22
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Röwşen aýakgabyň”, “Belent filmiň”, “Bilim nokadyň” hem-de Mahabat müdirliginiň hemaýat bermeginde “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Iň köp okalan kitap” ady bilen çagalaryň arasynda kitap şüweleňi geçirildi. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy. Gurnalan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Sergide çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň dürli görnüşi ýerleşdirildi. Kitap şüweleňiniň dowamynda kitap söýüjiler bilen dürli oýunlar oýnaldy, zehin soraglary esasynda sorag-jogap alşyldy.Ýeňijilere ady agzalan hemaýatkärler tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Geçirilen şüweleňe gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
12
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy B. Kerbabaýewiň d. g. 130 ýyllygyna bagyşlap “Halypany hatyralap” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýazyjynyň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde ýazynyň goşgularyny aýdyp bermek bilen bir hatarda onuň eserlerinden sowal-jogap alyşdylar. Kitaphana hünärmenimiz B. Kerbabaýewiň diňe ýazyjylyk bilen meşgullanman, ýene bir ösdüren ugry bolan edebiýatşynaslykdy diýip nygtap geçdi. Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekillerini ösüp gelýän ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döreip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
10
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elimize gowşan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Änew şäheriniň çäklerinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler toplumyna syýahat etdiler. Gyzykly syýahadyň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji talyp-ýaşlara bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Ýadygärlikler baradaky täsirli gürrüňler talyp-ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Syýahadyň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
04
Aprel
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Änew şäheriniň çäklerinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler toplumyna syýahat etdiler. Gyzykly syýahadyň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji okuwçylara bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Ýadygärlikler baradaky täsirli gürrüňler ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Syýahadyň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Aprel
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” adyndaky
74-nji orta mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
“Saglyk – başymyzyň täji” – atly söhbetdeşligini geçirdi. Nesil
saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmenistan - melhemler mekany”, “Türkmenistan sagdynlygyň
we ruhybelentligiň ýurdy”, “Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri”, “Çaý melhem hem ylham” ýaly ajaýyp kitaplaryndan
ugur alyp kitaphanaçylar okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän
ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden
hemde ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup
ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Adam
saglygyny ähli zatdan ileri tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri
durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarmyzyň jany sag bolsun, il – ýurt
bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama
rowaç alsyn!
29
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde
Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygy
mynasybetli “Pyragynyň keşbi bilen adygan” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli artistiň gysga, emma manyly ömründe
tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak ilhalar keşpleriň ençemesini döredendigi,
birnäçe spektakla režissýorlyk edendigi şeýle-de kino sungatynda-da öz zehini doly
äşgar edendigi uly buýsanç bilen nygtaldy. Esasan-da onuň “Magtymguly”
filminde Magtymguly Pyragynyň akylly, dana , parasatly keşbini ussatlyk bilen
döredendigi barada hünärmenimiz bilesigeliji ýaşlara gyzykly maglumatlary
aýdyp berdi. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn
gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy
edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara
giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýän edildi.
26
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň
agzybir hünärmenleri öz okyjylary bilen külli musulman halklarynyň iň naýbaşy
baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli “Remezan diýerler aýyň ýagşysyn”
atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýagşy niýetlere beslenen
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen ynsanlaryň ruhy taýdan tämizlenmegi,
haýyr-sahawatyň, asylly, sogap işleriň edilmeginiň ähmiýeti, jemgyýetde hayyr-
sahawat köpelip, adamlaryň arasynda birek-birek bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň
berkemegi hem-de bu mukaddes aýda berjaý edilmeli kada –kanunlaryň ähmiýeti
barada bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler.Aýratyn-da Oraza aýynda agyz
beklemegiň beden saglygyna-da ähmiýetiniň örän uludygy barada dürli mysallaryň
üsti bilen ýaşlara ündediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini,
ynançlaryny, däp-dessurlaryny häzirki wagtda mynasyp dowam etdirmek üçin giň
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
19
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen milli bahar
baýramy mynasybetli “Nowruz geldi ülkäme” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşligiň
dowamynda okyjylar şekil ýasamakda özara bäsleşdiler. Şeýle hem hünärmenlerimiz çagalara
Nowruz baýramynyň taryhy, gelip çykyşy, bu baýrama mahsus bolan däp-dessurlar barada aýdyp
berdiler. Höwesjeň çagalar hem milli bahar baýramyny wasp edýän goşgudur, aýdymlary uly höwes
bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çärämiziň soňunda Mahriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
19
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde Halkara Nowruz baýramy
mynasybetli “Baglar güle bürener, nowruz gelse ilime” atly söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Bahar baýramy mynasybetli Nowruz
baýramyna mahsus bolan milli tagamlar barada täsirli gürrüňler edildi.
Baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende göterýän,
milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
18
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebi bilen bilelikde Halkara Nowruz
baýramy mynasybetli “Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy” atly aýdym-sazly
baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabaranyň dowamynda mekdebiň höwesjeň
okuwçylarynyň gatnaşmagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli gyz-gelinleriň
arasynda Nowruz baýramyna mahsus bolan milli tagamlary taýýarlamak esasynda
bäsleşik geçirildi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly , şowhunly
çykyşlar boldy. Gyzlaryň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy dabara gatnaşanlarda
uly täsir galdyrdy. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem uly täsir
galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende
göterýän, milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýaş
nesilleri myhamnsöyiji we watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada çagalaryň
arasynda “Myhman öz rysgaly bilen gelýär” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň
dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli
ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada
aýratyn nygtaldy. Bu ajaýyp eseriň halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly
saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda gymmatly
hazynadygy barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri «Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi» atly kitapda bar bolan rowaýatlaryň, tymsallaryň birnäçesini bilesigeliji okyjylara okap
berdiler. Aýratyn-da kitaphanaçy hünärmenimiz myhmana goýulýan sylag-hormat barada bu
ajaýyp kitapda aýdylan her-bir gyzyla gaplaýmaly sözleri çagalara okap berdiler. Gurnalan
göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň edepli bolmagynyň kadalaryna aýratyn üns
berýän Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
14
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Sergi binasynda
“Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň” atly
maslahat geçirildi. Çagalar kitaphanamyzyň agzybir hünärmenleri hem Sergi
binasynda öz ýaşajyk okyjylary üçin “Kitap biziň dostumyz” atly kitap sergisini
gurnady. Sergide çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri şeýle-de
erteki gahrymanlaryny janlandyrmak üçin niýetlenen gurjaklar ýerleşdirildi.
Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleri hem gysgajyk sahnalaryň üsti bilen
çagalara kitap okamagyň, kitap bilen dost bolmagyň ähmiýetini ündediler.
Sergä gatnaşan okyjylarymyz özleri üçin döredilýan giň mümkinçilikler üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
13
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet
Medeniýet merkeziniň Sergi binasynda “Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany
dünýä dolýar Magtymgulynyň” atly maslahat geçirildi. Çagalar kitaphanamyzyň
agzybir hünärmenleri hem Sergi binasynda öz ýaşajyk okyjylary üçin çagalar
edebiýatyna degişli kitap sergisini gurnady. Şeýle-de çagalaryň söýgüli artisti Aşyr
däde bilen geçirilen söhbetdeşlikde körpeje çagajyklar ajaýyp döwrümizi, bagtyýar
çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Türkmenistanyň
Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda geçirilen bu maslahatdan soňra biziň ýaş
okyjylarymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik
duşuşygyny geçirdiler we özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen Gahryman şahyr
Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş boldular. Aýratyn tapawutlanan çagalara
kitaphanamyz tarapyndan kitap sowgatlary gowşuryldy.
Sergä gatnaşan bagtyýar çagalar ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly
işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan
etdiler.
