11
mart
Türkmenistanyň Medeniýet ,Sport, Syýahatçylyk we Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyň Geňeşi , Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ilkinji zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilelikde “Edebim-mertebäm” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden zenanlar häzirki wagtda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormat-sarpasy, döredip berýän giň mümkinçilikleri barada şeýle-de zenan mertebesi, asyllylygy, ojagyna wepalylygy, perzentlerine mähremligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan beýik ösüşlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, nesil terbiýesinde, maşgala abadançylygynda zenanlaryň tutýan orny barada wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar aýratyn nygtap geçdiler. Çäräniň ahyrynda zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan hem-de olaryň okamagy, bilim almagy, hünär saýlamagy, dürli ugurlar boýunça zähmet çekip, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
02
mart
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk söwda we medeni dynç alyş merkezinde 2020-nji ýyl “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli bellenilen meýilnama esasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Bahar, zenan-bakylyk” ady bilen edebi-sazly çäresini geçirdi. Bu çärä gözel paýtagtymyzyň sungat mekdeplerinden bolan zehinli okyjylarymyz gatnaşyp, enelere, zenanlara bagyşlanan eserleri, goşgulardyr aýdymlary, suratlary hem-de ajaýyp sazlary çalyp çykyş etdiler. Mundan başga-da kitaphanaçylar Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan birnäçe wakalary gürrüň berdiler. Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Ene kalbymyň owazy” ady bilen gurnalan sergi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
27
fewral
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Paýtagtymyzda ýerleşýän № 76 mekdepde bolup, “Edep – altyndan gymmat” atly öwüt-nesihat häsiýetli çäre geçirdi. Bu çäre esasan hem ýetginjek ýaşdaky gyzlara bagyşlandy. Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz-öňünde gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyñ döredijiliginde-de-de öz mynasyp orunlaryny tapypdyrlar. Yşk mülkiniñ şasy Mollanepesiň döredijilignde „Seniň kimin gözel bolmaz jahanda“ diýip taryp edýän gyzlarymyz halkmyzyň arzuw-umutlarydyr, ýüzleriniñ tuwagydyr. Olara ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillerе-de görelde boljakdyrklaryna ynamymyz ulуdyr. Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligi, yhlasyny ýörelge edinýändigini „Ýagşy ene ýagşy gyza görelde“ diýen nakyl hem tassyklaýar. Gülden näzik göwnüň hiç wagt ynjamazlygy üçin gyzjagazlaryň geljekgi durmuşynyň aladasy olaryň çagalygyndan başlanýar. Öý-içeriniń arassaçylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent borjydyr.. Milli matalardan tikilen egin-eşikler bolsa gyz-gelinleriň kalbyny täsin bir mukaddes duýgy bilen doldуrýar. Gyz maşgala hemmäniň gözünde bolýar. Onuň her bir hereketi, her bir aýdan sözi hemmeleriň ünsünde bolýar. Şonuń üçin ene-mamalarymyz gyzlara edep berende olara gürleşenlerinde, hat-da şatlanyp gülenlerinde sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Türkmen gelin-gyzlarymyzyń edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän olaryń boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlygy bilen tapawurtlanyp, dünýä halklarynyń arasynda öz milliligimize buýsandyrýar. Ga¬dy¬my milliligimize uly hormat goýup, Ber¬ka¬rar döw¬le¬ti¬mi¬ziň bag¬ty¬ýar¬lyk döw¬rün¬de ze¬nan mer¬te¬be¬si¬ni be¬len¬de gö¬ter¬ýän Ar¬ka¬dagymyzyň ja¬ny sag, öm¬ri uzak, be¬lent başy aman bol¬sun!
