyñ Söwda-senagaty edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllyk baýramyna bagyşlanyp halkara sergi öz işini dowam edýär.

    Türkmenistanyñ Söwda-senagaty edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllyk baýramyna bagyşlanyp halkara sergi öz işini dowam edýär. Ýaňy ýakynda medeniýet ulgamynyň sergisi geçirildi. Sergä Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem öz okyjylary bilen bilelikde gatnaşdy. Kitaphanamyzyň okyjylary onlaýn görnüşinde görkezilen sergiler bilen tanyşdylar. Sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar kitaplardan öwrenen ertekilerini aýdyp berdiler, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Sergä gatnaşan körpejelere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sergä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

  • “Bitarapdyr – Arkadagly Watanym!” atly söhbetdeşlik.

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk dabarasy ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýär. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Bitarapdyr – Arkadagly Watanym!” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda bitirilen ägirt uly işler barada okuwçylara gürrüň berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar hem Bitarap Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy gülletmek ugrunda bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi.

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi biziň elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolmak bilen 120 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berlip, Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň saglygyny has-da berkitmegi şeýle-de ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda Milli Liderimiziň bu täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadaymyzyň gymmatly ylmy-ensiklopedik eseriniň güneşli ýurdumyzyň sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragynda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

  • “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi.

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХII jildi biziň elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolmak bilen 120 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berlip, Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň saglygyny has-da berkitmegi şeýle-de ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda Milli Liderimiziň bu täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadaymyzyň gymmatly ylmy-ensiklopedik eseriniň güneşli ýurdumyzyň sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragynda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

  • “Bitaraplyk şygyrlarda şanyň bar” atly duşuşyk.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde myhmançylykda bolup, ol ýerde bilim alýan çagalaryň arasynda “Bitaraplyk şygyrlarda şanyň bar” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüňler edildi. Okyjylarymyz şanly Garaşsyzlygymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan birnäçe rowaýatlary gürrüň berdiler. Kitaphananyň hünärmenleri şol rowaýatlaryň aňladýan manysy, terbiýeçilik ähmiýeti barada çagalara giňişleýin aýdyp berdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar.

    2. Şagulyýewa, G. Gezdim şygryň dünýäsinde. Goşgular, poemalar, kyssalar /G. Şagulyýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 598 s. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň ençeme kitaplarynyň barlygyndan okyjylar habarlydyrlar. Söýgä, Watana, il-güne, mähir-muhabbete ýugrulan şygyrlar ýürekleri awlap bilendir. Dünýäniň owadanlygyna aşyk bolup doglan kalbyň aýdymly owazyna ýürekler teşnedir. Gahryman Arkadagly döwri özüne ömür saýýan şahyryň joşgunyny eşretli eýýam has belende göterdi. Bu kitaba şahyryň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döreden Watan, söýgi, durmuş baradaky täze goşgulary, poemalary bilen bir hatarda, ömür ýolunyň uzak menzillerini beýan edýän kyssa eserleri hem girizildi. Diňe bir şelpeli şygyrlary däl, eýsem süýji sözleri bilen özüne imrindirýän kyssa eserleri okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

  • “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar.

    Berdimuhamedow, G. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi / G. Berdimuhamedow. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020. – 327 s. Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär. Gahryman Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylan-dygyny görkezýär. Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän wezipeleri durmuşa geçirýär. Şunda gadymy çeşmeleriň ýene öz hanasyna dolanýandygynyň hakykaty ör-boýuna galýar. Kitapda bu hakykat aýdyň beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.

  • “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygy üçin her bir raýatyň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmelidigi aýratyn nygtaldy. Çagalara ýolda ýüze çykyp biljek hadysalar barada, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigi barada dürli suratlaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesilleriň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Ýaňlanyp dur Garaşsyzlyk aýdymy”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda baş baýramçylygymyz bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Ýaňlanyp dur Garaşsyzlyk aýdymy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza şanly Garaşsyzlygymyza ýetilýänçä ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly, onuň gadyr-gymmaty, 29 ýylyň dowamynda ýurdumyzda bitirilen beýik işler barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýaşajyk okyjylarymyz mukaddes baýramçylygymyza bagyşlap, birnäçe goşgudyr aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygyň ýüreklere ylham, kalplara joşgun paýlaýan günlerinde “Garaşsyzlyk-bagty” ady bilen gurnalan sergi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

  • Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy.

    Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasyny geçirdi . Dabaranyň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy orun eýeleýändigi barada hem-de kitabyň bölümleri, many-mazmuny, içinde ýerleşdirilen tymsallar, rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi. Dabaranyň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy hem-de galamynyň ýiti bolup, ajaýyp kitaplarynyň yzynyň gür bolmagy arzuw edildi.

  • “Kuwwatly Watanda – bilimli nesil” atly döredijilik duşuşygy.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde her ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Kuwwatly Watanda – bilimli nesil” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä derejesine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyz täze okuw ýylyna, ak mekdeplerine hem-de mähriban mugallymlaryna bagyşlap öwrenen goşgudyr aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Geçirilen duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Galkynyş kitap merkezi tarapyndan täze gelip gowşan kitaplar.

    1. Mämmedow, A. Ylham ýaýlasy. Goşgular ýygyndysy. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 310s. Şahyr Ahmet Mämmedowyň bu goşgular ýygyndysyna onuň, esasan, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazan goşgulary girizildi. Ondaky Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Watan, türkmen tebigaty ýaly temalarda, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilen baglanyşykly ýazylan eserler mazmuny, ideýasy, wagz häsiýeti, çeperçiligi jähtlerde öz boluşlylyga eýe. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we yzygiderli tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan täzelikler – ýurduň kanunçylygyny dünýä ülňülerine laýyklaşdyrmak, “Altyn asyr” Türkmen köli, “Awaza” milli syýahatçylyk zology, ykdysady ösüş, mähriban Aşgabadymyzyň keşbiniň biçak owadanlaşmagy, welaýatlarda, etrap merkezlerde, obalarda alnyp barylýan köpugurly işler, ylym-bilim ulgamynyň ilerlemegi hem-de kämilleşdirilmegi we başgalar örän täsirli, şahyrana, belent ruhy röwüşlerde teswirlenilýär. Ýygyndyda dostluk, zähmet, söýgi, tebigat temalarynda ýazylan çeper ýygyndylara-da orun berilýär. 2. Ussaýew, B. Nurly mekanym. Goşgular.–Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.- 142s. Alym şahyr Begmyrat Ussaýewiň “Aýlanaýyn adyňdan”, “Çalaran saçlar”, “Sowuk suwly çeşmeler”, “Gyzyl ýaň” ýaly goşgular ýygyndylary, “Söweşjeň poeziýa”, “Edebi durmuşymyz” ýaly makalalar ýygyndylary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Şahyryň aýdyma öwrülip, il içinde uly söýgä mynasyp bolan “Sen gerek”, “Soraglap” ýaly goşgulary uly gyzyklanma döredipdi. Şahyryň “Nurly mekanym” atly ýygyndysyna Watan Garaşsyzlygy, oňa bolan çäksiz söýgi hakdaky goşgulary girizildi.

  • Arkadagyň kitaplary – köňülleriň kelamy

    «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan ýylymyzda B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplar biziň okyjylar köpçüligimiziň göwünlerinden turýar. Bu kitaplaryň içinde okyjylar tarapynda söýüp okalýan kitaplaryň aglabasy Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplarydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu ajaýyp elektron kitaphananyň açylmagy bizi we biziň okyjylar köpçüligimizi diýseň begendirdi. Bu elektron kitaphana Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini artdyrmaga uly usuly gollanma bolar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň hatarynda Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyz, asyrlar aşyp gelýän dessurlarymyz, halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlamagy biz kitaphanaçylary hem-de okyjylar kopçüligini diýseň begendirdi . Bu kitabyň çapdan çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan kitaphana işgärleri öz ýürek buýsançlaryny beýan etmek maksady bilen öz kitaphanamyzda, şeýle hem mekdep kitaphanalarynda söhbetdeşlik esasynda çykyşlar we sergiler guralar. Kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny Hormatly Arkadagymyzyň ýazýan her bir ajaýyp eserlerinden mysallar getirip beýan edýärler. Kitaphanaçylara işlemäge, okyjylara ýokary derejede hyzmat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, ynsan saglygyny, nesil saglygyny ähli zatdan öňde tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

  • «Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Dürli ertekili kitaplar, gurjaklar esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Saglyk arassaçylykdan başlanýar

    Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri hem bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar. Hünärmenler kitaphanany ýaşajyk okyjylary gyzyklandyrjak kitaplar, gazetdir žurnallar bilen üpjün etmek, şeýle-de degişli çäklerde ýerleşýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary, mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan körpeler bilen baglanyşykly döwrüň öňe çykaran meseleleri bolan okamak, zamanabap innowasion tehnologiýalardan baş çykarmak, degişli saýtlardan elektron kitaplary tapyp okamagyň ýollary, usullary barada internet ulgamy arkaly belli bir aradaşlykdan düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şonuň ýaly-da onlaýn görnüşde olar bilen söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri, wagyz-nesihat işlerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirýärler. Wagyz-nesihat işinde ýaşajyk okyjylara öýde hem-de köpçülik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, bellenilen aradaşlygy saklamak ýaly möhüm endikler ündelýär. Ýaşajyk okyjylara ellerini yzygiderli ýuwmak hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen tämizlenmek, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, dogry we wagtly-wagtynda iýmitlenmek barada lukmanlaryň maslahatlary hem diňledilýär. Uly ýaşly okyjylara öý-içerini yzygiderli tämizlemek, şemallatmak, arassaçylygy berjaý etmek bilen bagly düşündiriş işleri geçirilýär. Bilesigeliji okyjylara ene-mamalarymyzdan dowam bolup gelýän üzärlik ösümligini tütetmegiň keselleriň öňüni almakda peýdaly täsirleri barada hem gürrüňler berilýär. Ýaşajyk okyjylar, kitapsöýüjiler bu gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Olar arassaçylygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, özlerini gyzyklandyrýan kitaplary, beýleki neşirleri uly höwes bilen okaýarlar. Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde beýan edilýän ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada maglumatlar, olaryň duş gelýän ýerleri, keselleri bejerijilik häsiýeti, aýratynlyklary kitaphananyň okyjylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bize işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän, ynsan saglygyny ähli zatdan öňde goýýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

  • «Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen «Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen dutar saz guraly barada täsirli gürrüňler etdiler. Çagalar dutary wasp edýän goşgudyr aýdymlary aýtdylar. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatyny wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen aýdym-saz sungatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Paýhas çeşmesi - edep mekdebi ” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda ýaşajyk okyjylaryň arasynda “Paýhas çeşmesi - edep mekdebi ” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň many-mazmuny, kitapdaky nakyllardyr atalar sözleriniň ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ajaýyň kitapda arassaçylyk barada ýazylan setirler çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Kitaphanaçylaryň teleköpri arkaly maslahaty

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň arasynda “Çagalar kitaphanalarynda Bitaraplygyň waspy” ady bilen maslahat geçirildi. Bu maslahata mary ertap, şäher kitaphanaçylary şeýle hem mary şäheriniň orta mekdepleriniň kitaphanaçylary gatnaşdylar Maslahatyň ahyrynda kitaphana ulgamyna dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyryp, kitaphanaçylara şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminde ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow» adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni» atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda bu merkezde dynç alýan gyzjagazlar el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara türkmeniň nepis halylary, olaryň gadymylygy, dokalyş aýratynlygy, gölleriniň aňladýan many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Kitaply nesil – bagtly nesil

    Gahryman Arkadagymyz kitabyň adamyň döreden täsin gudratdygyny, ynsanyň özünden soňky nesillerine goýjak bahasyna ýetip bolmajak mirasdygyny nygtaýar. Kitap mukaddesligi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýän köprüdir. Çagalaryň ata-babalarymyzyň kämillik mekdebinde kemala gelmekleri üçin olarda kitaba bolan söýgini ösdürmek zerurdyr. Kitap okaýan maşgalada terbiýelenen çagalaryň hem kitaba söýgüsi uly bolýar. Şonuň üçin ýaşlara görelde bolmak, olarda kitaba sarpa goýmak, okamak endiklerini ösdürmek, ilkinji nobatda, ulularyň, ene-atalaryň, terbiýeçilerdir mugallymlar bilen bir hatarda kitaphanaçylaryň öňünde uly borç bolup durýar. “Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, çagalykda okalan kitap ömürboýy ýadyňda galýar hem-de çaganyň mundan beýläk hem kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, çagalar kitaphanalarynyň şeýle hem mekdep kitaphanalarynyň biri-birleri bilen ysnyşykly iş alyp barmagy, kitaphana bilen mekdebiň arasynda ýakyn aragatnaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi kitaphanaçy çagany diňe okyjy hökmünde tanaýar, emma onuň çaganyň gyzyklanýan ugurlaryny kesgitlemekde orny ýokary bolýar. Kitaphanaçy kitaplaryň çagalarda täze-täze bilimlere bolan isleg-talaplary oýarýandy-gyna oňat düşünýär. Bu ýagdaýy ene-atalar hem, mugallymlar bilen nazara almalydyrlar. Kitaphanaçylyk işini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza biz, kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