11
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary
bilen “Magtymguly Pyragy – türkmeniň şam-çyragy” ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara
Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik,
arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde
eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi
bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly
adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
06
Mart
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda kitaphananyň
ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 8-
nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Dünýäniň bar görki enedir ene” ady bilen söhbetdeşlik
geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine
söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň
käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip
berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda
aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
Mart
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy - ýakynda Aşgabat şäheriniň
76-njy orta mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Eneler – zeminiň zynaty” atly edebi-
sazly agşamyny geçirdi. Kitaphana hünärmenlerimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelere hormat goýmakda, gelin - gyzlarymyzy
mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň
berdiler. Bahar-ýaz ýaly zenanlarymyza bagyşlap birnäçe şygyrlary labyzly okap berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Baky gözellik” atly göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşanlarda
uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
26
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň
arasynda türkmen keçeleri barada “Gülli keçe – ak öýleriň zynaty” atly
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen öýüniň törüniň bezegi,
zenanlaryň on barmagynyň hünäri, ynsan üçin jana ýakymly, mylaýym we ýyly
düşek hökmünde giňden peýdalanylýan, türkmeniň ak öýleriniň üstüni örtmek üçin
ulanylýan, enelerimiziň sabyr-takat, tutanýerlilik we yhlasy bilen basylan keçeleriň
gadymylygy, aýratynlygy, nagyşlary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de boz
keçeler, atkeçeler, namazlyk keçeler, gülli keçeler ýaly keçeleriň dürli görnüşleri
we ol keçelere salynýan “Şelpeligöl”, “Gelinbarmak”, “Gapyrga”, “Tazyguýruk”,
“Aktüýnük”, “Darakgoçak”, “Pişmegoçak”, “Sekizgoçak”, “Çopantelpek”,
“Aýnagöl”, “Tumargöl” ýaly nagyşlaryň özboluşlylygy barada gyzykly gürrüňler
edildi. Mekdebiň okuwçylary hem zähmet dersinde öwrenen keçe basmagyň
özboluşly tilsimlerini uly höwes bilen görkezdiler. Kitaphanamyz tarapyndan
gurnalan sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gelýän milli
sungatymyzyň dürli ugurlaryny ösdürmekde we ony nesillere wagyz-nesihat
etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
22
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebinde irki döwürlerden bäri dowam
edip gelýän däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň biri bolan salamlaşmak
edebi barada “Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmençilikde edep-ekramyň baş görkezijisi, hormat-
sylagdan, adamkärçilikden nyşan bolan salamlaşmak edebiniň özboluşly dessurlary
barada täsirli gürrüňler edildi. Kiçiniň ula salam bermegi, ulynyň kiçiden saglyk-
amalyk soramagy ýaly ýol-ýörelgeler barada edilen gyzykly gürrüňler bilesigeliji
okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde beýan edilýän tymsallaryň,
hekaýalaryň ençemesini hünärmenimiz kitap söýüji ýaşlara okap berdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli ýol-ýörelgelerimizi sünnäläp, Watanymyzyň
geljegi ösüp gelýän ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmäge uly mümkinçilikleri
döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
22
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw
mekdebinde “Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi
mirasynda” ady bilen göçme sergi gurnady. Sergä gatnaşanlar Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly
Pyragynyň ömri we dörejiligini has giňişleýin öwrenmäge döredilýän giň
mümkinçilikler şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly
diýlip atlandyrylan ýylymyzda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
Diýarymyzyň dürli künjeginde geçirilýän dabaralar barada buýsançly gürrüňler
etdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem sergä gatnaşanlara Pyragynyň
şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa
ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän
orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi esasynda çekilen suratlardan hem-de
kitaphanamyzyň şahyryň şygyrlar ýygyndylary esasynda gurnan sergisi uly täsir
galdyrdy.
Göçme sergä gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar
bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini beýan etdiler.
21
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň gyzlary bilen
türkmen milli el işleri barada “Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň
mertebe tugy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen
öýüniň törüniň bezegi, zenanlaryň on barmagynyň hünäri, enelerimiziň sabyr-
takat, tutanýerlilik we yhlasy bilen dokalan halylaryň gadymylygy, sünnälenip
basylan keçeleriň ynsan janyna şypalylygy, milli lybaslarymyzyň bezegi bolan el
keşdeleri, alajalar, bezemen el bukjalar barada täsirli gürrüňler edildi.Gyzjagazlar
hem öz öwrenen el işlerini uly höwes bilen görkezdiler. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ajaýyp eseri “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň “Ýaş
türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy” atly bölüminde beýan
edilýän türkmen zenanlarynyň mertebesi, ýurdumyzyň beýik ösüşlerinde eýeleýän
mynasyp orny, aýratynda ýaşajyk türkmen gyzjagazlarynyň ýerine ýetirýän el
işleri, eneden gyza miras el hünärimiziň dürli görnüşleri barada buýsançly
gürrüňler edildi. El işleri esasynda gurnalan sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gelýän milli
sungatymyzyň dürli ugurlaryny ösdürmekde we ony nesillere wagyz-nesihat
etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözleri beýan edildi.
