Täzelikler/Bildirişler

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Berdimuhamedow, Gurbanguly. Atda wepa-da bar, sapa-da / G. Berdimuhamedow, jog. red. W. M. Hramow. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 309 s. Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Gahryman Prezidentimiziň “ Atda wepa-da, sapa-da” atly täze kitaby halkymyzyň watançylygyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny açyp görkezýär. Kitapda adamyň tebigat bilen bitewüligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslary açylýar. Bu bolsa halkymyzyň taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Aşyrmämmedow, Nurgeldi. Dag rowaýaty : hekaýalar = Legend of mountains : stories = Легенда гор : рассказы / N. Aşirmämmedow ; sur. : O. Çerkezowa, D. Akyýew. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. - 527 s. Awtoryň türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylan hekaýalar ýygyndysynda ýurdumyzyň täsin tebigatynyň, päk we wepaly söýginiň waspy, milli taryhymyzda orun alan ata-babalatymyzyň asylly ýörelgeleridir däp-dessurlary, asyrlardan-astrlara aşyp gelýän çeper sungaty, mukaddeslik, halalyk bilen baglanyşykly örän çeper beýan edilen gyzykly wakalar hekaýalarda hereket edýän gahrymanlaryň çeper keşbiniň üsti bilen okyjylara ýetirilýär.

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Atabaýew Ata. Goşa çynaryň ýapraklary / A. Atabaýew, G. Atabaýewa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. – 158 s. “Goşa çynaryň ýarpaklary” atly kitaba Ata Atabaýewiň we Gurbanjemal Atabaýewanyň goşgulary girizildi. Watana wepalyk, adamkärçilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly agşy gylyk-häsiýetler kitapdaky goşgularyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp döwrümiziň , milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň waspyny çeper beýan edýän goşgular okyjylarda gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

  • "Rowaçlyga galkynan Watanyň gül çagalary"

    1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni. Bu gün dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem 1-nji iýunda Paýtagtymyzdaky Aşgabat seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Rowaçlyga galkynan Watanyň gül çagalary“ atly çäre hem-de “Bagtyýar geljegiň nowça gülleri” atly kitap sergisini gurnaldy. Bu kitap sergimizde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan ajaýyp kitaplary we çagalara degişli ertekili kitaplar görkezildi. Bu çärämize 500 den gowrak çaga gatnaşyp, diýseň gyzykly geçdi.

  • "Mähir siňen sungat" atly sergi

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Haly baýramyna bagyşlap “Mähir siňen sungat” atly sergi gurnady. Sergä Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy.

  • "Beýik ýeňşi dünýä beren pederler" atly ýeňiş baýramy mynasybetli geçirilen çäre

    2019-njy ýylyň maý aýynyň 9-na Aşgabat şäherimiziň 132-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Beýik ýeňşi dünýä beren pederler” atly çeper okaýyşly bäsleşigini gurady. Bu bäsleşikde ýaş okyjylar “Beýik Ýeňiş” barada goşgulary okap, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Alyp baryjy Leýla Annamyradowanyň Türkmenistanyň gahrymanlarynyň frontda görkezen merdi-merdanalygyny hem-de fronta gatnaşan ýazyjylarymyzyň eserleri bilen tanyşdyryp, gürrüň bermeginde okuwçylar uly höwes bilen diňledi.
    Mundan başga-da kitaphanamyz tarpyndan guralan “Bakylyga siňen batyrlar” atly sergimizde diňe kitaplar bolman eýsem, okuwçylar tarapyndan “Beýik Ýeňşe” bagyşlanyp çekilen suratlar hem öz beýanyny tapdy.

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Ekologiýa : umumy orta bilim berýän mekdepleriň Х synpy üçin synag okuw kitaby / S. Durdyýew [we başg.] ; red. J. Amanowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. – 176 s.

    Ekologiýa ylmy adamzat jemgyýeti üçin iňňän möhüm meseleleri çözmek, bütin ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek bilen baglanşykly düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmak bilen meşgullanýar.

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Türkmenistanyň medeni mirasy : umumy orta bilim berýän mekdepleriň Х synpy üçin synag okuw kitaby / G. Akynyýazow [we başg.] ; red. H. Sapargulyýew. - Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. – 159 s.

    Medeni mirasyň esasy maksady we wezipesi- taryhy mirasgeçerligiň kanunalaýyklygy arkaly täze bilen könäniň, nesildar bilen nesilçiniň, geçen bilen şu günüň baglanyşygyny alamatlandyrmakdan ybaratdyr, ozalky ösüşiň iň gowy zähmet, önümçilik, durmuşy tejribelerini saklap, kabul edip, täze nesil gowşurmakdan, olary täze jemgyýetiň medeniýetini kemala getirmekde, öndürmek we mundan beýläk-de ösüşine şert döretmekde peýdalanmakdan ybarat.

  • Biziň kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar

    Men – bagtly çaga : çagalar baglary üçin okuw gollanmasy / çapa taý. : N. Rejebow, A. Aýnazarowa ; red. B. Orazdurdyýewa ; sur. M. Annamyradowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012. – 145 s.

    Bu ýygynda körpelere niýetlenen goşgular, hekaýalar, halk döredijilik eserleri öz beýanyny tapar. Çagalaryň sözleýşini ösdürmek boýunça şu okuw gollanmasyndan diňe bir çagalar baglary däl eýsem mugallymçylyk mekdepleri-de, ata-eneler peýdalanyp bilerler.

  • Gadamyň rowaç bolsun Türkmen Bedewim!

    2019-njy ýylyň 25-nji aprelinda “Aşgabat” atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlaryna bagyşlap çykaran neşirleri, şeýle-de çeper eserler ýerleşdirildi. Kitapdan daşary öz okyjylarymyz bilen döreden el işlerimiziň görnüşleri hem sergide görkezildi.