18
fewral
Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň her bir günümiz toý baýramlara beslenýär. 2020-nji ýyl “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi, raýatlarymyzyň köňüllerine rahatlyk nuryny çaýyp, kalplarda buýsanç duýgusyny döretdi. Döwlet Baştutanymyz: “Bitaraplyk- bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dostluga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän, ýörelgelerimizi dünýä tanadýan taglymatdyr” diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Bitaraplygyň, parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmekde birnäçe medeni-köpçülik çärelerini geçirýäris. Ine bu günki günem “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär” Kitaphanalar ruhy we medeni gymmatlyklaryň ojagy hasaplanýar. Çagalary we ýetginjekleri kitap okamaga çekmek maksady bilen Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynda “Berkarar döwletde-bagtyýar nesil ” atly usuly-maslahaty geçirdi. Bu usuly-maslahata ýurdumyzyň welaýat çagalar kitaphanalarynyň ýolbaşçylary, kitaphanaçylary şeýle hem mekdep kitaphanaçylary gatnaşdylar. Bu usuly-maslahatda halypa kitaphanaçylar gatnaşyp, özara pikir-tejribe alyşdylar, şeýle-de çagalar hem-de mekdep kitaphanaçylarynyň işini kämilleşdirmek, çagalary kitap okamaklyga has giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.
09
ýanwar
Türkmen halk ertekileri / red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 35 s. “Türkmen halk ertekileri” atly täze kitapçada “Mizemez dostluk”, “Dogruçyl oglan”, “Horaz we it”, “Garga, tilki we syçanyň dostlugy” atly owadan suratlar bilen bezelen erteliler ýerleşdirilipdir. Bu kitapçada Türkmen halkynyň eý görýän juda üşükli, eýýesine wepaly, kanagatly alabaýy hakynda. Umuman, bu ertekiler hiç wagt könelmejek gymmaty bilen okyjylaryň kalbynda orun alar. Kipliň, R. Maugli / R. Kipliň; red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 32 s. “Maugli” atly kitapça owadan suratlar bilen bezelen. Bu ertekide Maugli atly oglanjyk hakynda gürrüň gitýär. Bu kitapça tokaýda uly gaplaňyň Mauglini öz eline aljak bolup birnäçe gezek synanyşýar. Emma ene möjek Mauglini öz çagalaryny eý görşi ýaly gorap saklaýar. Ol tokaýda birnäçe ýyl ýaşap özüne dost tapynýar. Bu kitapça geljekki körpeje okyjylarmyz üçin gymmaty uly bolar.
09
ýanwar
Goturow, A. Hakyky dost / A. Goturow; sur. Ki Ji Ýoň. – Seul, 2019. – 28 s. Bu ertekili kitabyň maksady – çagalara adamlaryň häsiýetleriniň köpdürlüligini görkezmekden ybarat bolup durýar. “Hakyky dost” atly ertekidäki haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň häsiýetini şekillendirýär. Jemgyýetiň arasynda kesir adamlara duş gelýarsiň, olar ýaly adamlara eşek diýlipdir, mekir we bet niýetli adamlarada mar (ýylan) diýilipdir. Beýleki tarapdan, daş sypaty howply we tikenli kirpi bolsa, gaýtam, düşünjeli we kömek berýän bolup çykýar. Hakykatdan hem, dünýäde dürli adamlar köp bolýar. Şol köp adamlar hakyky ýüzüni gizlejek bolsalar hem wagtyň geçmegi bilen olaryň hakyky keşbi aýan bolýar. Bu kitapça okyjylar üçin gymmaty uly bolar.
08
ýanwar
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bellenilen meýilnama laýyklykda 2020-nji ýyla, ýagny “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlap, gyşky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda myhmançylykda boldy. Ol ýerde kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen bilelikde özara sorag-jogap alyşdylar. Çagalar öz okan kitaplary esasynda dürli ertekidir hekaýalary aýdyp berdiler. Öwrenen goşgularyny labyzly okap berdiler. Hünärmenlerimiziň okap beren ertekilerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Tapmaçadyr matallara ezberlik bilen jogap berdiler. Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde gurnan göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
07
ýanwar
Berdimuhamedow, Gurbanguly. Ösüşiň täze belentliklerine tarap / G. Berdimuhamedow – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly bu saýlanan eseriň 12-nji tomy bu gün Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitap gaznasynyny bezedi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly eserler ýygyndynyň — 12-nji tomy biziň kitaphanamyzyň okyjylarynda uly gyzyklanma döretdi.
24
dekabr
Dekabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynda “Täze ýylym şan getirsin ilime” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu döredijilik duşuşygyna kitaphanamyzyň ýaşajyk okyjylary hem gatnaşdylar.