  • «Ýol hereketiniň howpsuzlygy siziň ömrüňiziň ahatlygy»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebiň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda çagalar bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy siziň ömrüňiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny dogry berjaý etmek barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýolyşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, gowy dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Arkadagly nesiller»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 28-ne Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly nesiller» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň ýaş nesilleriň watansöýüji, halal, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň gowy dynç almagy şeýle-de kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 11-ne Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 12-nji iýun - Ylymlar gününe bagyşlap, «Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp barýan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada şeýle-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan «Ylym – röwşen geljege alyp barýan ýol» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary şeýle-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Çagalar ol kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap geçirilen “Tebygat biziň dostumyzdyr” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda iýun aýynyň 5-ne Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap, “Tebygat biziň dostumyzdyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar tebigaty wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde tebigata gezelenç etdiler, bag ekmegiň, tebigaty, daş töweregi aýawly saklamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan “Tebygat biziň dostumyzdyr” atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar gözel tebigatymyzy, daş töweregimizi gorap saklamak baradaky kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 1-ne «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly çäre geçirdi. Çärä kitaphananyň körpeje okyjylary hem gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda çagalar surat çekmek, goşgudyr ertekileri aýdyp bermek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphananyň gurnan «Bagtyýar nesiller» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen ertekili kitaplary uly höwes bilen okadylar. Körpeje okyjylarymyza Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar hem gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • «Haly – türkmeniň kalbydyr»

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda maý aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly – türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Kitaphananyň hünärmenleri çagalary muzeýde ýerleşdirilen owadan nepis halylar, olaryň dokalyş aýratynlygy, türkmen halylaryny wasp edýän ajaýyp suratlar hem-de bu barada ýazylan kitaplar bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Galkynyş” kitap merkezinden Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna gelip gowşan kitaplar.

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde kitaphanalaryň kitap hazynasy yzygiderli baýlaşdyrylýar, kitap neşir etmek işine hem aýratyn üns berilýär. “Galkynyş” kitap merkezinden biziň kitaphanamyza yzygiderli kitaplaryň dürli görnüşleri gelip gowuşýar. Ýaňy-ýakynda hem çagalar kitaphanamyza mekdep meýilnamasyna degişli kitaplaryň birnäçesi gelip gowuşdy. Kitaphana ulgamyny ösdürmäge uly üns berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

  • “Paýtagtym-ak bagtym”

    Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň №84-nji orta mekdebinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda maý aýynyň 21-ne bellenilen meýilnama laýyklykda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Paýtagtym-ak bagtym” ady bilen edebi-sazly çäresini geçirdi. Alyp baryjy çäräniň başynda gözel paýtagtymyzyň taryhy barada gürrüň berdi. Şeýle-de bu edebi-sazly çärede mekdep okuwçylary Aziýanyň merjeni bolan Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän şygyrlardyr-aýdymlary ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň “Baş şäherim Paýtagtym” ady bilen gurnan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Merdana gerçeklere sarpa” atly döredijilik duşuşygy

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda maý aýynyň 6-na Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Merdana gerçeklere sarpa” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, Watan goragynda wepat bolan gerçekler şeýle-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken edermen türkmen Gerçekleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphanamyzyň gurnan “Merdana gerçeklere sarpa” atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň beýik gerçeklerini, ýar ojagyny saklan ak saçly enelerimizi hormatlap, aýratyn üns bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Aýdym-saza baglanan ömür”