20
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň
kiçi ýaşly okyjylara hyzmat etmek bölümi ýaňy-ýakynda Aşgabat
şäherindäki “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde
“Janly tebigatyň waspçysy” - atly Rus ýazyjysy W.Biankiniň d.g. 130
ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Bu çärämize 2,3-nji synp
okuwçylary gatnaşdylar. Alypbaryjy belli Rus ýazyjysynyň ömri we
döredijiligi barada, onuň gyzykly hekaýalary barada gürrüň berdi.
Tanymal çagalar ýazyjysy W.Biankiniň eserleri onuň tebigata bolan
söýgüsini, şeýle-de haýwanat dünýäsiniň gyzykly pursatlaryndan açyp
görkezipdir. Kitaphananyň hünärmenleriniň gurnan ajaýyp sergisi hem
çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň soňunda Mähriban Arkadagymyza,
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözleri aýdyldy.
20
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda
Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ussat artist Baba
Annanowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlap, “Kino we durmuş” ady bilen
söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara Baba
Annanowyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdi. “Aýgytly ädim”, “Keçpelek”
ýaly kinofilmlerde döreden çeper keşbi barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Ussat artistiň
Berdimyradyň keşbini janlandyran “Keçpelek” kinofilminden pursatlary bilesigeliji
okuwçylar uly gyzyklanma bilen gördüler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş
nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
19
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-
ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp gyzlary bilen
türkmen keşdeçilik sungaty barada “Eneden gyza miras - keşdeçilik sungaty”
atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine
goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi.Şeýle-de iňňe,
ýüwse, oýmak ýaly keşdeçiniň gerekli bolan gurallary, ýüpek sapaklary işmegiň
we syntgylamagyň usullary, çep we sag halkalaryň gezekli-gezegine hünärli elleriň
kömegi bilen keşde sungatyny emele getirişi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Gadymy milli mirasymyz bolan keşde nagyşlarymyzyň “Tyllagoçak”,
“Günebakar”, “Şänik”, “Çemçegöl”, “Kebelek”, “Çynar”, “Ýürekkeşde”,
“Gowaçagül”, “Goçak”, “Tegbent”, “Gülýaýdy” ýaly görnüşleriniň zenanlaryň
köýnekleriniň ýakalaryna, kürtelere, çyrpylara, oglan we gyz tahýalara, erkek
adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna şeýle hem çaga kürtekçelerine salynyşynyň
aýratynlyklary barada hünärmenimiziň aýdyp beren maglumatlary bilesigeliji talyp
gyzlarda uly täsir galdyrdy. Gurnalan el işleriniň sergisi hem olarda uly
gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eneden gyza geçip häzirki günlerimize gelip ýeten
milli el işlerimizi nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri
döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
12
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýaňy-ýakynda öz kiçi ýaşly okyjylary bilen “Kitap biziň dostumyz” atly gürrüňdeşlik geçirdi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri şeýle hem bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada çäramiziň dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we “Galkynyş ” kitap merkezinden täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen ertekiler okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen sergi gurnaldy. Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi. Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ýaş, jan-saglyk il bähbitli tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.
