Täzelikler/Bildirişler

  • Gökdere jülgesindäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen çäre.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Gökdere jülgesindäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, “Türkmenistanyň goraghanalary”, daşary ýurt döwletleri barada “Seýil edeliň bu jahana” şeýle-de saz öwreniji, alym, kompozitor Uspenskiý Wiktor Aleksandrowiçiň doglan gününiň 140 ýyllygyna bagyşlap, “Türkmen mukamyny dünýä ýaýan ussat” ady bilen söhbetdeşlikler geçirdi. Ol ýerde gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Söhbetdeşlikleriň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

  • “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, dürli söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikleri hem-de göçme kitap sergilerini gurnamak işlerini awgust aýynda hem yzygiderli alyp barýar.
    Çagalar kitaphanamyzyň hünärmenleri 2019-njy ýylyň 2-nji awgustynda “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda bolup, ol ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda türkmen halk ertekileri barada “Geliň, erteki diňläliň”, türkmen saz gurallary barada “Saz eýlese dutar-gyjak” hem-de türkmeniň ak öýleri barada “Ak öý – arzyly hazyna” ady bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Söhbetdeşlikleriň dowamynda hünärmenlerimiz çagalara türkmen halk ertekilerinden şeýle-de daşary ýurt ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Şeýle-de türkmen milli saz gurallary, olaryň aýratynlyklary, ýasalyşy barada kitaplarda berlen gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar. Türkmeniň ak öýleri barada hem täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň gowy dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Gökdere jülgesindäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen “El hünäri – il gezer” atly söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Gökdere jülgesindäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “El hünäri – il gezer” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz çagalara biziň ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz barada gürrüň berdiler. Ol ýerde dynç alýan gyzjagazlar öz başarýan el işlerini başarjaňlyk bilen görkezdiler. Şeýle-de türkmeniň nepis halylary, el keşdeleri, milli nagyşlary baradaky kitaplardan ybarat bolan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Ýene-de şol dynç alyş merkezinde 17-nji iýulda “Türkmen tebigatynyň gözelligi” hem-de haýwanat dünýäsi barada “Biziň kiçijek dostlarymyz” atly çeper okaýyş gurnady. Çäräniň dowamynda ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi baradaky kitaplardan birnäçesini çagalar uly gyzyklanma bilen okadylar. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ol ýerde gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

  • Gökdere jülgesindäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen çäre

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda Gökdere jülgesindäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, türkmen milli oýunlary barada “Halk oýunlary – terbiýe mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen milli oýunlary barada täsirli gürrüňler edildi. Ol oýunlaryň gelip çykyşy, terbiýeçilik ähmiýeti barada hünärmenlerimiz çagalara gürrüň berdiler. Çagalar öz aralarynda “Aýterek - Günterek”, “Küşt” oýunlary boýunça bäsleşdiler. Halk oýunlary barada gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Ýene-de şol ýerde 15-nji iýulda “Türkmen halk dessanlary” şeýle-de “Güneş žurnalynyň sahypalaryndan” ady bilen syn hem-de söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk dessanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Hünärmenlerimiz çagalaryň iň söýgüli neşirleriniň biri bolan “Güneş” žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirilen täsinlikleri, hekaýadyr ertekileri okap berdiler, çagalar tapmaçalardyr matallary uly gyzyklanma bilen çözdüler. Ol ýerde gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
    Söhbetdeşlikleriň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

  • “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, dürli söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikleri hem-de göçme kitap sergilerini gurnamak işlerini iýul aýynda hem yzygiderli alyp barýar.
    Çagalar kitaphanamyzyň hünärmenleri 2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda bolup, ol ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda “Jadyly ertekiler” “Ertekiler ses ýazgysynda” hem-de “A.S.Puşkiniň ertekilerine syýahat” ady bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Söhbetdeşlikleriň dowamynda hünärmenlerimiz çagalara türkmen halk ertekilerinden şeýle-de daşary ýurt ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Çagalar bilen bilelikde gurjaklaryň üsti bilen erteki gahrymanlaryny janlandyrdylar. Kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň gowy dynç almagy, wagtyny gyzykly hem şadyýan geçirmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

  • Okyjy tarapyndan sowgat berilen kitaplar

    Biziň Watanymyz Türkmenistan / red. Ş. Myratgulyýewa, N. Halymowa; sur. : A. Berdiýewa, O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. – 191 s.
    “Biziň Watanymyz Türkmenistan” atly kitap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji synp okuwçylaryna sowgady. Kitap ajaýyp suratlar bilen bezelen. Bu neşiriň içinde Türkmenistan täze Galkynyş eýýamynda, Aşgabat – biziň Watanymyzyň paýtagty, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarymyz hakda, şeýle hem Türkmeniň taryhy we görnükli şahsyýetleri hem-de türkmeniň milli gymmatlyklary ýerleşdirilen.

  • Okyjy tarapyndan sowgat berilen kitaplar

    Horn, Sebastian. Die grosse Monster-Gitarrenschule / H. Horn ; il. N. Maier. – Köln : NGV , 2009. – 112 p.
    Gitarada çalmagy tälimlerini öwredýän bu uly göwrümli kitapda başlangyç gitaraçynyň ilkinji sapaklary gyzykly we owadan bezegi görnüşde beýan edilýär. Gitara çalmagy öwredýän gysga möhletli okuw kursy 30 aýdymdan ybarat.

  • “Medeniýet we sungat - ösüşleriň aýdyň ýoly”

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 25-nji iýunynda Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda boldy. Ol ýerde “Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli “Medeniýet we sungat - ösüşleriň aýdyň ýoly” atly söhbetdeşlik geçirdi. Göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu ýerde dynç alýan çagalar kitaplary uly gyzklanma bilen okadylar. Hünärmenlerimiz bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Ýene-de şol çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde belli rus ýazyjysy hem şahyry A.S.Puşkiniň doglan gününiň 220 ýyllygyna bagyşlap, “Ol ýeriň näbelli ýodalarynda” atly ertirlik geçirildi. Hünärmenlerimiz çagalara tanymal ýazyjynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler. Çagalar ýazyjynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okadylar.

  • Geçirýän çäreler we göçme sergiler

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirdi hem-de türkmen halk ertekilerinden ybarat bolan göçme sergi gurnady. Sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar şeýle-de özara küşt oýnamak boýunça bäsleşdiler.

  • Geçirýän çäreler we göçme sergiler

    Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde yzygiderli çäreleri geçirýär, göçme sergileri gurnaýar. Çagalar kitaphanasy 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda boldy. Göçme sergi gurnady. Hünärmenlerimiz çagalara dürli ertekili kitaplary okap berdiler. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar kitaphanasy ýene-de 13-nji uýunda “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar ýazyjysy Allaberdi Haýydowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli “Tebigatyň goragynda” atly sergi gurnady. Çagalar ussat ýazyjynyň şygyrlaryny uly gyzyklanma bilen okadylar, ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňleri diňlediler.