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda aprel aýynyň 27-ne Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde meşhur mukamçy bagşy Amangeldi Gönübek Orazaly oglunyň doglan gününiň 190 ýyllygyna bagyşlap, “Aýdym-saza baglanan ömür” hem-de teatr sungaty barada “Teatr durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Şeýle-de göçme kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşligiň dowamynda aýdym-saz sungaty, teatr sungaty we bu sungatyň ussatlary barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy gaýtadan dikeldip, ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Il-günüň guwanjy türkmen bedewi” atly dabara.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda aprel aýynyň 22-ne “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Bedew baýramyna bagyşlap, “Il-günüň guwanjy türkmen bedewi” atly dabara geçirdi. Dabara kitaphanamyzyň ýaşajyk okyjylary, aýdym-saza höwesjeň çagalar hem gatnaşdy. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Ahalteke bedewlerimiziň duýgurlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, owadanlygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Çagalar hem türkmen bedewini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan “Il-günüň guwanjy türkmen bedewi” atly göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Sagdyn nesil – bagtyýar geljek”.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama laýyklykda “Sagdyn nesil – bagtyýar geljek” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işi barada täsirli söhbet edildi. Bu gymmatly kitapda orun alan türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň aýratynlygy, olaryň ynsan saglygy üçin peýdalanylyşy, derman senagatynda giňişleýin ulanylyşy barada aýratyn bellenip geçildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan “Saglyk – başymyzyň täji” atly göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny, aýratyn-da nesil saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Sport – saglygyň gözbaşy” atly dabara.

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda 1-nji aprelinde Älem medeni-dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport – saglygyň gözbaşy” ady bilen dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, sport söýüjileri sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de türkmen sportuny wasp edýän ajaýyp goşgular, aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphananyň “Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy” ady bilen gurnan neşir önümleriniň göçme sergisi sport çäresine gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • Kitap okamak endigi

    Kitap –bahasyna ýetip bolmajak hazyna, akyl-paýhas, bilimleriň çeşmesidir. Okamak endigi ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine dünýä düşünmegine ýardam edýäniň uly serişdeleriň biridir. Kitap okamagyň netijesinde söz baýlygyň artyp, çalt sagdyn pikirlenmek ukybyňa eýe bolýarsyň. Haýsy bolsa-da okan eserleriň täsirinde, gahrymanlara, gabat gelinýär, şeýle-de kitaplaryň üsti bilen taryhyň gum basyp giden syrly sahypalaryna seýrana çykýarsyň. Okaýan eserlerimizdäki : “Kitapsyz ulanan çaga, suwsuz ösen bag ýalydyr”, “Kitap adamlaryň ýoluny ýagtyldýar” diýen ýaly ajaýyp sözler kitaba bolan sögüňi ýene bir gez beýgeldýär. Kitaba uly sarpa goýup, halkyna gymmatly ruhy çeşmäni peşgeş edýän hormatly Prezidentimiz “Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy” diýip belleýär. Kitap hakynda söhbet açylanda, türkmen topragynyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň gadymy medeni ojaklarynyň biri hökmünde bolandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzdan Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen jahankeşdeler türkmen topragyna gelip, kitaplaryny harytlara çalşypdyrlar. N. Saryhanowyň “Kitap” powestinda Welmyrat aga maşgalasyny ekläp oturan ýeke-täk guba düýesini kitaba çalyşýar. Ol muňa hiç ahmyr etmeýär. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy baýlyga, akyl-paýhasa uly hormat goýýan halk bolandygyny subut edýär. Akyldarlaryň biri: ”Kitaplar, eýýamlaryň tolkunlarynda ýüzüp ýören we özüniň gymmatbaha ýüküni nesillerden-nesillere aýap eltýän akyl gämileridir” diýip belleýär. Basgançagyň ýokary göterişi ýaly, kitap hem adamy uly menzillere, üstünliklere sary alyp gidýär. Kitaba, söze gadyr goýýan türkmen halky-kitaphon. Guba düýesini bir kitaba çalşyp bilen türkmen halky, bagtyýar döwrümizde neşir önümleriniň hiliniň ýokarylygy, baý mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda neşir işini kämilleşdirmek babatdaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy kitap baýramçylygyna körpe okyjylar üçin birnäçe ajaýyp kitaplary sowgat etdi. Ol kitaplaryň içinde daşary ýurt ýazyjysy Şarl Perronyň “Ädikli pişik” ertekisiniň üç dilde –türkmen, iňlis, rus dillerinde owadan suratlar bilen bezelip, çap edilendigini aýtmak gerek. Şeýle hem “Görogly” eposynyň alty sany şahasy – “Öwez”, “Öwez öýlenen”, “Öwez öýkelän”, “Gyratyň ogurlanyşy”, “Öweziň halas edilişi”, “Göroglynyň halas edilişi” ýaly kitaplar rus we iňlis dillerine terjime edilip, suratkeşler tarapyndan bezelen görnüşde aýratyn kitap bolup neşir edildi. Bu kitaplar ýaş okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Çagalar üçin birnäçe ajaýyp ertekiler, hekaýalar, çagalar bagyna gatnaýan körpelere niýetlenen gyzykly kitaplary gözellige besleýär. Özleri üçin çap edilen kitaplary okan bagtyýar körpeleriň begenjine, şatlygyna şaýat bolmak, örän ýakymly. Ynsan aňyýetiniň ösüşiniň gözbaşynda, ilkinji nobatda, kitap we kitaphanalar duýýar. Kitap ynsana hormat goýmagy, watana, halka beýik buýsançly terbiýeleýän güýçdür. Onda çeper, çagalar üçin edebiýatlar, şygryýet, publisistika, ylmy syýasy kitaplar, okuw kitaplary çap edýäris. Biziň kärhanamyz dünýä döwletleriniň ençeme neşir ulgamy bilen aragatnaşyk saklap, olardan buýurmalary hem alýar. Danalaryň şeýle ajaýyp sözi bardyr: “Kitaplaryň hem öz ykballary bardyr”, “Kitaplar diňe ylham bermek üçindir”, ”Men kitaplarymy däl, kitaplarym meni orta çykardy”, kitaplarda adamlary dostluga, agzybirlige çagyrýan uly güýç bar. Kitap adam üçin ylym-bilimleriň, ruhy baýlygyň we görkana duýgularyň açarydyr. Kitap okamak-dünýä akyl ýetirmek, durmuşa akylly başly göz ýetirmek. Kitap okyjyny gyzykly wakalara, täze bir dünýä, ajaýyp ýerlere syýahata alyp gidýär. Kitap okamagyň lezzetini hiç bir lezzet bilen çalşyp bolmaz. Ony okadygyňça, wakalar göz öňünde janlanyp, kalbyňda söz suratkeşligi oýanýar. Göz öňünde gözel tebigat janlanýar. Mähriban Prezidentimiz türkmen diliniň söz baýlyklaryny jaýba-jaý ulanyp, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýär. Wakalar janly keşbe girip, göz öňünde janlanýar. Kitap okaýan adamyň dünýägaraýşyny giň, pikirlenişi güýçli bolýar. Kitap adamyň aňyna, okyjynyň terbiýesine oňat täsir edip, ol adamy akylly, edep-terbiýeli, il içinde hormat-sylagly edýär. Kitap okaýan adam gepi-sözi manyly, özüne çekiji, diýseň dilewar bolýar. Şeýle adamlara durmuşda-da, toý-märekede hem hormat goýulýar. Ýaşlykdan kitap okap, dünýägaraýyşy giňän adam ylymyň-bilimiň üsti bilen göwün söýen hünärine eýe bolup bilýär. Hünärli adam il-ýurda gerekli adam bolup, halal zähmeti bilen ýaşaýar.