12
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda “Arkadagyň eserleri – ýaşlaryň görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Peder dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji eseriniň many-mazmuny barada hem aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
11
Fewral
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen “Ýüz derdiň dermany” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleri, olaryň ähmiýeti, ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
09
Fewral
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Toýdan ýetirsin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eseriň “Myhmansöýerlik” atly bölüminde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän toý däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, myhmansöýerlik bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de bäbek, diş, galpak, sünnet, gelin toýlary, olaryň özüne mahsus bolan däp-dessurlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň milli medeniýetine, medeni mirasyna çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
06
Fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda talyp ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap, “Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde derman” ady bilen kitap sergisini gurnadylar we söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesillerde halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, dogruçyllyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
28
Ýanwar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “ El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz höwesjeň okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” , “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly kitaplarynda beýan edilýän zenan mertebesi, milli el hünärlerimiziň gadymylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Türkmen milli el işleri esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi gaýtadan dikeldip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
22
Ýanwar
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji ýazan eseri “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýändigi, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, zehin mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri , ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý ajaýyp eseri ýaş nesillerimiz üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
27
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki “Aşgabat söwda dynç – alyş merkezinde” täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Aýazbabaň ussahanasynda” atly edebi sazly ertirlik geçirdi. Dabaramyzda Aşgabat şäherindäki sungat mekdebiniň zehinli çagalary aýdymdyr – sazlary bilen çykyş etdiler. Çärämizde kitaphananyň hünärmenleri gyzykly ertekiler bilen sergini gurnadylar. Şu çärämizde çagalaryň arasynda hem bäsleşik geçirildi. Çagalara kitaphanamyzyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan 1 - nji, 2, - nji, 3 - nji, orun alanlara sowgatlar gowşyryldy. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
25
Dekabr
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi, Aşgabat şaher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we konomatografiýa baradaky döwlet komtetiniň “Mahabat” müdirligi bilen bilelikde “Türkmen multifilimleriniň şüweleňi” ady bilen çagalaryň arasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çagalara degişli kitaplaryň sergisi gurnady. Çäräniň dowamyndaky görkezilen multifilimleriň gahrymanlary baradaky sorag-jogap alyşmalar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Çäraniň ahyrynda ýetip gelen 2023-nji ýylymyz bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzy gutladylar we olaryň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
13
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Paýtagtymyzda ýerleşýän № 76 mekdepde bolup, “Edep – altyndan gymmat” atly öwüt-nesihat häsiýetli çäre geçirdi. Bu çäre esasan hem ýetginjek ýaşdaky gyzlara bagyşlandy. Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz-öňünde gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyñ döredijiliginde-de-de öz mynasyp orunlaryny tapypdyrlar. Yşk mülkiniñ şasy Mollanepesiň döredijilignde „Seniň kimin gözel bolmaz jahanda“ diýip taryp edýän gyzlarymyz halkmyzyň arzuw-umutlarydyr, ýüzleriniñ tuwagydyr. Olara ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillerе-de görelde boljakdyrklaryna ynamymyz ulуdyr. Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligi, yhlasyny ýörelge edinýändigini „Ýagşy ene ýagşy gyza görelde“ diýen nakyl hem tassyklaýar. Gülden näzik göwnüň hiç wagt ynjamazlygy üçin gyzjagazlaryň geljekgi durmuşynyň aladasy olaryň çagalygyndan başlanýar. Öý-içeriniń arassaçylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent borjydyr. Milli matalardan tikilen egin-eşikler bolsa gyz-gelinleriň kalbyny täsin bir mukaddes duýgy bilen doldуrýar. Gyz maşgala hemmäniň gözünde bolýar. Onuň her bir hereketi, her bir aýdan sözi hemmeleriň ünsünde bolýar. Şonuń üçin ene- mamalarymyz gyzlara edep berende olara gürleşenlerinde, hat-da şatlanyp gülenlerinde sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Türkmen gelin-gyzlarymyzyń edim-gylymyna, edep- terbiýesine kybapdaş gelýän olaryń boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlygy bilen tapawurtlanyp, dünýä halklarynyń arasynda öz milliligimize buýsandyrýar. Gadymy milliligimize uly hormat goýup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesini belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
07
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitabynda beýan edilen Şükür bagşynyň ýüze çykan agyr meseläni diňe sazyň üsti bilen, parahatçylyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirler hakynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegi dogrusynda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada gyzykly gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
05
Dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk – bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata- babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 27 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz, sungaty söýüji ýaşlarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabara “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalar” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
Dekabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen “Ýüz derdiň dermany” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleri, olaryň ähmiýeti, ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
25
Noýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gahryman Arkadagymyzyň “Kitap ynsanýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň, medeniýetleriň arasyndaky arabaglanşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir” diýen sözlerinden ugur alyp, “çaga we kitap” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde çaga zehinine täsir edýän esaslar ýagny, çaga we aýdym-saz, çaga we kitap, çaga we surat, çaga we oýunjak, çaga we sport ýaly temalardan söz açyldy. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär we kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan çaga özüne aýratyn bir dünýäni gurýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna täsiriniň uludygyny nygtamak bilen, kitaphanamyzyň işgärleri ähli ýaşdaky okyjylar üçin kitaphanamyzyň gapysynyň açykdygyny aýdyp, olary kitap okamaklyga çagyrdylar.