17
dekabr
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Dekabr aýynyň 17-ne paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebinde Eziz Arkadagymyz jöwher zehininden syzylyp çykan “Arşyň nepisligi” atly kitaby dogrusynda mekdep okuwçylarynyň arasynda söhbetdeşlik gurady. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz türkmen okyjylary bilen bir hatarda, dünýä jemgyýetçiligini hem milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olaryň dünýä medeni ulgamyndaky orny hakynda söhbet açýan eserleri bilen yzygiderli tanyşdyryp gelýär. Olaryň hatarynda eziz Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Janly rowaýat”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Medeniýet-halkyň kalbydyr”, “Türkmen medeniýeti”, “Gadamy batly bedew” ýaly onlarça eserlerini guwanç bilen görkezmek bolar. “Arşyň nepisligi” atly bu ajaýyp kitapda ilkinji haly dokan zenan hakynda täsin bir rowaýat getirilýär. “Ol juda owadan, zyba görkli bolupdyr. Oňa seredenler özleriniň erkini aldyrypdyrlar. Ol aýal Günüň şöhlelerinden ýol ýasap, asmana uçup gidenmiş. Ine, şol şöhlelerden erşini sepläp, argajyny baharyň gök baýyrlaryndan gatlap, çitimini ak reňkli kümüş säherlerden, sarysyny altyn çägeden çitip, ol zenan asmana ýol salyp gidenmiş. Şonuň üçinem türkmen halysynyň reňki çog gyzyl, sarysy Gün ýaly, agy hem säherler deý owadan reňklidir”. Kitabyň ady onuň içki mazmuny bilen özara sazlaşyga eýedir. “Arşyň nepisligi” atly bu kitap “Ilden-ile aşan nusgalar”, “Gözellik dowamaty”, “Tebigylyk aýdymy”, “Haly – zynat”, “Hakyda we dowamat” ýaly bölümlerden durýar. Bölümleriň içinden türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz hakynda dürdäne setirler eriş-argaç bolup geçýär. Kitabyň başynda: “Gül gunçasy gara gözüňe, gara daglary daýanjyňa, ýelleri sabanyň nepesine, çölüniň çägesi zer dänesine, mukamdyr aýdym-sazlary älemiň sedasyna meňzeýän eziz Diýarymyň her ertiri meniň kalbymy heýjana getirýär” diýip, eziz Arkadagymyz Hakyň nazar salan türkmen topragyna bolan egsilmez buýsanjyny beýan edýär. Bu kitapda halylaryň dürli görnüşleri, haly fabrikleriniň işi, halylaryň dokalyşy, çitilişi, tebigy reňkler, Garagum gözellikleri, Köpetdagyň, Amyderýanyň, gojaman Hazaryň täsinlikleri hakyndaky fotosuratlar bilen bezelmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz gojaman taryhyň uzak dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip, nesilden-nesle geçirilip gelnen beýik sungatdyr. Milli gymmatlyklarymyzyň howandary eziz Arkadagymyzyň parasatly zehini bilen bu günki gün ajaýyp halylarymyz dünýä gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýär. Goý, bu işleriň gözbaşynda durup, halkymyzyň her bir milli gymmatlygy hakynda dünýä nusgalyk eserleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, galamy ýiti, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
11
dekabr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Kitap ynsanýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň, medeniýetleriň arasyndaky arabaglanşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir” diýýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy dekabr aýynyň 11-ne paýtagtymyzda ýerleşýan 28-nji orta mekdebinde 1-5-nji synp okuwçylaryň arasynda “çaga we kitap” atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde çaga zehinine täsir edýän esaslar ýagny, çaga we aýdym-saz, çaga we kitap, çaga we surat, çaga we oýunjak, çaga we sport ýaly temalardan söz açyldy. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär we kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan çaga özüne aýratyn bir dünýäni gurýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna täsiriniň uludygyny nygtamak bilen, kitaphanamyzyň işgärleri ähli ýaşdaky okyjylar üçin kitaphanamyzyň gapysynyň açykdygyny aýdyp, olary kitap okamaklyga çagyrdylar.