  • Halkara Nowruz baýramyna bagyşlap, “Ýaz dünýäni täzeleýär” atly aýdym-sazly dabara.

    Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda mart aýynyň 19-na Halkara Nowruz baýramy mynasybetli „Ýaz dünýäni täzeleýär” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Şeýle-de “Nesil” gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowanyň Nowruz baýramynyň milli däp-dessurlary, taryhy, gelip çykyşy, milli tagamlary barada aýdyp beren täsirli gürrüňleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň, kitap söýüjileriniň, çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda, myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň dowamynda gurnalan göçme sergi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, Nowruz baýramyna bagyşlanan beýleki neşirler, türkmen milli şaý-sepleri, el işleri, dürli gurjaklar okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. Çäräniň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan belläp geçmäge, däp-dessurlarymyzy ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Gökdere jülgesindäki duşuşyk

    Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gyşky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, dürli söhbetdeşlikleri, sesli okaýyşlary hem-de neşir önümleriniň göçme sergisini yzygiderli gurnaýar.Ýaňy ýakynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Gökdere jülgesindäki “Altyn sümmül”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda bolup, ol ýere ýurdumyzyň dürli künjeginden gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmek üçin gelen çagalaryň arasynda gyş pasly hem-de türkmen halk ertekileri barada täsirli söhbetdeşlik geçirdiler. Şeýle-de “Altyn sümmül”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň kitaphanasynda göçme kitap sergisini gurnadylar. Sergide Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary hem-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Çagalar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar. Özara sorag-jogap alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzdaky ähli kitaphanalaryň işiniň has-da kämilleşdirilmegi şeýle-de ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy ugrunda alyp barýan adyl syýasaty üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.