18
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň guramaklarynda “Bagtyýarlyk” dynç alyş-söwda merkezinde kitap ýarmarkasy geçirildi. Çärä çagalar kitaphanasy çagalar üçin niýetlenen dürli diller esasynda gurnalan göçme kitap sergisi şeýle-de gurjaklar esasynda gurnalan göçme sergisi bilen gatnaşdy. Sergini synlamaga gelen körpeje çagalarada çagalar ýazyjylary tarapyndan ýazylan ertekiler uly täsir galdyrdy. Çärä çagalaryň iň söýgüli ýazyjylary Agageldi Allanazarow, Azat Rahmanow dagylar hem gatnaşdylar. Ýazyjylar çagalar bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler we sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
17
Noýabr
Her ýylyň 20-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni bellenilip geçilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1954-nji ýylda esaslandyrylypdy. 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Çaga hukuklarynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa, Çaga hukuklary hakynda Konwensiýa kabul edildi. Bu sene çaga hukuklaryny goramak ulgamynda binýatlyk resminamalaryň kabul edilen güni hökmünde bellenilip geçilýär. Şeýle çäreleriň biri hem, 18-nji noýabrda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda «Kitap ýarmarkasy» geçiriler. Türkmenistan hem bu senäni baýram edýär Türkmenistanda hem çagalaryň hukuklaryny goramak, olara hemaýat bermek, olary oňyn hereketlere höweslendirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gurnamagynda geçirilýän kitap ýarmarkasy sagat 15:00-da açylar. Ýarmarkada Mahabat müdirliginiň neşir önümleri, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň çagalar üçin kitaplary, «Älem», «ReadIt» kitap dükanynyň, Gujurly book store-yň, Kök desing HK-nyň we «Belent Akaba» HJ-niň önümleri hödürleniler. «Defakto» egin-eşik brendiniň hemaýatkärliginde guraljak çärede gurjak teatrynyň gahrymanlary we sirk oýunlaryny görkeziler. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde «Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň çagalar meýdançasyndaky oýun meýdança hemme körpelere tölegsiz hyzmat eder. Kitap ýarmarkasynda Sizi hoş gördük! Çagalar üçin atalyk aladalaryny edýän Mähriban Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan çagalaryň hukuklaryny goramak, olara hemaýat bermek, olary oňyn hereketlere höweslendirmek üçin dürli çäreler guralýar. Bütin bagtyýar çagalaryň adyndan Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!
16
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň telekommunikasiýalary we informatika institutynyň talyplary bilen ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Hasyl toýy mynasybetli “Rysgal-berekediň toýy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Sergide şekillendiriş sungatyna degişi ajaýyp eserler hem-de dürli kitaplar we beýleki neşirler ýerleşdirildi. Şekillendiriş sungatyna degişli ajaýyp surat eserlerinde bagtyýar döwrümiz, bolelin ýaşaýşymyz, her bir türkmen maşgalasynyň saçagyny bezeýän näz-nygmatlar suratlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly ajaýyp eseri sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Kitap orun alan bereketli türkmen saçagynyň bezegi bolan baý we köpdürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygy baradaky täsirli maglumatlar ýaşlar tarapyndan uly höwes bilen okaldy. Bularyň ähisi göçme sergä gatnaşan talyp-ýaşlarda ýakymly täsir galdyrdy. Hasyl toýy mynasybetli gurnalan sergä gatnaşanlar halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan türkmeniň gerçek ogly, peder dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
16
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen türkmen milli oýunlary barada “Halk döredijiligi- milli ruhuň kämilligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle- de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Zehinlije çagalar özara pikirli oýunlaryň dürli görnüşleri ýagny, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek, ýaňyltmaçlary çalt we dogry aýdyp bermek esasynda özara bäsleşdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
15
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde kompozitor Ata Esadowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Aýdymlaryñ ak säheriñ nurudyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ussat kompozitoryň ýiti zehininden dörän ölmez-ýitmez saz eserleri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilen türkmen aýdym-saz sungatynyň gadymylygy, aýratynlygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sungatymyzda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmegine döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
12
Noýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda gözel paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýän hasyl toýy mynasybetli “Ülkämiň toý saçagynda”atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň alym mugallymlary mekdep okuwçylaryna gowaça, bugdaý ýaly däneli ekinleriň aýratynlyklary hem-de ene topraga nähili ideg etmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da myhmanlarymyz ekologiýa abadançylygy dogrusynda hem okuwçylar bilen sowal- jogap alyşdylar. Kitaphana hünärmenlerimiz hem öz gezeginde edebi mirasymyzda halkymyzyň taryhy geçmişi, Watan topragyna buýsanjy hem söýgüsi barada wasp edýän şygyrlaryň ençemesiniň many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan sergi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen milli saçagynyň bezegi bolan näz-nygmatlar, milli tagamlar ýerleşdirildi. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
08
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde kompozitor hem-de dirižýor Hydyr Allanurowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Saz sungatynyň ussady” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere giňişleýin ýetirmekde alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de zehinli kompozitor, ussat dirižýor Hydyr Allanurowyň ajaýyp saz eserleri barada hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara gyzykly gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmek babatda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
07
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada “Ýadygärlikler medeniýetiň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikler barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, täzeden dikeltmäge şeýle-de ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
03
Noýabr
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi bilen bilelikde paýtagtymyzyň gözel künjegi “Daşkent” seýilgähinde B. Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebinde okaýan höwesjeň ýaşajyk suratkeşleriniň arasynda “Suratkeş bolasym gelýär” atly bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşikde kitaphana hünärmenlerimiz gözel paýtagtymyzyň taryhyny we şu günki gündäki binagärlik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da türkmen-özbek dost-doganlyk halklarynyň özboluşly milliligi hakynda sowal-jogap alşyldy. Bäsleşikde eziz Watanymyzyň gözel künjeklerini şekillendirip ýeňiji bolan ýaşajyk suratkeşlerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda seýle ajaýyp durmuşda ýaşaýan ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin döredilýän giň mümkünçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
02
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde suratkeş Ýarly Baýramowyñ doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap, “Ajaýyp duýgularyñ öwüşgini” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ussat suratkeşiň döredijilik dünýäsiniň inçe syrlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Ýarly Baýramowyň ajaýyp zehininden dörän ençeme suratlar, olaryň reňk öwüşgini, gözelligi hem-de aňladýan manysy barada hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sungatymyzda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmegine döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
01
Noýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Owadan” toý hyzmatlary merkezinde “Mirasyň bezegi – türkmen lybasy” ady bilen bilesigeliji okyjylarymyzyň arasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen lybaslarynyň ýaraşygy bolan ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Türkmen zenanynyň görküne görk goşýan milli kürteler, ajaýyp şaý-sepler, keteni köýnekler şeýle-de türkmen ýigidiniň milli egin-eşikleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza täsirli gürrüňler berdiler. Türkmen milli lybaslary esasynda gurnalan göçme sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
28
Oktýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli “Alabaýym - abraýym” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüňler edildi. Arassa tohumly türkmen alabaý itleri barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada hem aýratyn nygtaldy. Döredijilik duşuşygynyň hormatly myhmany Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Arzuw Ataýew hem türkmen alabaý itlerini şekillendirip çeken suraty barada, şol suratda ulanan reňkleri, onda beýan edilýän gözellikler barada täsirli gürrüňler berdi. Geçirilen döredijilik duşuşygyna “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan kitap sergisi duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy has giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
26
Oktýabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde zehinli kompozitor Adriýan Grigorýewiç Şapoşnikowyň ömri we döredijiligine bagyşlap, “Türkmen saz sungatynyñ gözbaşynda” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, onuň türkmen kompozitorlary, bagşy-sazandalary bilen bilelikde döreden ajaýyp saz eserleri barada täsirli gürrüňler edildi.Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym-saz sungaty, halypa- şägirtlik ýoly barada beýan edilen gymmatly maglumatlar barada täsirli gürrüňleri aýdyp berdiler. Opera sungatynda öçmejek yz goýan zehinli kompozitoryň döreden eserleri barada gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny, saz dörediji ussatlaryň ajaýyp eserlerini giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.